SIZDEN GELENLER

Görkana Nowruz ýaýlasy – Bitaraplygyň aýnasy

Milli Bahar baýramynyň gelmegi bilen, gyşyň sowuk aýazlaryndan ýaňa ýygrylan, uzyn gijelerden ýadap birneme tukatlanan adamlar ýagty hem dury asmana, güneşiň tene ýakymly şöhlelerine, tebigatdaky oýanyşy garşy alýarlar. Şu pursat ynsanyýetiň kalbynda-da, ruhyýetinde-de ajaýyp bir ruhubelentlik, keýpiköklük, hoşniýetli dostluk, beýik ynsanperwerlik ýaly diýseň üýtgeşik gylyk-häsiýetleri peýda bolýar. Çünki, bahar paslynyň jana tenekar täsin howasynyň, ýap-ýaşyl bagy-bossanlyga bürelen owadan keşbiniň, baglarda saýraşýan guşlaryň gulaga ýakymly mylaýym owazynyň ynsan ruhuny parahatçylyk ýalkymy bilen gurşap almaklygy, olarda şeýle ajaýyp hüý-häsiýetleri emele getirýär. Diýmek, Milli Bahar baýramy bolan Nowruz güni dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligiň, asuda hem rahat durmuşyň yşaratyny alamatlandyrýan parahatçylygyň pederlerden miras galan gadymy baýramydyr. Nowruz baýramynyň umumadamzadyň içki dünýäsinde döredýän bu ajaýyp ruhy alamatlary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň milli ýörelgelerine hem gabat gelýär. 

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz özüniň: «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp kitabynda mukaddes Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň dost-doganlyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, beýik ynsanperwerlik, ýaşaýyş durmuşynyň rahat hem parahat halyny berkarar etmek, umumadamzat howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly milli ýol-ýörelgeleriniň milletbaşymyz Oguz han Türkmeniň pähim-parasada ýugrulan akyl-paýhas akabasyndan gözbaş alýandygyny örän jaýdar beýan edýär[1]. Ýeri gelende aýtsaň, baky Bitaraplygymyzyň milli ýörelgeleriniň Oguz han atamyzyň oňyn öwüt-ündew wesýetlerinden gözbaş alşy ýaly, Nowruz baýramyny hem biziň halkymyz Oguz han atamyzyň döwründen bäri belläp gelipdirler[2]. Bu ajaýyp şanly senäniň b. e. öňki II müňýyllygyň başlarynda  otpazarçylyk dininiň dörän ýeri bolan Marguş döwletinde-de[3] bellenilendigi barada «Awesta” kitabynda agzalýar[4].

 Nowruz baýramynyň süňňüňi düzýän parahatçylyk mazmunly oňyn garaýyşlar Göktürkmenleriniň durmuşyndan söhbet açýan gadymy oguz-türkmen edebi mirasy bolan «Ergenekon» dessanynda-da[5] öz beýanyny tapypdyr. Bu dessanda beýan edilişine görä, parahat durmuşyň hatyrasyna Ergenekona göç eden Göktürkmenleri bu ýerde 400 ýyldan gowrak wagt ýaşanlaryndan soň, halky hem mallary köpelip, oturan mekanlary darlyk edipdir hem-de ilatynyň arasynda oňşuksyzlygy döredipdir. Şonuň üçin hem, olar ýene-de ilatynyň parahat durmuşynyň hatyrasyna belent dagyň demir gaýasyny eredip, 21-nji martda – Nowruz gününde Ergenekondan daşyna çykypdyrlar. Göktürkmenleri Ergenekondan daşyna çykan günleriniň Nowruz gününe gabat gelendigine garamazdan, ony ýene bir şanly sene bilen utgaşdyryp, täze gün – nowruz[6],  ýagny «Azatlyk hem parahatçylyk güni» – «Ergenekon» baýramy diýip atlandyrypdyrlar. Bu baýramyň ýyl gaýtalanmasynda bolsa, olar özleriniň kalendar hasaplaryny ozalkylary ýaly ýöretmeklik bilen, milli Nowruz günlerini ýagny ýyl çalşyş – Täze ýyl baýramlaryny hem-de täze «Azatlyk we parahatçylyk günleri» bolan «Ergenekon» baýramlaryny goşa baýram, goşa toý hökmünde belläpdirler. Şeýlelik bilen, Göktürkmenleriniň şondan soňraky ýyllarda bellän ýyl çalşyş günleri-de –  Nowruz baýramlary-da   «Azatlyk hem parahatçylyk güni» bolan  Ergenekon baýramy bilen  utgaşdyrylyp bellenipdir[7]. Soňabaka bolsa, goşa toý hökmünde dabaralandyrylan bu şanly senelerden «Nowruz» baýramynyň  ady Göktürkmenleriniň halkynyň arasynda has ýörgünli bolup, onuň «Ergenekon» ýagny «Azatlyk hem parahatçylyk» mazmuny täze ýyl gününiň özenine siňdirilip, nesillere miras galdyrylypdyr.

Nowruzyň parahatçylyk, dost-doganlyk, beýik ynsanperwerlik, hoşniýetli gatnaşyk ýaly oňyn garaýyşly mazmunyna  orta asyr türkmen söz ussatlarynyň döredijiliginde – Abulkasym Firdöwsiniň «Şanama» , Ýusup Balasagunlynyň «Bagt getiriji bilim»[8], Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany», Nyzamylmülküň «Syýasatnama», Omar Haýýamyň «Nowruznama», Reýhan Birunynyň «Gadymky halklardan galan ýadygärlikler», Alyşir Nowaýynyň  «Leýli – Mejnun»[9] eserlerinde gabat gelmeklik bolýar. Bu gadymy edebi miraslarymyzda beýan edilişine görä, eždatlarymyzyň amal eden şemsi ýyl hasaby boýunça Hamal ýylyň birinji aýy hasaplanypdyr. Ol bolsa, hut Nowruzdan – 21-nji martdan başlanypdyr. Şu sebäpli hem halkymyzyň «Hamal girdi – amal girdi» diýen parasaty aýtgysy döräp, atalar sözüne öwrülipdir. Diýmek, Nowruz gününden başlap ene tebigatdaky ähli barlykda – janly-jandarlarda we ösümliklerde oýanyş, täzeleniş, ösüş-ulalyş, ajaýyp bir tebigy ýagdaý, içki galkynyş ýüze çykýar. Mukaddes ene topragymyzda uklap ýatan tohumlar, kökler, pyntyklar güneşiň maýyl şöhlelerinden güýç alyp herekete – janlanmaga howlugýarlar. Dek düýnüň özünde garalyp duran dürli görnüşli miweli baglaryň şahalarynyň birden güle bürenendigini, ýaplaryň boýlarynyň bolsa ýap-ýaşyl ot-çöpler bilen örtülendigini duýman galýarys. Bahar paslynyň Nowruz günündäki şular ýaly ajaýyp tebigatynda türkmen gelin-gyzlary milli halk döredijilik eserlerimiziň bir görnüşi bolan monjugatdylary döredipdirler[10]. Monjugatdylar türkmen gelin-gyzlary tarapyndan her ýyl Nowruzda – gadymy türkmen senenamasy boýunça ýyl çalşygynda ýerine ýetirilensoň, oňa kalendar şygryýeti hem diýlipdir[11]. Gadymy döwürlerde gelinler hem gyzlar ýyl çalşygynda – Nowruzda aýdylýan monjugatdy setirleriniň üsti bilen  özleriniň urşa giden söwer ýarlarynyň sag-aman dolanyp gelip, öz ýanlarynda bolmaklygyny, indi ýow gaýtarmaga gitmez ýaly ýetip gelen täze ýyldan – Nowruzdan başlap, parahat hem rahat durmuşyň höküm sürmekligini, gaýdyp uruş turmaz ýaly adamlaryň birek-birege hoşniýetli garaýyşda bolmaklaryny arzuw edipdirler. Diýmek, gadymy döwürlerde Nowruz baýramy mynasybetli monjugatdy aýdan ene-mamalarymyzyň täze ýyl arzuwynda ýurdumyzyň häzirki zaman baky Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmun özenini düzýän oňyn garaýyşlar öz beýanyny tapypdyr. Hut şu nukdaýnazardan-da, Nowruz – türkmen milletiniň iň gadymy döwürlerden bäri tutuş halk bolup, parahatçylygy we hoşniýetli hyzmatdaşlygy ündeýji uly dabaralara besläp belläp geçýän iň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Gyş ukusyndan oýanan ýeriň janlanyp, bütin türkmen ýaýlasyny ýap-ýaşyl begrese bürän, agaçlaryň pyntyklap, daş-töweregi bagy-bossanlyga öwren, gije bilen gündiziň bolsa örän takyk deňleşen pillesinde bellenilýän bu ajaýyp baýramçylyga gadymy türkmen halky säher çagynda saýraşýan guşlaryň jürküldisiniň parahatçylyk mukamy bolup daň saz beren mahaly özleriniň “Nowruz” bilen baglanyşykly milli däp-dessurlary, yrym-ynançlary bilen başlapdyrlar. Olar Nowruz gününi esasan ýaýlalarda garşy almaklyk bilen, ýaz paslynyň ajaýyp peýzažyna   asuda durmuşyň, parahat ýaşaýşyň, eşretli kysmatyň özboluşly bir yşaraty hökmünde garap, şu hili bagtly täleýe bahar baýramynda ýerine ýetirilýän milli yrym-ynançlar arkaly ýetip boljakdygyna ynanypdyrlar. Nowruzda doglan çagany bagtly çaga hasaplapdyrlar. Şeýle hem, biziň halkymyz bahar paslynyň täsin tebigatynyň ajaýyp durkyndaky dürli görnüşinden – howa ýagdaýyndan, tebigy täsirinden geljek ýylyň rysgal-bereketli, bolelin halda boljakdygyny, parahat hem rahat durmuşyň höküm sürjekdigini, ynsanlaryň hoşniýetli hyzmatdaşlyga meýil bildirjekdigini milli yrymlarymyzyň esasynda aňlap bilipdirler[12]. Munuň özi bolsa, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň milli däp-dessurlarymyzdan, şol sanda “Nowruz” baýramy bilen baglanyşykly urp-adatlarymyzdan gözbaş alýandygyny görkezýär. Çünki, biziň türkmen halkymyz milletbaşymyz Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza, urp-adatlarymyza, medeni we edebi mirasymyza aýratyn gadyr-gymmat goýup, ony iş ýüzünde amal edýän diýseň beýik halkdyr. Heniz ýurt Garaşsyzlygyny almanka, Türkmenistanyň Hökümeti özüniň 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda eýe bolan Döwlet Özygtyýarlygy hakyndaky jarnamasynyň 14-nji, 15-nji bölegine laýyklykda[13] gadymy baýramy bolan Nowruz gününi türkmen iliniň ählihalk milli baýramy hökmünde her ýylyň 21-22-nji martynda belläp geçmeklik baradaky ýörite Permanyny 1991-nji ýylyň 27-nji fewralynda[14] çykardy. Bu Permana laýyklykda biziň halkymyz özüniň gadymy Milli Bahar baýramy bolan Nowruz gününi ilkinji gezek 1991-nji ýylyň 21-22-nji martynda belläp geçdi. 

Ata-babalarymyzdan miras galan bu şanly senäni biziň halkymyz beýleki Gündogar halklaryndan tapawutlylykda iki gün – her ýylyň 21-22-nji martynda döwlet tarapyndan baýramçylyk dynç güni hökmünde berilýän zähmet rugsadynyň esasynda uly şatlyk-şowhuna besläp belläp geçýär. Bu kada biziň ýurdumyzda kanuny esasda, ýagny Milli Parlamentimiz tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulynda güýje giren Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň esasynda hukuk taýdan berkidildi. Ady agzalan kodeksiň bu maddasyna laýyklykda, eger Nowruz baýramy mynasybetli berilýän baýramçylyk dynç gününiň haýsy hem bolsa bir güni ýekşenbe gününe düşäýen ýagdaýynda-da, şol ýekşenbe gününiň ertesi kanun esasynda baýramçylyk dynç güni hasaplanylýar. Munuň özi bolsa, “Döwlet adam üçindir” diýen ajaýyp şygary esaslandyran Gahryman Arkadagymyzyň Bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşynyň hözirini görýän halkymyzyň rahat dynç almagy üçin döredýän ajaýyp şertleriniň biridir.

Ýeri gelende aýtsak, Milli Bahar baýramy barada çuňňur hormatlanylýan mähriban Prezidentimiziň: “Nowruz parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, ynsanperwerlik, döredijilik gymmatlyklaryny özünde jemleýän, tebigatyň täzelenişini we bahar paslynyň ajaýyplygyny alamatlandyrýan halkara baýramdyr.”[15] – diýip örän jaýdar bellemeginiň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, ata-babalarymyzyň milli gymmatlyklaryna, edebi we medeni mirasyna, däp-dessurlaryna çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň bu gadymy baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda 24 döwletiň goldamagynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň biziň ýurdumyz bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň netijesinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny goldap teklip etmegi bilen her ýylyň 21-nji martyny halkara Nowruz güni diýip, yglan etmeklik barada ýörite Rezolýusiýa kabul edildi. Milli Liderimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetini hem bähbitini nazarlaýan öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde goldanylan bu Rezolýusiýa laýyklykda Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde taryha girdi. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda bu ajaýyp baýramçylygy dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen myhmanlarymyz bilen  Nowruz ýaýlasyndaky Ak öý binasynda we onuň töwereginde uly şatlyk-şowhuna besläp belläp geçmeklik, biziň halkymyz üçin indi birnäçe ýyldan bäri özboluşly bir milli däbe öwrüldi.  Nowruz ýaýlasynyň Ak öý binasynyň ýanynda döredilen “Dostluk” ýadygärligi bolsa, ýurdumyzda giň mähelleli toý-şagalaňynyň esasynda dabaralandyrylýan Nowruz baýramynyň baky Bitaraplygymyzyň parahatçylyk we hoşniýetli dostluk taglymlarynyň özboluşly bir yşaratydygyny alamatlandyrýar. Soňky ýyllarda Milli Bahar baýramy bolan halkara Nowruz gününde ýazky bag ekiş möwsüminiň geçirilmeginiň özboluşly bir däbe öwrülmeginiň esasynda  milletbaşymyz Oguz han atamyzdan gaýdýan milli ýörelge ýatandyr. Çünki, Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen her ýylyň Nowruz gününde öz ýigitlerine bag ekmekligi tabşyrypdyr[16]. Oguz han atamyzyň Nowruz gününde bag ekmeklik baradaky bu mukaddes taglymy öz nesilleriniň nusgalyk amaly mekdebine öwrülipdir[17]. 5000 ýyllyk geçmiş taryhymyzyň baý urp-adatlaryna, milli gymmatlyklaryna çuňňur hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz Oguz han atamyzyň bag ekmek baradaky bu ajaýyp ýörelgesini häzirki döwrümiziň ruhuna laýyklykda ýola goýmagynyň özünde diýseň uly many bardyr. Çünki, Halkara Nowruz gününde geçirilýän bag ekmek boýunça ählihalk bag ekmek dabarasy mukaddes Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmeklikde, türkmen tebigatyny gözümiziň göreji deýin aýawly saklamakda  ýurdumyzyň Bitarap döwlet hökmünde BMG-niň çäklerinde  öňe sürýän daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky oňyn başlangyçlarynyň, alyp barýan beýik işleriniň bütindünýä ykrarnamasydyr. 

 

Toýly JÄNÄDOW, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.

[1] Gurbanguly Berdimuhamedow. Mertler Watany beýgeldýär. – A: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. 233-nji hem-de 263-nji sahypalar

[2] Begmyrat Gereý. Oguz han eýýamy. 5000 ýyllyk türkmen-sumer gatnaşyklary. Berlin. 2007.  62-nji – 77-nji sahyplar.

[3] A. Gubaýew, Ý. Orazgylyjow, T. Sahydow. Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli). Ýokary okuw mekdepleriniň taryh                

   hünäriniň   talyplary üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, 2010. 126-njy sahypa

[4] Türkmen Arhiwi. Awesta. 2007. 32-nji sahypa.

[5] Ataýew K. Oguz dessanlary. Orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. TDNG. – A.: 2013. 28 sah.

[6] Meredow A., Ahally S. Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi. – A.: Türkmenistan, 1988. 276-njy sahypa

[7] Ataýew K. Oguz dessanlary. Orta we ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. TDNG. – A.: 2013. 30 sah.

[8] A.Mämmetjumaýew, A.Täjimow, Ş.Geldimämmedowa, G. Annaýewa. Gadym türkmen edebiýaty (orta asyrlar). Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. – A.: TDNG, 2010. 85-nji sahypa.

[9] A.Mämmetjumaýew, A.Täjimow, Ş.Geldimämmedowa, G. Annaýewa. Gadym türkmen edebiýaty (orta asyrlar). Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw gollanmasy. – A.: TDNG, 2010. 14-nji sahypa.

[10]H. Goçmyradow.Türkmen halk döredijiligi. Türkmenistanyň ýokary mekdepleriniň türkmen dili we edebiýaty hünäri üçin okuw kitaby – A.: TDNG. 2010.  31-nji sahypa.

[11] Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiligi. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet «Miras» merkezi, 2005, 200-nji sahypa.

[12] Türkmen halk yrym-ynançlary. Çapa taýýarlan Gurbanjemal Ylýasowa. – A.: Türkmenistanyň milli medeniýet “Miras” merkezi, 2005. 123-125-nji sahypalar.

[13] Türkmenistanyň taryhy boýunça hrestomatiýa. “Ylym” neşirýaty. A.: 1992. 434-nji sahypa.

[14] Garaşsyzlygyň ynamly gadamlary 1990 – 1991-nji ýyllar. I tom. “Ylym” neşirýaty. A.: 1996. 78-nji sahypa.

[15] Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. XI tom. TDNG. – A.: 2018. 343-nji sahypa.

[16] Begmyrat Gereý. Oguz han eýýamy. 5000 ýyllyk türkmen-sumer gatnaşyklary. Berlin. 2007.  16 – 31-nji sahyplar.

[17] A. Gubaýew, Ý. Orazgylyjow, T. Sahydow. Türkmenistanyň taryhy (iň gadymy döwürden VII asyra çenli). Ýokary okuw mekdepleriniň taryh               

   hünäriniň   talyplary üçin synag okuw kitaby. Aşgabat, 2010. 96 – 105-nji sahypalar

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury