HEKAÝALAR

Gelinsusan (hekaýa)

Gürrüň «Kerwengyran» ýyldyzynyň döreýşi barada. Şonuň ýalam niçeme ýyllar geçse-de pygamber hasasynyň yzynyň ýitip gitmeýşi barada. Derwüşiň ýagşy dilegi hemem bäbejik hakynda. Bu gürrüň hasratlam bolsa, gürrüň bereniňe degýän gürrüň. Şoň üçin geliň ony başyndan başlalyň.

***

Kerbelanyň çölünden gaýdan agyr kerwen agras ädimlerini haýallyk bilen ätläp şol öňe gidip otyr. Oň ýüzi Ürgenje tarap. Ýagşylykdan başga hiç zadyň aladasyny etmän kerwen aman-sag Şährislama gelýär.

Şähryslamda düşlän kerwen, asmandaky ýyldyzlar peýda bolandan ýene ýola düşýär. Tomsuna kerwen ýyldyzlary özüne çelgi edinip diňe gijelik bilen ýol aşýar.

Bu gezegem şeýle bolýar. Ýöne kerwenbaşy «Daňýyldyzynyň» öňüne düşüp görnen edil şoňa meňzeş şöhlezar ýyldyza Daňýyldyzydr öýdüp ýola düşýär. Ine şu ýerde-de uly ýalňyşlyk ýüze çykýar. Gijelik bolansoň ol düşlemeli guýysynyň duşundan geçip gidýär.

Haçan-da Daňýyldyzy asmana galanda ol özüniň ýalňyşandygyny onda-da, gaty ýalňyşandygyny bilýär. Ýöne ol eýýäm giç bolýar. Inniki guýa haçan ýetiljek… Hemmeleriň gözi suwly meşiklerde.

Kerwen bilen heniz ýaşmakdanam çykmadyk bir gelinem gelýän eken. Golunda-da, suw ýaly bäbejigi. Haçanda meşikdäki suw deň-derman paýlananda, geline-de bir paý suw berilýär. Şonda gelin bu bölünişikden närza bolup, ýaşmak astyndan pyşyrdaýar.

– Maňa iki paý beriň, bäbejigimem bar. Suwy köpüräk içmesem göwsüme süýt inmez…

Gelniň sözi diňlenmeýär. Şeýdip yra-dara bilen üç gün ýaşalýar. Ýene üç gün geçenden soň kerweniň adamlary paýawlap başlaýar. Iň soňunda bäbejigi bilen gelin galýar. Ine, şu ýerde-de, ýeneki gudratlaryň döreýşi ýaly ýene bir täsin gudrat döreýär.

Gelin bäbejigini ýanap ýatyşyna uka gidýär. Şol wagtam oň gulagyna şeýle ses eşidilýär.

– Gelin, azajyk ýöreseň içi daşlyrak goluň üstünden bararsyň. Goluň oty-çöpi bitginlidir. Öserleri asmana galygýandyr. Sen olara üns berme-de, goluň ogurjasyndaky uly sözeniň aşagyny gaz… O ýerde ýedi sany sözen gögerip oturandyr. Sen oň altynjysy bilen işiň bolman, ýedinji sözeni tap-da şoň aşagyny köwle…

Gelin uklap ýatan bäbejigini oýarman azajyk ýörese, dogrudanam daşlyrak gol bar eken. Özem aýdylyşy ýaly oty bitginlimiş. Öserlerem asmana garaýar diýýär. Gelin töweregine göz aýlasa ýedi sany sözenem gögerip oturan eken. Ol aýdylyşy ýaly ýedinji sözeniň aşagyny gazýar welin gudrat, tirsek boýy gazandan, ilki öl çäge, soňam börňülläp suw çykýar. Özem bu guýy şeýle bir golaýda eken weli, gelin susup alybermelimişin.

Gelin bäbejigini gandyrmak üçin bir okara suwy bäbejiginiň agzyna tutduranda, çybşylly eşidilýär. Ol gaňrylyp seretse, saçy ennamyna ýelmeşip giden derwüş durmyşyn. Ol suwsuzlykdan ýaňa golundaky hasasynam göterip bilmän ony süýräp gelýän eken.

Gelin bäbejigine berjek suwuny garry derwüşe uzadýar.

– Atam, teşnelikden ýaňa, sen hümmet hasaňa-da daýanyp bilmeýän ekeniň. Al, teşneligiňi gandyr…

Derwüş hödürlenen suwy içýär. Gelinem, bäbejigem suwdan ganýar. Soň olar özlerini mazaly dürsänlerindn soň, garry derwüş ýola düşmek bilen bolýar.

Gelin oňa şeýle diýýär.

 – Atam, menem bir gara aşar ýaly edeweri…

– Men hasamy süýräp giderin, oň yzy hiç haçan ýitmez. Şo-da seni ile-güne gowşurar…

Garry derwüş gidýä. Gelnem bäbejigi bilen aman-sag gara gowuşýar. Ýöne gürrüň munuň bilen gutarmaýar. Aýlar geçýär, ýyllar geçýär. Gelinsusan guýynyň gürrüňem agyzdan-agza geçip il içine ýaýraýar.

Bu gürrüňi bir päliýaman adam eşidip, şo ýerde birneme gazanç edip bolar diýen niýet bilen goşy-golamy bilen şo ýere barýar. Görse ak çägäniň ýüzünde päkize suz ýaldyrap ýatanmyş. Özem oňa gowa-da gerek däl, urganam. Näçe diýseň susup alybermeli. Egsiler gümäny ýok.

Soň ol garapygylly adam mekan tutup, suw sorandan paç alyp ugraýar. Bir owurt suw pylança, bir susak suw pylança. Muňa kim gargyş edýär, kimem çöl-beýewanyň içinde garasuwyň satylyşyna – nyrh kesilişine haýran galýar.

Bir günem hakykaty soraglap ýören uly dünýäniň bendiwany – garry derwüşiň ýoly şol guýynyň – tanyş guýusyynyň üstünden düşýär. Päliýaman adam betbagt çöl-beýewanyň içinde bir owurt suwuna nyrh kesýär. Derwüş pahyr bu turşusy depesine çykan adama haýran galyp şeý diýýär.

– Meň dünýede ýagşy dileglerimden başga hiç zadym ýok…

Muňa oýurganan suw eýesi şeýle diýýär.

– Ýagşy derwüş, sen onda meň döwletimiň armagy üçin ýagşy dileg et.

Derwüş ýüzüni asmana tutýar-da, iki elini galdyryp şeý diýýär.

– Hudaýyň bendesi, saňa iň ýagşy dileg çaltrap bi dünýeden gitmekdir…

Päli ýaman kişi gaharlanýar.

– Derwüş betbagt, men saňa ýagşy dileg et diýdim, sen bolsa meň uzak ýaşamazlygymy isleýäň…

Garry derwüş darykmaýar.

– Sen näçe köp ýaşasaň şonça-da köp günä gazanýaň, şoň üçin iň ýagşy dileg çaltak panydan gitmegiňdir…

Derwüş şeý diýip öz ýoluna gidýär. Ine, şu ýerde-de ýene bir gudrat ýüze çykýar. Guýynyň suwy kem-kemden pese düşüp ugraýar…

***

Eger siziň ýoluňyz gyzyl kesek bolup ýatan Şähryslamyň üstünden barsa, gözüňiz gadymy Ürgenje barýan kerwen ýoluna düşer. Ýene azajyk ýöreseňiz bolsa, bir döwürler hiç haçan öçmejek yzy goýup giden Gelinsusan guýsynyň sudury görner. Guýydan häzir nam-nyşan ýok. Oňa derek sen şu günki güne çenli suduryny ýitirmedik, süýrenen hasanyň yzyny görersiň.

«Kerwengyran» ýyldyzy barada näme aýdyp bolar?! Şondan soň «Daňýyldyzynyň» öňünden dogýan görnükli ýyldyzyň ady «Kerwengyran» bolup galýar. Kerwen çekýän adamlaram şol heläkçiligi eşidenlerinden soň asman ýyldyzlaryndan gaty howatyrly bolup ýola çykýar.

                                                                                      Öwezmyrat ÝERBENDI.

Ýene-de okaň

Ýazyň gyşa öwrülen güni

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri