SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Germaniýada syýahatçylygyň ähmiýeti

Germaniýa Federatiw Respublikasy dünýäniň iň köp syýahat edilýän öňdebaryjy ýurtlarynyň biridir.  Dünýäniň ençeme ýurdundan daşary ýurtly syýahatçylary kabul edýän Germaniýanyň şol bir wagtda öz raýatlarynyň hem öz ýurdunyň çäginde we  daşary ýurtlara gezelenç etmegi halaýandygyny bellemek gerek.  German raýatlarynyň 30% -den gowragy dynç alyşlaryny öz ýurtlarynda geçirýärler. Syýahat we syýahatçylyk bäsdeşlik ukyby hasabatyna görä, Germaniýa dünýädäki iň howpsuz syýahat edilýän merkezleriniň biri hökmünde baha berilýär.

Mälim bolşy ýaly, Germaniýa Federatiw Respublikasy ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň biridir. Galyberse-de, dünýäniň we Ýewropanyň bu babatda öňdäki ýurdudyr. Senagat we tehnologiýa babatda ösen ýurtda syýahatçylyk pudagynyň hem orny uludyr. Käbir ykdysady görkezijilere görä, syýahatçylyk pudagynyň maşyngurluşyk pudagyndan hem öňe saýlanýandygy mälim edilýär.

GERMANIÝANY SYÝAHAT ETMEK ÜÇIN KÄBIR SEBÄPLER:

Germaniýany gezelenç etmek üçin birnäçe sebäp bar. Olaryň arasynda täsin medeniýeti we janly şäherleri (ýewropaly syýahatçylar köpräk Berlin, Mýunhen we Gamburg şäherilerini syýahat etmegi halaýarlar) bar. Halkara syýahatçylyk sergileri babatda hem Germaniýada öňdeligi eýeleýär. Dünýäniň her künjeginden işewürler bu sergilere gatnaşýarlar. Yzygiderli uly gyzyklanma döredýän we gatnaşyjy sany köpelýän bu sergiler ykdysady taýdan möhüm ugra öwrüldi. Ýurtda 3 milliona golaý adam bu pudakda zähmet çekýär.

Bawariýanyň galalaryndan we orta asyr obalaryndan Reýn jülgesiniň ÝUNESKO sanawynda ýerleşýän landşaftlaryna we Berliniň köp gatly ýadygärliklerine çenli Germaniýanyň köp keşbi bar. Köln, Frankfurt we Gamburg ýaly şäherler Ýewropanyň iň ajaýyp medeni merkezleriniň hataryna girýär.

Ýene-de okaň

66 ýaşynda 10-njy çagasyny dünýä inderdi

Türkıýe – gepleşıklerıñ we gıň gerımlı çärelerıň geçırılýän mekany

Aşgabat-Deli ugry boýunça goşmaça gatnawlar guralar

Türkiýe 2025-nji ýylda syýahatçylykdan 64 milliard dollar girdejä garaşýar

Azerbaýjanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Moskwa rejeli gatnawlaryň togtadylmagy dowam edýär