SIZDEN GELENLER

Gün şöhlesiniň saglyk üçin ähmiýeti

Tomus − bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmak, endamy taplamak üçin iň amatly wagtdyr. Sebäbi ýylyň iň yssy paslynda Gün, howa, suw hammamlaryny kabul etmek, witaminlerdir makro-mikro elementlere baý ter gök we bakja önümlerini , ir-iýmişdir miweleri ýeterlik iýmek üçin mümkinçilikler has köpdür. Gün şöhlesiniň adamyň saglygyna peýdasy uludyr. Onuň peýdaly taraplaryny köpleriň bilmeýän bolmagy-da ahmal. Günüň täsiri bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar. Günüň   täsiri bilen ynsan bedeninde Güneş witamini hasaplanýan D witamini emele gelip, boýuň ösmegine we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde ähmiýeti diýseň uludyr. Käwagtlar tomus paslynyň ýiti Gün şöhlesi adamlarda gün urma hadysasyny emele getirýär. Gün urmadan goranmak üçin ak ýa-da açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, saýawan götermek ýa-da Günden goraýjy äýnekleri dakmak maslahat berilýär.

Gün şöhlesi ýeterlik kabul edilmedik ýagdaýynda bedende melatonin ( uky gormony ) aşa köp, serotonin ( şatlyk gormony ) bolsa gereginden az işlenilip çykarylýar. Netijede, adamyň keýpi gaçýar, ukusy tutýar, myşsalarynda we bogunlarynda agyry döreýär, depressiýa ýüze çykýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin bolsa, her gün irden 10-a çenli, öýlän 6-dan soň gün ýaşmanka 0,5 sagat gezelenç etmek ýeterlikdir.

Ultramelewşe şöhleler bakteriýalara garşy täsire eýedir. Inçekeselde, anginada, öýken sowuklamada, beýleki ýokanç kesellerde, şeýle-de, düwürtikler örende gün hammamlaryny kabul etmek has peýdalydyr.  Günüň aşagynda aşa köp durlanda ganda limfositleriň azalýandygyny, anginanyň, faringitiň, stomatitiň ýitileşýändigini, öňüni alyş sanjymlarynyň täsiriniň gaçýandygyny hem unutmaň!

Gün − görejiň kütelmeginiň, göz torjagazlarynyň kabul etmek ukybynyň peselmeginiň öňüni alýar. Torjagazyň kadaly işlemegi üçin her gün daşarda 20-30 minutlap ( gös-göni gün şöhlesiniň düşýän ýerinde däl-de, eýsem, kölegede ) durmak ýeterlikdir. Gözlere ultramelewşe şöhlesi däl-de, ýagtylyk gerek.

Biz Günsüz oňup bilmeris. Ýöne onuň zeperlendiriji häsiýetiniň bardygyny-da ýatdan çykarmaly däl. Onuň zyýanly täsiri A, B, C şöhlelerden ybarat bolan ultramelewşe şöhleleri arkaly ýüze çykýar.

A-şöhleler. Ýeriň üstüne çenli gelip ýetýän ultramelewşäniň 99 %-ini emele getirýär. Bu şöhleleriň baryp ýetmeýän ýeri azdyr. Olar aýnadan gös-göni, egin-eşikden bolsa kem-käsleýin geçýär. A-şöhleler derini ýakmaýar, ýöne adamyň wagtyndan ir garramygyna welin, uly täsir edýär.

B-şöhleleriň aglaba bölegi ( 90 %-i ) Ýer atmosferasy tarapyndan ýuwdulýar. UTB aýna arkaly geçmeýär diýen ýaly. B-şöhleler D witamininiň işlenilip çykylmagyna itergi berýär. Olar bedeniň güne ýanmagyna, deride ýanygyň döremegine getirip bilýär.

C-şöhleler saglyk üçin iň howply şöhlelerdir. Olar atmosferadan erkin ýagdaýda geçip bilmeýär.

Umuman, ýiti bolmadyk Gün şöhleleri ýeterlik kabul edilende saglygy goramakda, özüňi duýşuňy gowulandyrmakda we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr. Günüň ýiti şöhlesiniň aşagynda adamlara, aýratyn hem çagalara uzak durmak, gezmek, oýnamak hem-de zerurlyk ýüze çykmadyk halatynda irden sagat 11-den öýlän sagat 17-ä çenli aralykda daşaryk çykmak maslahat berilmeýär. Biziň her birimiz Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranmagyň kadalaryny doly we dogry berjaý etmelidiris!

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

 

Idiomalar: Diller dünýäsiniň ajaýyp bir bölegi

 

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury