Ynsan duýgylarynyň näzik taryna kakyp bilýän saz atly inçe sungatyň muşdagy köpdir. Sebäbi bu gadymy senediň jadylaýjy güýji kalplara täsir edip, öz hökümini ýöredip bilýär. Bu günki gün etrapda tanymal aýdymçylaryň biri hökmünde tanalýan Maksat aýdym-sazy özüne ýakyn saýyp geljekdäki hünär ýolyny şu ugurdan saýlady. Talyplyk ýyllarynyň süýji ýatlamalarynyň köpsi aýdym şeýle hem köňül köşgüniň melikesi bolan talyp ýyldaşy Dünýä bilen baglydy. Okuwyň soňky ýylynda durmuş guran Maksat bilen Dünýä birnäçe ýyl bäri ,,Mähribanym” atly aýdyşyk aýdymy aýtmak üçin taýýarlanýardylar. Bu aýdym göräýmäge gaty bir üýtgeşik däl ýaly bolup görünse-de, ýaşlaryň bagt hakdaky arzuwlarynyň wysalydy. Emma Dünýäniň ikinji gezek ene bolmaly günleriniň ýakynlaýanlygy sebäpli, Maksat aýdymy özleri bilen bile işleýän Leýla bilen aýtmaly boldy.
Howla çykan Maksadyň özüne tarap ýöräp gelýänini Dünýä tä ol ýanyna gelip gürleýänçä duýmady.
— Men taýýarlyga barýan – diýip, gelniniň ýüzünden bir many okajak bolýan ýaly ony synlady.
Dünýä şol aýdymy aýtmana gaty höwes edeni üçinmi ýa başga hyýalda oslagsyz soragy orta atdy:
— ,,Mähribanymmy”!?
— Hawwa, ýöne sen islemeseň aýtjagam däl!
— Ýok aýdyberiň! – diýdi.
Maksat hälki sözüniň üstüni ýetirdi:
— Biz bu aýdymy ilkinji bolup bilelikde aýtmak üçin az taýýarlanmadyga, sag-aman bäbejigimizi eliňe alansoň aýtsagam bolar – diýip, gelniniň ynjamagyny islemeýän terzde janykdy.
Dünýä bu söze nägilelik bildirdi:
— Her zat öz wagty bilen bolsa gowy, ilkinji gezek aýtmaly bolanymyzda Allanurjan doguldy, ol biraz ulalsyn diýip, garaşdyk indem ýene garaşjakmy!
Maksat:
— Elbetde, diýeniňe kaýyldyryn, hyzmatyňa taýyndyryn – diýip, talyplyk ýyllarynda köp gaýtalaýan sözüni gaýtalady.
Dünýä çyny bilen janykdy:
— Munçada bir garaşmak bolarmy.
Maksat degişme gatyşykly edip göwnündäkini dile getirdi:
— Senden özgesi bolanda munça taýýarlykdan soň özi aýdyp bilmese, ,,şony aýtsaň ejemlere gitjek” diýerdi.
Dünýäde ondan kem galmady:
— Kim bilýä belki sahnada seni başga biri bilen görsem şol ýerden ejemlere gidäýmegimem mümkin – diýip, sözüni soňlady.
,,Oýunam bolsa aňyrsynda çyn ýatyr” diýip, pikirlenen Maksat gepi başga ýana sowanyny kem görmedi.
— Ýol ugra dükanada girjek öýe gerek zat barmy – diýdi.
Dünýä bolsa:
— Ýok – diýdi-de, Maksady ugratdy.
Gelniniň ýüzünden, hereketlerinden hiç hili üýtgeşme duýmadyk Maksat teatra geldi. Teatryň sahnasy onuň üçin has hem ezizdi. Sebäbi ýokary okuw mekdebiniň gapysyndan ätläden soň, halypa mugallymlarynyň sapaklaryny diňläp amalda öwrenenlerini tejribelikde teatr atly jadyly dünýäde öz Dünýäsi bilen bile özleşdiripdi. Talyplyk ýyllarynyň gyzykly wakalaram ondan soňky iş bilen baglanşykly zatlaryň ählisi hem teatr sahnasy bilen baglanşyklydy.
Soňky taýýarlyk güni bolansoň, konsertde gatnaşýanlaryň ählisi öz nobaty bilen sahna çykyp başladylar. Olara jogapkär hökmünde bellenilen Merdan aga:
— Berekella yhlasymyz ýerine gowuşdy, ertir irden sahna bezeglerini etsek galan zatlar gül ýaly – diýip, topardan göwni hoş halda olara birlaý göz aýlady.
Agşam saçak başynda çaýly käsesini eline alan Maksat irdenki meseläni ýene gozgady:
— Dünýäm göwnüme bolmasa birhili sen öýke edäýjek ýaly bolup dursyň – diýdi.
— Maksat irden şu aýdymly gürrüňi bir ýüzli etdig-ä, ýene gaýtalamak nämä gerek, men Leýlany gowy tanaýan eger öýkelejek bolanymda taýýarlygyňyz barada aýdan badyňyza öýkelärdim – diýip, Dünýä kesgitli jogap berdi.
Maksat:
— Öň hatardan size ýer alyp goýandyryn – diýip, elindäki petegini Dünýä uzatdy.
— Bolýa – diýip, Dünýä makullaýjylyk äheňde baş atyp aldy-da, petege seretdi.
Dünýäniňem Maksadyňam garaşan güni ýetip geldi. Konsert başlamagyna az wagt galanda sahnaň ýapyk perdesinden tomşaçylary jyklap seredýän Maksadyň göwnünde ilkinji gezek sahna çykýan ýaly üýtgeşik bir gorky bardy. Ol bu gorkynyň Dünýäniň gabanmagyndan ätiýaç edýänligi üçin dörändir öýdip özüne göwünlik berdi.
Allanurjygyň elinden tutup teatra ýetip barýan Dünýä öňünden çykan tanyşlary bilen gadyrly salamlaşdy. Olar bilen hal-ahwal soraşýança içeri girişlik yglan edildi. Dünýä talyplyk ýyllarynyň süýji ýatlamalaryny, iş bilen bagly zatlary hakydasynda janlandyrýan sahnany synlap, özi üçin niýetlenen ýere geçip oturdy.
Yzyly-yzyna edilýän çykyşlar tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyryp olara ruhy lezzet paýlaýardy. Dünýä üçin tanyş bolan sazyň astynda sahna Maksat bilen Leýla girip geldiler.
Bagt dünýä gujak açýar, (Gaýtalamak)
Bagt dünýä gujak açýar,
Synla. (Gyz)
Deňimizden ýyllar geçýär,
Ýyldyz deýin nurun saçýan,
Ýyldyz deýin nurun saçýan.
Sen ýeketäk mähribanym.
Yşkdyr älem bize haýran, (Oglan)
Sagdyr, solum, ileri, gaýram.
Menzilleri aşyp barýan,
Sabyrymsyň mähribanym.
Täleýimde bagt bije,
Goýmaz bizi mundan gije,
Arzuw atly beýik güýje,
Wysalymsyň mähribanym.
Leýli, Şirin bolmaz aýym,
Mejnun, Perhat bolmaz taýym, (Bilelikde gaýtalamak)
Leýli, Şirin bolmaz aýym,
Mejnun, Perhat bolmaz taýym,
Dilde barym, göwün tarym,
Sendedir meň bar hyýalym,
Geljegimde arzuwlanym.
Sen ýeketäk mähribanym.
Ýaşlaryň göwün taryna kakýan bu aýdyşyk aýdymy tomaşaçlar üçin täsirlidi. Dünýäň ýüzündäki hälki şatlygy zym-zyýat boldy. Göwnünde düşündirip bolmajak bir duýgy peýda boldy-da, ýürek bilen akylyň arasynda gapma-garşylygy döredip, sahna tarapa nägile nazar bilen seretdi. Goşa gumry ýaly sahna gelşik berip duran Maksat bilen Leýlany daşyndan synlap oturyşyna ol ilkinji gezek gabanjaňlyga öz erkini aldyrypdy. Ol duýgy sekuntlarça wagtyň içinde Dünýäniň göwün mülkini weýran etdi. Dünýäniň göz öňünde bagtly ýatlamalaryna atanak çeken öýkesi oňa ynjalyk bermedi. Ol bu aýdymyň nädip başlanyp nädip tamam bolýanyny bilýänem bolsa, öň bu duýgy onuň hyýalynada gelmändi. Maksady başga biri bilen göreni täsir etdimi ýa başga sebäpdenmi aýdymyň ahyrynda Maksat elindäki güli Leýla berýän pursadyny görmezlik üçin ,,daşyna çykyp diňläýinle” diýip, Allanurjygyň elinden tutudy-da, gaýtmak bilen boldy. Hyýalynda ,,Ýok men saňa düşünýän, maňa näler islemeseň aýtjagam däl diýipdi, şu gursagymy ýaryp barýan düşüniksiz gabanjaňlygym nirden peýda boldy bilmedim, ýanyňda başga birni görmek maňa agyr degdi öýdýän, ynanaý aýdymyň meni özüne näçe imrindiren bolsa, gabanjaňlygym ol ýerde oturmaga takat bermedi, wah sen menden özgesine barmyň diýmejegiňem bilýänle, gaýdanym üçin menden gaty görme“ diýip, hoş owazyna maýyl edip barýan aýdymyň ahyrlaryna garaşyp başarda diň salýan pursady edil gabat garşysynda duran gyzlaryň özara gürrüňleri Dünýäniň ünsini çekdi.
— A gyz Maksadyň aýdym aýdyşy gaty üýtgeşik sesindäki labzy adamy özüne çekýär, bir diňleseň ýöne diňläsiň gelip dur! – diýdi.
Bu sözleri jogapsyz goýmadyk jorasy:
— Wah näsini aýdýan sahna bezeg berýän bu ýaşlar bir-birine mynasyp eken, çykyş etmeli däl bolanymda uly höwes bilen zalda diňlärdim – diýdi. Ondan soňky edilen gürrüňler Dünýäniň gulagynada ilmedi. Häliden bäri Maksady aklamak üçin sebäp gözleýän geliniň göwüne birden müňkirlik aralaşdy, şol pursat bar sesi bilen möňňürip aglaýasy geldi, gaşlary çytyldy, ýüzi gyzardy. Edil köýen ary bar ýaly gyzlara gaharly nazar bilen seretdi-de, mundan artyk durup bilmejegine gözi ýeten Dünýä daşky gapa ýöneldi. Zaldan çykyp gaýdaly bäri Maksady aklamak üçin elinde baryny edip öz-özüne göwnülik berýän geliniň niýeti üýtgedi, göwnündäki müňkirlikdir gahar gazaby bilen hyýalynda ,,Wah tanyş-nätanyşlardan utanmadyňmy, olar näme pikir ederler diýip, pikirlenmediňmi? Özgä mähribanym diýip, göz güldürseň iller üstümizden gülmezmi, bu zatlaryň maňa şu halymda agyr batjagyny oýlanmadyňmy, hany seň wepaň bir mahallar senden özgesine çemen bogup güller bermerin diýen wadalaryň sözlerde galdymy?” diýip ondan nägile boldy. Oýlanmalar ummanynda gark bolup barýan pikirlerini halas etjek bolup, eşidiler eşidilmez hüňňürdedi ,,Men beýle zada garaşmadym!”
Aýdym tamam bolup onuň soňy şowhunly el çarpyşmalara goşulyp gitdi. Dumly-duşdan eşidilýän ,,Berekellalar” aýdymyň ýerine düşenliginiň alamatydy. Maksat ýüzläp gözleriň içinden öz mähriban ýarynyň nazaryny gözläp tapmady. Garaşan we garaşmadyk pursadynyň bolanyna göz ýetiren Maksat
gelniniň göwnünde düwün bolmagyna ýol bermezlik üçin mähriban ýaryna bagyşlap döreden aýdymyny:
— Hormatly adamlar bu aýtjak aýdymym konsertde edilmeli çykyşlaryň sanawyna girizilmedik. Men bu aýdymy özüm üçin iň mähriban ynsanyma bagyşlamagy makul bildim – diýen sesi ýaňlanyp daşky gapa golaýlap barýan gelini saklady, ol yzyna seredeninem duýman galdy. Öňe ädilmeli ädimler yza tesdi.
Pesaýjadan mylaýym ýaňlanan saz barha belent perdä galyp Maksadyň şirin sesine goşulyp ony diňleýänleriň ünsini çekdi. Hälki bady bilen gitmek islän Dünýäniň niýetinden dänmegine sebäp bolan sözler, ony ýene yzyna getirdi.
Gussaňy unudyp ýylgyryp gülseň,
Ýüzüňdäki nuruň meniň yşkymdyr
Gije uklanyňda süýji düýş görseň,
Şol süýji düýşleriň meniň yşkymdyr.
Aýdymlara sesin goşsa bilbiler
Başyň sypap geçse garagol ýeller
Ýene meni ýada salsa ak güller.
Baglan çemenleriň meniň yşkymdyr.
Diýdirmedi ykbal özgäniň ýary,
Bagtyň nury gurşap aldy çar ýany.
Uzaklarda galdy ýyllaryň bary.
Ýyllara ýar bolan meniň yşkymdyr.
Durmuş synagynda gynansaň sähel,
Guşlaň owazyna diň sal ir säher.
Düzleri gülledip geläýse bahar,
Bahar bolup gelen meniň yşkymdyr.
Aýdymy ussatlyk bilen ýerine ýetirýän Maksadyň nazary daşky gapydan özüne tarap ýöräp gelýän Dünýäde eglendi. Göreçler göreçlerde eglenende olar sözsiz düşünişdiler. Maksat ýuwaşlyk bilen sahnadan düşdi-de, aýdyma maýyl bolup ýöräp gelýän Dünýäň garşysynda saklandy. Iň ýakyn diňleýjisi bolan mähriban ýaryna elindäki gül çemenini berdi. Ol bagtdan lowurdaýan göreçlere uzak seredip bilmän ondan ýüzüni sowdy. Dünýä eşidiler eşidilmez pyşyrdady:
- Seniň mukaddes duýgyňa müňkirlik edenim üçin meni bagyşla! – diýdi-de,
gözlerinden hünji damjalary ýaly syrygan gözýaşlaryny eliniň alaýasy bilen çalaja süpürdi….
Gunça ORAZOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport
institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.