SIZDEN GELENLER

Görüş ýady türgenleşdirmekde Walter Şulteniň tablisasy

Üns diýen zat bolmasa bu dünýä aň ýetirip bolmajagy hemme kime mälimdir. Islendik bir hereket  üns jemlemek, obýektiň ýagdaýynyň, häsiýetiniň seljermesi esasynda amala aşyrylýar. Ünsi kämilleşdirmegiň iň meşhur usullarynyň biri, biziň oýnaýan oýunlarymyzyň esasy bolan Şulteniň Tablisasydyr. Bu oýun usulyýetiniň kagyz hem-de onlaýn görnüşleri bardyr.

“Sanlary tapmak” ýa-da başgaça “Şulteniň tablisasy” nemes psihiatry we psihoterapewti Walter Şulte (1910-1972) tarapyndan, ilki bilen  ünsüň häsiýetlerini öwrenmek üçin psiho-diagnostik test hökmünde döredilipdir.

Ilkibaşda nusga inžener psihologiýasynda görüş babatynda agtaryş ulgamynyň netijeliligine we tizligine baha bermek üçin ulanylypdyr.  Bu usul gurluşy boýunça 25 sany öýjükden ybarat bolan tablisany ýa-da matrisany emele getirýär. Her öýjükde 1-den 25-e çenli tötänleýin tertipde ýerleşdirilen sanlar durýar. Bu oýunyň maksady 1-den 25-e çenli ýa-da 25-den 1-e çenli  sanlary dogry yzygiderlikde tiz wagtyň içinde tapmakdyr.

Bu oýun ähli ýaşalar üçin hem ulanylyp bilinýär. Türgenleşmäniň esasynda gyzykly netijeler kemala gelýär. Ilkinji nobatda bu adamyň esasy ünsüni kämilleşdirýär. Ondan başga-da ol adamyň görüş ýadynyň güýçlenmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Şulteniň tablisasy şol bir wagtda birnäçe obýektlerde ünsüňi saklamak ukybyny hem kämilleşdirýär.

Atajan ROZYBAÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň 

Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby.

 

Şäheriçi awtobus ugurlary: Haýsy ugurlar hereket edýär?

 

 

Ýene-de okaň

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri

Ajaýyp zamananyň bagtly nesilleri

Ata Watan Eserleri

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Ata Watan Eserleri