SÖHBETDEŞLIK

Gülşat Gurdowa: Halkyň hoş owazly bilbili

Türkmen halky şahandaz, medeniýeti söýýän halk. Halkyň medeniýeti söýmekligine şol ugurdan ökde baş çykarýan bagşylar, sazandalar, dessançylar, aýdymçylar sebäp bolupdyr. Çünki şolar aýdym-sazy halka täsir ediji, halkyň aňynda galyjy derejede ýerine ýetirmegi başarypdyrlar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki syýasatynda hem medeniýet ulgamyny ösdürmeklik, medeniýet ulgamynda zähmet çekýän medeniýet işgärlerine goldaw bermeklik aýratyn orunda durýar. Biz hem şeýle aladalary duýup zähmet çekýän aýdymçylaryň biri, şirin owazy bilen köpleri özüne maýyl edýän aýdymçy, Türkmenistanyň halk artisti Gülşat GURDOWA bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty üçin söhbetdeş bolduk.

Hormatly Gülşat Gurdowa! Ilki bilen çakylygymy kabul edip, biziň bilen söhbetdeşlik geçirmäge razylyk berip, redaksiýamyza gelendigiňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan Size uly minnetdarlyk bildirýäris.

Geliň, söhbetdeşligimizi Siziň aýdym-saz dünýäsine gadam goýan ilkinji ýyllaryňyz hakdaky gürrüňden başlalyň…

Dogrusy, men aýdym-saz dünýäsine bir wakaň üsti bilen geldim diýip aýdyp bilemok. Men doglanymda sungat dünýäsinde doguldym diýip bilerin. Sebäbi özüm sungat dünýäsinde işleýän maşgalada dünýä indim. Maşgalamyzda ilki daýzam – Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa, soňra ejem – Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgül Gurdowa sungatda at gazanan, halk arasynda meşhur aýdymçylar. Meniň özüm kiçiligimden Annagül daýzamyň aýdym aýdyşyna syn edýärdim. Ondan soňra ejem aýdym aýtmak ýoluna başlady. Ýöne, ejemiň ýoly has milli ýol. Onuň aýdymlary milli äheňde. Çünki ol, esasan halk aýdymlaryny aýdýar, estrada aýdymlaryny ýerine ýetirende hem biziň milliligimizi saklap ýerine ýetirýär. Ine, şolar aýdym aýdyp ýörensoňlar sungat meniň üçin gündelik bolmalysy ýaly zat bolup galdy. Men hem daýzamyň, hem ejemiň ýanynda bolup, şolaryň aýdymlaryny diňläp ösdüm.

Meniň çagalykda gatnaýan çagalar bagymda her bir baýramçylykda ýörite geçirilýän konsertler, çykyşlar bolýardy. Şol baýramçylyklarda çagalar bagymyzdaky pianino saz guralynyň ýanynda setir-setir edilip goýlan oturgyçlar goýulýardy. Meniň maksadym şol oturgyçlaryň birinjisinde oturmakdy. Çünki şol oturgyçda oturyp, mugallymyň pianino çalşyna arkaýyn tomaşa edip bolýardy. Bir gezek mugallymymyzyň çalan sazyny menem ýerine ýetirjek bolup, pianino basyşym düýnki ýalym ýadymda. Şonda meni synlap duran mugallymym şondaky saz çalmaga bolan söýgimiň bardygyny duýdy. Ol maňa çagalar üçin ýasalan ýörite ýasalan kiçijik pianinony öňümde goýdy-da, şol sazy gaýtalamagymy aýtdy. Menem şol sazy gaýtadan çalyp berdim. Şondan soň deň-duşlaryma hem dürli saz gurallaryny berip, meni hem esasy sazanda – solist hökmünde goýup, konsert bermäge başladylar. Şondan soň mugallymlarym meniň aýdym-saza ukybymyň bardygyny, meni sazçylyk mekdebine ýazdyrmaklaryny ene-atama aýdypdyrlar. Şeýdip, men orta mekdepde okuwa başlanymda sazçylyk mekdebine giriş synaglaryndan geçip, onda hem 1-nji synpa okuwa başladym. Sazçylyk mekdebini tamamlanymdan soň Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebinde teoriýa bölüminde okuwyma dowam etdim. Okuwy tamamlanymdan soň şol wagtky ady bilen Türkmen halk hojalyk institutynyň dolandyryş we halkara aragatnaşyk fakultetine okuwa girdim. Men bu ýokary okuw mekdebine durmuşda diňe aýdym-saz däl-de, beýleki hünär hem gerek bolar diýen maksat bilen girdim.

Okap  ýören döwrümde ýanymyzda bir studiýa ýerleşýärdi. Şol studiýanyň nirede ýerleşýändigini bilenimden soň, her gün sapaklardan soň ýa-da sapaklaryň arasyndaky arakesmede şoňa barýardym. Şol ýerde men halypa aýdymçylar, sazandalar Baýram Taganow, daýzam – Annagül Gurdowa, ejem – Orazgül Gurdowa, Akmuhammet (Akyş) Saparow, Atabaý Çarygulyýew, Nurýagdy Tokgaýew, Leýla Şadurdyýewa, Şirin Alyjanowa ýaly meşhurlaryň konsertlerine tomaşa etmäge barýardym. Ondan soň 7 ýaşymdan başlap teleýaýlyma çykyp, çagalar üçin taýýarlanýan gepleşiklerde aýdym aýdyp başladym.

Umuman aýdanymda, balyk suwuň içinde özüni nähili rahat duýýan bolsa, menem sungatda özümi şeýle rahat duýýaryn.

Sungat ýolunda ýöremek üçin nämeler gerek?

 

Esasy zat özüň bolmaly. Ýagny, sungatda özüňi tapmaly. Meniň özüm Annagül daýzamyň aýdym aýdyşyna syn edip, sazçylyk mekdebinde fortepiano bölüminde okadym. Onuň köp aýdymlaryny ýatdan bilemsoň şol aýdymlardaky sazlary, daýzamyň sesini gaýtalap bilýärdim. Ejemiň hem halk aýdymlaryny aýdyşyny diňläp, şolary aýdýardym. Men şolaryň ikisinden hem biraz alyp, üçünji – öz ýolumy ýasadym. Umuman, aýtjak bolýan zadym: meniň ýerine ýetirýän aýdymymdan mendigimi tanap bolýar.

Sungatda her kim, ilki özüne halypa tutunýar. Ýöne, sungatda özüňi tapmak, öz aýdymlaryňy döredip, şolary ýerine ýetirmek, şeýle hem şolary halka miras edip goýup gitmek gerek. Bu birinji. Ikinjiden, seniň sungatda öz ýoluň, öz adyň bolmaly. Şolaryň netijesinde, halka hyzmat etmek, halkyň alkyşlaryna eýe bolmak gerek diýip pikir edýärin. Emma şol derejä ýeteniňde men-menlik etmeli däl. Gaýtam, tersine, halka hyzmat etmek, halkyň ýüreginde öz ornuňy tapmak, halkyň şatlygyna şatlanyp, gynanjyna gynanyp bilmek gerek. Garaz, jemläp aýtsam sungat ýoluna ýöremek üçin Watanyňa, halkyňa hyzmat etmeli.

Siz ýaşlykdan meşhurlyga höwes etdiňizmi?

Ilki bilen, meşhur bolsaň şol meşhurlygy göterip bilmek gerek. Men meşhur boldum diýip, “ýyldyz” keseline ýolukman, meşhurlygy dogry ulanyp bilmeli. Maňa ýaşlykdan şu zatlar öwredildi. Men eýýäm kiçiligimden meşhur bolandygym üçin, meşhur bolaryn diýip işlemedim, aslynda şonuň ýaly zatlar meniň gapdalymdan “geçip gitdi”. Dogrusy, men şol höwesi eder ýaly maýam bolmady. Çünki men sungat dünýäsinde meşhurlaryň içinde doguldym.

Siz haýsy kärdeşleriňiziň aýdymlaryny diňlemegi halaýarsyňyz?

Men her bir aýdymçynyň (hakyky aýdymçynyň) saýlap alan ýollaryna, olaryň edýän işlerine, çekýän zähmetlerine hormat goýýaryn. Sebäbi olaryň hersiniň öz aýratynlygy bar. Şonuň üçin men ony gowy görýärin, ony halamok diýip bilemok. Dogrymy aýtsam, men olary sazanda hökmünde diňleýärin. Olaryň ýerine ýetirýän aýdymlaryndaky sazlary sazanda hökmünde seljerýärin. Men aýdymy ýönekeý tomaşaçy hökmünde diňläp bilemok. Men şony etmek islesemem, edip bilmeýärin.

Siziň pikiriňizçe, sungat adamsynyň artykmaçlygy hem-de kemçiligi nämede?

Sungat adamsy sada bolmaly, esasan hem YNSAN bolmagy başarmaly, adamkärçiligiňi ýitirmeli däl. Bu onuň artykmaçlygy bolýar. Kemçiligi bolsa, ol özüni beýlekilerden üstün görmegi. Eger ol şuny edäýse, onuň adamkärçiligi gutarýar. Sungat adamsy hiç wagt özüne çäk goýmaýar. Ol bir işi etdimi, indikide ondan-da has gowusyny etjek bolmaly.

Durmuşda üýtgetmek isleýän zadyňyz barmy?

Ýok. Çünki durmuşda bu. Durmuşda şatlanýan pursatlaryňam, gynanýan pursatlaryňam bolýar. Men bularyň ählisini synag hasaplaýaryn. Men şuňa ynanýaryn: her bir gowlugyň yzynda ýamanlyk bar ýa-da her bir ýamanlygyň yzynda gowluk hökman bar (durmuşda bular ak, gara, ak, gara ýa-da gara, ak, gara, ak görnüşinde çalşyp dur). Men şatlananymda beter şatlanmakdan özümi saklaýaryn, başyma “garaňky” günler düşende bolsa, “ýagty” günleriň hökman geljegine ynanyp ýaşaýaryn.

Durmuşda kesirmisiňiz?

Hawa. Ýöne käwagt. Durmuşda bir zady maksat edinsem, şol maksadyma ýetýänçäm kesirlik edýärin. Muňa başgaça tutanýerlilik diýsemem bolýar. Durmuşda öňüňdäki maksatlaryňa ýetmek üçin kesir bolmaklyk gerek diýip hasaplaýaryn.

 Ýekelikden gorkýarsyňyzmy?

Men bu barada hiç wagt oýlanmandyryn. Çünki iki ejemem (Annagül we Orazgül), üçünji ejemem (gaýynenem) köp çagaly bolandyklary üçin men ýeke bolmadym. Sebäbi men hemişe ýanym adamly bolýar. Ýöne, kämahal öz-özüm bilen galasym gelýär. Sungat adamsyna kämahal ýalňyzlyk gerek diýip hem pikir edýärin.

Durmuşda sabyr bilen araňyz nähili?

Men sabyr etmegi indi öwrendim. Sebäbi adam durmuşda her hili ýagdaýlara duçar bolýar. Durmuşda köp zatlar üýtgeýär. Şol özgerişlere döz gelip, sabyr etmegi öwrendim.

Çagalaryňyzyň hem siziň ýoluňyzy dowam etdirmeklerini isleýärsiňizmi?

Men olaryň meniň ýolumy dowam etdirmeklerini isledim. Emma bular biziň islegimiz bilen bolýan zat däl. Çagalarymyň üçüsi sazçylyk mekdebini tamamladylar, dördünji çagam bolsa, sazçylyk mekdebinde okamaga dowam edýär. Men aýdym-sazyň adamy terbiýeleýändigine düşünýärin. Şol sebäpden olaryň hemmesini sazçylyk mekdebinde okatdym. Emma durmuşda öz saýlan ýollaryna gitmeklerini isläp, olaryň saýlawlaryna goşulmadym, goşulmaýaryn.

Durmuşdaky arzuwlaryňyzyň ählisine ýetdiňizmi?

Ýuwaşlyk bilen ýetýärin. Men ýaşlykdan agzybir maşgalaly, köp çagaly bolmagy arzuwlapdym. Hudaýa şükür, agzybir maşgalam we dört sany çagam: iki oglum, iki gyzym bar. Indiki arzuwym hem çagalarymy hem okuwly, bilimli etmek. Ony hem bir-birden amala aşyrýaryn. Ondan soňky arzuwym çagalarymy öý-işikli etmek. Nesip bolsa, ol arzuwyma hem ýeterin.

Sungat size näme öwretdi?

Sungat adamsy bolmak örän kyn zat. Halkyň adamsy bolmak bolsa, ondan beter kyn. Sebäbi halk bilen araňy saklap bilmek, meşhurlygyňy göterip bilmek gerek. Sungat maňa sada bolmagy, haýsy ýaşda bolsaňam, beýlekilerden öwrenmeli zatlarymyň kändigini öwretdi.

Gabanjaňsyňyzmy?

 Indi ýok. Başda belki bardy.

Siz öz döreden aýdymyňyzy başga aýdymçylar ýerine ýetirende näme edýärsiňiz?

Begenýärin. Meniň döreden aýdymymy başgalar ýerine ýetirse, meniň çeken zähmetimiň ýerine düşdi, şol aýdym halkyň arasynda öz ornuny tapdy diýip hasaplaýaryn.

Durmuşdan razysyňyzmy?

Beter razy.

Adamlardan?

Adamlardan närazy bolmaga hakym ýok diýip hasaplaýaryn. Sebäbi her bir adamyň öz düşünjesi, öz ynanjy bar. Emma maňa degişli bolan, meniň häzirki derejäme ýetmekde öz maslahatlaryny, kömeklerini gaýgyrmadyk adamlaryň (kärdeşlerim, ýoldaşym, çagalarym, gaýynenem, baldyzlarym, ejem, daýzam, doganlarym) hemmesinden razy.

Sungata geleniňizden puşman eden wagtyňyz boldumy?

 Hiç wagt. Sungat meniň üçin howa ýaly möhüm.

Kynçylyklardan nähili baş alyp çykdyňyz?

Sabyr etmek arkaly. Wagty öz ugruna goýbermeklik arkaly. Men hiç wagt söweşmedim, çünki mende şol kynçylygy ýeňip geçmekde Allatagala bolan ynamym hemişe boldy.

Siziň artykmaçlygyňyz ýa-da kemçiligiňiz nämede?

          – Men durmuşda örän talapkär. Islendik işde talap ediji men. Men muny artykmaçlykdygyny ýa-da kemçilikdigini bilemok. Men islendik işde bärden gaýdýan zady kabul edip bilemok. Çünki men adamlardan köp zatlara, has gowy zatlara garaşýaryn. Men özümden hem hemişe her zatdan kemçilik tapyp gezýärin.

Durmuşda nämeden gaharlanýarsyňyz?

Işler ýerbe-ýer edilmese gaharlanýaryn. Emma aradan uzak wagt geçmänkä şol gaharym ýazylýar.

Onda näme begendirýär?

Gowy döredilen aýdym, goşgy begendirýär.

Daşary ýurtly aýdymçylaryň aýdymlaryny ýerine ýetirmek aýdymça goşmaça artykmaçlyk berýärmi?

Elbetde. Şol aýdymy ýerine ýetirip bilmekden öňürti ony gowy öwrenip bilmek gerek. Daşary ýurtlarda meşhur bolan aýdymlary ýerine ýetirip bilmek aýdymçynyň ussatlygyny, özüňdäki kemçilikleri açyp görkezýär, sungatda täze ýollary tapmaga ýardam edýär.

Sungatyň çür depesine ýetdim diýip oýlaýarsyňyzmy?

Ýok. Çünki sungatda meniň öwrenmeli zatlarym örän kän.

Täze ösüp gelýän sungat işgärlerinden nähili tamalaryňyz bar?

Badyhowalyga berilmezliklerini, sungatda öz orunlaryny tapmaklaryny, sungatlarynyň uzak wagt dowam etmegini, halkyň aýdymçysy, halkyň sazandasy bolmaklaryny tama edýärin.

Geljekde Sizden nähili täzeliklere garaşyp bileris?

Men häzirki wagtda täze aýdymyň üstünde işleýärin. Geljekde şol aýdyma täze şekilli aýdym çekmegi meýilleşdirýärin. Bu işleýän aýdymym beýleki aýdymlarymdan has tapawutly, has duýguly aýdym.

Meşhurlyk duýgusy nähili?

Jogapkärli. Onda-da örän jogapkärli. Çünki sen meşhur bolup, adamlaryň ýüreginde galan bolsaň, adamlaryň senden edýän talaplaryny ödäp bilmek gerek. Men hemişe yzymdan gowy adamdy, sungatda ussat adamdy diýdirmek üçin öz üstümde işleýärin. Meniň üçin bu wajyp zat.

Tankyda nähili garaýarsyňyz?

Tankyt adama gerekli zat. Sebäbi tankyt arkaly adam kämilleşýär, ösýär.

Diňleýjileriňize aýtmak isleýän zatlaryňyz barmy?

Diňleýjilerimiň janlary sag bolsun. Edýän her bir arzuwlaryna ýetmeklerini arzuw edýärin. Saglykly günlerde toýdur baýramçylyklarda görüşmek nesip etsin.

Söhbetdeşligimizi Siziň ýürek arzuwlaryňyz bilen jemläýeliň

Hormatly Prezidentimiz her bir sungat, medeniýet adamsyna uly sarpa goýup, olara Özüniň goldawyny berýär. Şeýle ajaýyp döwürde işlemäge döredip berýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýaryn! Ýetip gelen 2022-nji ýyl bilenem hem hormatly Prezidentimizi, hem bütin türkmen halkyny tüýs ýüregimden gutlaýaryn! Täze ýyl her bir türkmen maşgalasyna saglyk, şatlyk, bereket getirsin!

Sag boluň! Arzuwlaryňyz amala aşsyn! Siziň bilen şunuň ýaly süýji günlerde didarlaşmak nesip etsin! Işleriňizde mundan-da uly üstünlikler gazanmagyňyzy (diňleýjiňiz hökmünde) tüýs ýürekden arzuw edýärin! Täze ýyl Siziň üçin hem, maşgalaňyz üçin hem ýatdan çykmajak şatlykly, düşümli ýyllaryň biri bolsun! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

 

Söhbetdeş bolan  Maksat  TAGANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

 žurnalistika hünäriniň talyby.

Ýylyň parlak ýyldyzy-2021 :Begenç Çaryýew bilen söhbetdeşlik

 

 

 

 

 

 

 

Annagül Gurdowa: Geçmişden geljege ýaňlanan öçmejek owaz

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda