TEHNOLOGIÝA

Howadan göwher çöplär

Angliýanyň «Ecotricty» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Deýl Wins howadan pul gazanmagyň täze ýoluny tapdy ― diýlip, iňlis metbugatynda aýdylýar.

Onuň taýýarlan taslamasy «Sky Dimonds» diýlip atlandyrylýar. Multimillioneriň pikirine görä, ekologiýa taýdan arassa we has owadan sintetik göwheri taýýarlap boljak. Munuň üçin zerur birleşmeler bolsa asmandan göni Winsiň eline düşýär. 

Has takygy, sintetiki göwheriň çig maly uglerod gazynyň galyndylarydyr. Ýagny, awtoulaglaryň galyndy gazlary. Dogry, şeýle gazlar häzir Ýer ýüzüniň howasyny hapalaýar. Deýl Wins bolsa olardan ýel we Gün energiýasynyň kömegi bilen göwher almakçy.

Munuň üçin ol buguň çökündisi himiki tehnologiýalaryň üsti bilen gaýtadan işleýär. Bugdan alnan «göwher tohumlary» Gün ýa-da ýel energiýasy bilen 800 derejede gyzdyrylýar. Şondan soň tohum «hasyl berip», göwher alynýar. Täsin tarapy, sintetiki göwheriň hili magdan känlerinden alnan tebigy göwherden birjik-de pes däl.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar