DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidentiniň döwlet saparyna

Mälim bolşy ýaly, ertir Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar.

Gazagystan Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biridir. Şonuň üçin esasanm hem, goňşy ýurtlar bilen özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarda ösdürilmegi hem-de pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň daşary syýasatynda möhüm orun alýar. Soňky ýyllarda türkmen-gazak gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykdy. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda iri halkara we sebit taslamalary durmuşa ornaşdyryldy. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý halkara gaz geçirijisi, Türkmenistan-Gazagystan-Eýran demir ýoly ýaly giň gerimli taslamalar bar.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet sapary mynasybetli bu dostlukly ýurt baradaky kabir maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

GAZAGYSTAN RESPUBLIKASY BARADA…

Gazagystan 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda garaşsyzlygyny gazandy. Paýtagty Nur-Sultan şäheridir. Döwlet dili gazak dili bolup durýar. Pul birligi tenge.

Ýurduň ilatynyň sany 18,87 million adamdan gowrak. Soňky maglumatlara görä, etniki gurluşy şeýle: gazaklar – 68,51%, ruslar – 18,85%, özbekler – 3,25%, uýgurlar – 1,47%, ukrainler – 1,42%, tatarlar – 1,08%, nemesler – 0,95%, beýlekiler – 4,47%.

Gazagystan 2 million 724,9 müň inedördül kilometr meýdany bilen dünýäde eýeleýän meýdany boýunça 9-njy orunda durýar. Ýurt demirgazykda we günbatarda Russiýa bilen araçäkleşip, bu araçäk 7591 kilometre uzap gidýar we ol dünýädäki iň uzyn guryýer serhedi hasaplanýar. Şeýle hem Gazagystan Özbegistan, Türkmenistan, Hytaý hem-de Gyrgyz Respublikasy bilen serhetleşýär.

GEOGRAFIKI ÝERLEŞIŞI WE BAÝLYKLARY

Ýurduň meýdanynyň uly bölegini 44 göterimini çöl tutýar. düzlük meýdan Gazagystanyň meýdanynyň 26 göterimini eýeläp, 5,5 göterimi tokaýlyklardan düzülýär. Ýurtda 8,5 müň derýa bar. Şeýle hem ýurtda ululy-kiçili 48 müň köl ýerleşýär. Olaryň iň ulusy Balhaş, Zaýsan we Alakoldyr.

Gazagystanda nebit, tebigy gaz we beýleki mineral baýlyklara baý ýurt. Ýurtda sink, wolfram, barit, kümüş, gurşun, hromit, mis we beýleki mineral baýlyklarynyň uly gory bar.

Şeýle hem Gazagystanyň günbatar sebitlerde jemlenen möhüm nebit we gaz baýlyklary bar (subut edilen nebit gorlary boýunça dünýäde 9-njy ýerde). Mundan başga-da, Respublika kömür gory boýunça 8-nji, uran gory boýunça 2-nji ýerde durýar.

Gazagystan dünýäde gallany eksport edýän esasy ýurtlaryň biridir we un eksportynda öňdebaryjylardan biridir. Demirgazyk bölegindäki ekin meýdanlarynyň 70% -inde bugdaý we arpa ekilýär.  Şaly we pagta ýurduň günortasynda ösdürilip ýetişdirilýär.

Esasy eksport harytlary magdan, ýangyç we energiýa, metallurgiýa we himiýa senagaty, şeýle hem däne senagatynyň önümleri. Respublikanyň esasy söwda hyzmatdaşlary Russiýa, Hytaý, Ýewropa döwletleri we GDA ýurtlary.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi, halkara derejesinde ykrar edilmegi, syýasy durnuklylyk Gazagystan jemgyýetiniň gülläp ösmegi üçin esas boldy. Gazagystan, medeni däp-dessurlaryny gorap saklaýan we häzirki zaman şertlerinde dünýäde ägirt uly döredijilik mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirýän ýurt.

 

Türkmenistan bilen Özbegistan özara ýük daşalyşyny işjeňleşdirýär

Ýene-de okaň

Prezidenti we Premýer-ministri zenan bolan ýurt

Türkmenbaşy şäherinde Gazagystanyň konsullygynyň täze binasy açyldy

Ata Watan Eserleri

1-10-njy ýanwar aralygynda Söwda-senagat edarasynda Täze ýyl dabaralary guralar

Eýranyň medeniyet geňeşçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

BMG: Afrika XXI asyryň ortalaryna iň ýaş yklym bolar

Saud Arabystanynyň Owganystandaky ilçihanasy işläp başlady