TEHNOLOGIÝA

“Google”-de iň köp gözlenilen sözler

“Google” gözleg hyzmaty, soňky bir ýylda internetde iň meşhur soraglaryň sanawyny düzdi. Elbetde, ulanyjylar köplenç koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly maglumatlary gözläpdirler. “Google” gözleg hyzmaty metbugat gullugynda iň meşhur soraglar dürli kategoriýalarda ýygnalýar diýip habar berýär.

Gözleg hyzmaty Türkiýe we dünýäde 2020-nji ýylda iň köp gözlenen “Google” gözlegi mälim edildi. Gözlegiň netijelerine görä, Türkiýäniň umumy gözleg netijeleri ilkinji üç kategoriýasyna “EBA”, “Dollar” we “Koronawirus” sözleri boldy. Ýer titreme sözi dördünji orunda ýerleşdi. Umuman aýdanymyzda koronawirus sözi 2020-nji ýylda dünýäde iň köp gözledilen söz boldy.

Dünýä naharlaryň kategoriýasynda türk çöregi 2-nji orunda, lahmajun nahary bolsa 5-nji orunda ýerleşdi. Şeýle hem adamlar köplenç ýer alma ekmek, ys duýgusyny nädip dikeltmek, gorag örtüklerini we maýonez ýasamak bilen hem gyzyklanypdyrlar.

2020-nji ýylda Google-da iň köp gözlenen sözler

“EBA” – kurs ýaýlymy

“Dollar, TL pul birligi näçe”

“Koronawirus”

“Ýer titreme”

“Zoom”

“Durmuş öýde has oňaýly belgisi”

“Ýola çykmak gadaganlygy”

“Saglygy goraýyş ministrligi”

“ABŞ prezident saýlawlary”

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň ylmy-barlag merkezlerini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara innowasion forumyna gatnaşdy

“Toyota” satuw boýunça rekord goýdy