SIZDEN GELENLER

Gelin-gyzlaryñ bukjalarynyñ ähmiýeti

Gahryman Arkadagymyz “Paýhas çeşmesi” kitabynda: “Milli miras ynsan kämilliginiň gözbaşydyr, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir” diýip milli mirasymyzyň terbiýeçilik ähmiýeti, ynsana edýän ruhy täsiri dogrusynda belleýär.Dana hem merdana ata–babalarymyz asyrlardan – asyra, nesillerden – nesle geçirip, biz – bagtyýar ýaşlara baý hem kämil gaýtalanmajak, haýran galdyryjy we buýsanç dörediji milli gymmatlyklary miras galdyrypdyrlar. Biziň baý hem-de gaýtalanmajak milli mirasymyz umumadamzat gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, ony dörediji halkymyza şöhrat getirdi.Şeýle milli gymmatlyklarymyzyñ hataryna bolsa gelin-gyzlarymyzyñ  ýörite özleriniñ şahsy zatlaryny salyp saklamak üçin tiken bukjalaryny mysal getirmek bolar.Gelin-gyzlaryn aýna-darak, iňňe, oýmak ýaly zatlaryny salyp saklaýan bukjasy köplenç aýna-darak salynýan bukja el bukja diýlip atlandyrylyar.Önki döwürde boýy ýeten gyzlar   gelinler özleri   üçin     hökman el bukja ya-da aýna darak   bukja  ýaly  bukjalary    tikipdirler.  Olary köplenç gurak   matalardan  mahmaldan  ya-da  durli öwüşgünli  matalardan  nagyşlap, keşdelap  tikipdirler.  Aýna darak bukjanyñ   gyralaryna     alajadan  aylapdyrlar,  elde   goterer  yaly  bag  dakypdyrlar. Olar aynadyr daragyñ waspyny özleriniñ hüwdülerinde, dana pähimlerinde hem beýan edipdirler.

 Hüwdi

Dagdan dişli daragym

Arkadagym, geregim.

Şu balamy söýmesem,

Çatlap barýar ýüregim.

 Ýa-da

      « Ýagşy gyz ertir turup aýna garar,ýalta gyz saçak sorar »    diýlip paýhas çeşmesinde hem edepli, gowy gyzyñ irden turup,  aýna garap, özüne timar berýändigi  nygtalýar.

Menin hem ejemde ejesinden miras  galan ayna darak seyle hem   el   bukjasy  saklanyp  galypdyr. Kamil  tikincilik sungatynyn ince   tilsimleri  bilen  tikilen  bu  bukjalar  mahmal  matalardan  tikilipdir,  gyralary  bolsa  durli  owusgunli  matalar  bilen  bezelipdir.Ejem bize: « Zenan maşgalanyñ saçy  nahar duz tagam tayyarlanyan, iýip içilýän ýerden çetde öñùñe ýaglyk ýazylyp daralýar. Darakda galan gyrlan tarlar, öñüñe ýazylan ýaglygyñ üstüne düşen gyrymsylar bilen bir ýere jemlenmeli. Saçy zyñmak zir zibiliñ arasyna taşlamak, keçäniñdir haly palasyñ aşagyna salmak halkymyzda utanç hasaplanýar» diýip nygtaýar. Şonuñ üçin hem aýna darak bukjanyñ gapdalynda ýörite saç salmak ücin tikilen saç bukjasy hem saklanýar. Ýylyñ dowamynda ýygnalan saçlar her ýylyñ  Gurban aýynda gömülüpdir, ony Gurban aýy gömmek sogap hasaplanypdyr.Umuman, ata-babalarymyz yrym- ynançlaryna özleriniñ iñ päkize, halal niýetlerini, käbir  wagtlarda bolsa halamaýan zatlaryna bolan garaýyşlaryny hem siñdiripdirler.Ady  agzalan bukjalarymyz biziñ häzirki döwrümizde hem her bir öýde saklanyp gelinýär. Şeýle bukjalar toý etjek gyzlarymyzyñ dokuzynda ( çykgyt bukjasynda ) esasy esbaplar hasaplanýar. Bu bolsa biziñ ene- mamalarymyzyñ, gelin- gyzlarymyzyñ milli mirasymyza uly sarpa goýýandygyndan nyşandyr.

 Oguljeren Potykowa

 Türkmen oba hojalyk insititutynyñ

 Agroekologiya hunarinin 3 nji yyl talyby.

Üns beriň, bäsleşik!

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika