ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Geldi Bäşiýew: Gözelligiň waspçysy

Şahyr Geldi Bäşiýewiň döredijiligi hakynda söz açylanda ilki bilen onuň radionyň arhiwinde saklanýan ses ýazgylary ýadyma düşýär. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň:

 «Adamyň bir mätäç zady— Hoş sözdür,

Hoş söz aýdyň — depesine täç bolar…» diýip başlanýan «Giç bolar» atly goşgusyny mahmal ýaly üýtgeşik owaz bilen okan Geldi aganyň sesi gulagymda ýaňlanyp başlaýar. Şol pursat onuň ýürek damaryňy yzarlap barýan ýag ýaly sesi belent adamkärçilikli, juda zehinli şahyryň keşbini hakydaňda janlandyrýar. Onsoň şol pursat kalbyňy dürli pikirler gurşap alýarda, ýatlamalar ummanyna gaýybana syýahata atarýar. Öz-özüň ýadyňda galan ýakymly ýatlamalary birin-birin gaýtalaýarsyň.

Uzak ýyllaryň dowamynda bile işleşen kärdeşi Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly Myşşyýew: «Geldi Bäşiýew diktorlaryň naýbaşysydy, guýmagursak şahyrdy.Ol durşy bilen owazdy.Onuň şahyrana setirleri bada-bat aýdyma öwrülýärdi.Onuň aýdym ýaly sesini diňlemegiň özem dynç almakdy. Edep-terbiýe babatynda ol hemmelere nusgady. Ol türkmen diliniň janly sözlügidi» diýip, şahyr dosty hakynda gowy-gowy sözler aýdypdy. Geldi aganyň döredijiligi, belent adamkärçiligi hakynda aýdylan öwgüli sözler ýene-de näçe diýseň bar. Onuň sözlerine ençeme aýdymlar döreden ussat bagşy Sahy Jepbarow: «Men-ä Geldiniň sözlerine aýdym döredemde lezzet alýan» diýen bolsa, meşhur gyjakçy Ata Ablyýew: «Onuň goşgulary aýdyma çalym edip duransoň, olara aýdym döretmek ýeňil hem-de ýakymly» diýipdir. Halypalar mamla. Eger şeýle bolmadyk bolsa, onda Geldi Bäşiýewiň sözlerine döredilen aýdymlaryň ömri beýle uzak bolmazdy.

Onuň şygyrlaryna döredilen «Dag jerenleri», «Çynarym», «Dutarym», «Seýle gelseň bu daglara», «Käkilik», «Daglara bar», «Çeşmeler»…we başga-da ençeme aýdymlar häzirki günlerimizde-de uly höwes bilen ýerine ýetirilýär.

«Gudratly daglaryň aýdymçysy» Geldi Bäşiýew gözelligiň waspçysy. Onuň

«Gahrymanlar hakda ballada» diýen goşgusyna serediň!

Kalbymyzda ýaşaýar,

Dolanmadyk gerçekler.

Ýada salyň, baş egiň!

Indi dünýä injekler!

— diýen setirleri diňe bir ýurdumyzyň nesilleri üçin däl, islendik halkyň ýaş nesilleri üçin terbiýe mekdebi. Şahyryň islendik goşgusyny biparh okamak mümkin däl. Serediň-ä, bu setirlere!

Silkinjiräp kümüş perin daranda,

Aýak çekmez ýorgalanda, ýörände,

Höwründen azaşyp zaryn saýranda,

Söýgüliňi ýada salar käkilik…

Ýa-da:

Belent başyň asman bilen birleşer,

Kert gaýaňda käkilikler saýraşar

Jülgeleňde şir-peleňler arlaşar,

Duş gelse eýmendir ýekäni daglar.

 Hyýalyňda göýä daglara seýil eden ýaly bolup, dynç alýaň. Göz öňüňde türkmen tebigatynyň gözellikleri janlanýar. Gül-gülälekli, owlak-guzuly baýyrlara gezelenç edesiň gelýär. Bütin dünýä bahar gözelligine beslenýär. Neneň onsoň:

Bahar gelse gül açylar baglarda,

Gül yşgynda şeýda bilbil saz eýlär.

Mergenler mesgeni goja daglarda,

Saba ýeli öser, ösmez, näz eýlär.

— diýip hiňlenmejek?! Ýöne diňe bir hiňlenmek bilenem oňmarsyň, bar gujur-gaýratyň, halalja zähmetiň bilen juda owadan, aýdymly Watanymyzyň gözelligine gözellik goşasyň gelýär. Sebäbi hormat goýýan bu şahyrymyň özem:

«Ýer görküni ynsan bezär, uz eýlär»

— diýip, Zemin gözelliginiň goragyny okyjylaryna ynanypdy ahyry.

Ýürekden aýdylan şeýle jümleler Geldi aganyň goşgularyna döredilen aýdymlaryň hiç haçan gymmatynyň egsilmejekdigine ynamyňy artdyrýar.Onuň manydan ýüki ýetik, sünnälenip döredilen şygyrlaryna aýdylýan aýdymlaryň haýsy birini diňläniňde-de biygtyýar goşulyşyp hiňleneniňi duýman galýaň. Halypalar dogry aýdýarlar.Geldi aganyň goşgularynda özboluşly aýratynlyk bolup, özüne çekiji güýji bolmasa, onuň şol bir goşgusyna iki-ikiden saz döredilip naýbaşy aýdymlara öwrülmezdi. Onuň «Aşgabat hakynda aýdym» atly şygryna halypa bagşy Dörtguly Durdyýewiň döreden aýdymy dutar bagşylarymyz tarapyndan halk aýdym derejesinde, ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň şol goşga döreden aýdymy estrada aýdymçylarymyz tarapyndan häzirki günlerde-de uly joşgun bilen ýerine ýetirilýär. Şahyryň «Näzleriňden» atly goşgusyna döredilen aýdymlar hem diýseň şowly çykan aýdymlar. Meşhur Sahy bagşynyň sazyna bu goşga döredilen aýdymy ýatlanyňda-da Sahy aganyň hoş owazy gulagyňda ýaňlanýan ýaly bolýar. Bu goşga ussat sazanda Gurban Gurbanowyň sazyna döredilen estrada aýdymy bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Arslan Atdanow ýerine ýetirýär.

Ýakynda şahyryň maşgala ojagyna söhbetdeşlige bardyk. Geldi aganyň 80 ýaşy tegeläp barýan ýan ýoldaşy Ogulabat eje güler ýüz bilen garşylap, ynha şulary gürrüň berdi. Ol:

— Geldi bilen 1959-njy ýylda durmuş gurduk. 42 ýyl ýaşaşdyk. Maşgalamyzda bäş gyz, bäş ogul perzendi terbiýeläp ýetişdirdik. Tüweleme, häzir otuz ýedi agtygymyz, ýigrimi ýedi çowlugymyz bar. Özüm halyçy bolup işledim. Meniň kärimi söýşüm ýaly, Geldem öz kärini juda gowy görýärdi. Her gün ir säher bilen işe giderdi. Ol wagtlar gepleşikler göni ýaýlymda berlerdi. Geldi ussat bagşy-sazandalar hakynda-da kän goşgular döretdi. Olaryň köpüsi öýümize myhman bolardylar. Orazgylyç Gurbanýazow, Döwletgeldi Ökdirow, Nazar Gullaýew, Nury Halmämmedow başga-da döredijilik işgärleri kän gelerdiler. Ýagdaýymyzyň boldugyndan hyzmat ederdik. Geldi hiç wagt çagalaryna käýinen adam däldi. Dili tikensiz mähriban adamdy. Geldi Döwletow, Baýram Geldimyradow, Oguljahan Mämikowa ýaly ussat diktorlar onuň ilkinji halypalary. Geldi dünýeden gaýdanda ony dogduk obasyndaky Emir Süleýman gonamçylygynda ýerlendi. Her ýyl zyýarata gidip, başujynda aýat töwir edip ýatlaýas. Bir gezek zyýarata onuň kärdeşleri bilen üýşüp gitdik. Şonda onuň guburyny sypap, ýuwaşlyk bilen: «Jennetde duşuşmak nesibämizde bolsun» diýip pyşyrdapdyryn. Žurnalist Kümüş Meläýewa şol sözlerimi eşidip makalasynda ýatlapdyr. Körpe oglumyň ekizleriniň taýyna Geldiniň adyny dakdyk. Ol häzir bäş ýaşynda. Ekiz taýy gyzjagaz, onuň ady Emine. Kä wagt oturyp Geldiniň dürli ýyllarda düşülen suratlaryny synlaýan. Suratlar kän zatlary ýatladýar. Çagalygym uruş döwrüne gabat geldi. Üç ýaşymda ejeden galdym. Kakam dört dogany bilen urşa giden. Şolardan ýekeje dogany maýyp bolup uruşdan dolanyp geldi, ýöne gelensoň olam uzak ýaşamady. Goňşy ýaşaýan Orazsoltan atly garyndaşymyz bardy. Olam urşuň yzynda ýeke galandy. Şoňa «eje» diýip ulaldyk. Uly aýal doganyma haly dokamagy öwretse: «Nämüçin uly gyzyňa öwredip, maňa haly dokamagy öwretmediň, eje» diýsem, ol: «Kiçi gyzyma-da öwrederin» diýip, ol maňa-da haly dokamagy öwredipdi. Geldiniň «Gahrymanlar hakda ballada» goşgusyna özboluşly ýol goýan aýdymçy Saparmyrat Babaýew:

«Näçe gül ýüz ýigitler

 Ar üçin baş goýdular,

Baýdak ýaly gelinleň,

 Gujagyn boş goýdular» diýip, aýdym aýdýar welin, häzirki bagtyýar durmuşymyza dowamat dileg edýän, balam. Ýurdumyzyň parahat durmuşy üçin aladalar edýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýan. Indi bir şol kynçylykly günler dolanyp gelmäwersin — diýip, Ogulabat eje ýagşy arzuwlar etdi.

Mährem enäniň ýanyna gezek-gezegine «ene» diýip gelip duran agtyklarynyň başyny sypap oturan enäni synlap oturşyma Geldi aganyň goşgusyna kompozitor Orazgylyç Gurbanýazowyň sazyna döredilen:

«Bäbejikkäm ýüpek ýorgana dolan,

Ömrümiň gözbaşy janym enem sen.

Mähir sallançakda irmän hüwdülän,

Begenjim, guwanjym, känim enem, sen!»  diýip aýdylýan «Enem sen» aýdymy tä öýüme gelýänçäm gulagyma eşidilýän ýaly boldy. Şol pursat teleýaýlymy açanymda bolsa, bu goşga kompozitor Gurbandurdy Çaryýewiň sazyna aýdylýan aýdym ýene bir täze heň bilen ýaňlanyp başlady.

Terjimehaly:

Diktor we şahyr Geldimuhammet Bäşiýew 1938-nji ýylyň 20-nji awgustynda Bäherden etrabynyň Deşt obasynda doglan. Ol orta bilim alyp, 1956-1962-nji ýyllar aralygynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili we edebiýaty bölüminde okaýar. Ussat şahyryň goşgularynyň ençemesi aýdyma öwrülip halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Şahyr talyp döwründe türkmen radiosynda diktor bolup işlemek üçin yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolup, 1959-njy ýylda radionyň diktorlygyna kabul edilýär. Ol radioda işlän döwründe öz ugrundan Moskwa okuwa iberilýär we meşhur rus diktory Lewitandan tälim alýar. Ömrüniň 43 ýylyny türkmen radiosynyň işine bagyşlan, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Geldimuhammet Bäşiýew 2002-nji ýylyň  30-njy iýulynda aradan çykýar.

Akgül SAPAROWA.  

 

Baýram Jütdiýew: Watan waspy senasy

Soň bir gün…  Kasym Nurbadow

 

Medeniýet bilen ykbaldaş ömür :Bägül Nurmyradowa

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri