Ösüş-özgertmelere beslenýän ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar buýsanjymyzy goşalandyrýar. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi hem şeýle buýsançly wakalaryň biridir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabyny halkymyza sowgat edipdi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çäreleriň badalga alýan günlerinde elimize gowşan şol ajaýyp eser bada-bat il-ulsumyzyň söýgüsini gazandy. Ine, bu gün bolsa Gahryman Arkadagymyzyň bagtyýar halkymyza «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny sowgat etmegi buýsanjymyzy goşalandyrdy. Birnäçe bölümden ybarat bolan bu kitapda halkymyzyň şöhratly taryhynyň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň beýan edilmegi oňa bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Halkymyz kitaba aýratyn sarpa goýup, ony bahasyz gymmatlyk we hazyna hasaplaýar. Gahryman Arkadagymyz kitabyň her bir şahsyýet üçin ruhy kämillige barýan ýolda zerur bolan gymmatlyk bolup durýandygyny nygtaýar. Milli Liderimiziň täze kitabyny eliňe alanyňda bu hakykata ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. «Taryha syýahat», «Ruhy miras» atly baplardan ybarat bolan bu eseriň her bir jümlesi çuňňur paýhasa, many-mazmuna ýugrulan. Ondaky şöhratly taryhymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli mirasymyzy emele getirýän ruhy-medeni gymmatlyklar bilen bagly maglumatlar watançylyk ruhuňy belende göterýär. Şeýle bolansoň, bu ajaýyp eser biz — bilim işgärleri üçin uly gollanma bolup hyzmat edýär. Çünki kitapdaky terbiýeçilik ähmiýetli jümleleriň ýaş nesilleri pederlerimiziň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetler esasynda terbiýelemekde möhüm täsiri bardyr.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gaýdýan geçmiş ýoluna ser salanyňda, bir ýagdaý ünsüňi çekýär. Her müňýyllygyň başynda türkmenler bir beýik imperiýa döredip, çar ýana ýaýylypdyrlar, ylmyň we medeniýetiň ösüşine uly goşant goşup, dünýäniň çarhyna bat beripdirler. Dürli döwürlerde döredilen beýik döwletleriň taryhyny deňeşdirip öwrenmek, yzygiderli beýan etmek we olary döreden milletiň taryhy hakynda umumylaşdyrylan düşünjäni döretmek hem möhüm wezipeleriň biridir.
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň döreden beýik döwletlerinden söz açyp: «Olaryň biri bürünç zamanynda gülläp ösen Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalarydyr. Ikinjisi, Parfiýa döwleti. Üçünjisi, türkmenleriň guran Beýik Seljukly döwleti», şeýle-de: «…Ýöne welin, bu agzalan meşhur siwilizasiýalaryň we döwletleriň öňüsyrasynda Gadymy Änew medeniýetiniň gülläp ösendigini göz öňünde tutmalydyrys» diýmek bilen, ýokarda sanalan medeniýetleriň özeninde gadymy ak bugdaýyň watanynyň durandygyna ylmy jemgyýetçiligiň ünsüni çekýär. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň taryhyna, medeniýetiň ösüşine umumylykda akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda şeýle diýýär:
Milli ruhy aýratynlyklarymyzy şöhlelendirýän her bir durmuş pursadyny men ylmyň açyşy hasap edýärin. Ylmyň şol täsinlikleri tejribe bilen, ol nesilden beýleki nesillere geçirilipdir. Eger-de olar açyş hökmünde kabul edilen bolsa, munuň tebigy usulda nesilden-nesle geçmeginiň şeýle sazlaşykly tärde amala aşmazlygam ähtimal. Sebäbi bu ýerde «açyşyň» tebigatyň özündediginiň ykrar edilmesi bardyr.
* * *
Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň, geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhy. Halkymyz özüniň bäş müň ýyldan habar berýän taryhynda şu belent ahlak sypatlaryny tug deýin belentde saklap gezdi.
* * *
Il-halk üçin şu güni döretmek, ertiriň kerpijini goýmak ynsanlyk mertebedir. Ýöne, öň hem size niýetlän şeýle söhbetlerimde aýdyşym ýaly, adam bolmak iň kynydyr. Adam bolmak Zeminiň perzendi bolmakdyr. Şunuň asyl özeni hakynda «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi» we beýleki işlerimde pikirleriň bir gaýra öwrüm edendigini ýatlamagym artykmaç bolmazmyka diýýärin.
Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserleriniň hataryny uzaldan «Hakyda göwheri» atly kitaby hem türkmen halkynyň baý geçmişini, etnografiýasyny, ruhy mirasyny öwrenmekde ajaýyp usuly gollanmadyr.
Aýjemal Ýazowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy