ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Duralgadaky oturgyja geçip oturanymdan diwaryndaky mawy ekranda:

«Guwanyň gül açan Türkmenistana,

Gam-gussalar çykyp gitsin ýadyňdan» diýip, mukamçy kompozitor Sahy Jepbarowyň şahyr Gara Seýitliýewiň goşgusyna Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden «Şahyrym» aýdymy ýaňlanyp dur. Bar ünsüm aýdymda eglendi. Haçanky döredilen aýdym?! Gör, näçe ýyl geçdi, emma hiç wagt köneljek aýdym däl. Sazynyň şowly çykanlygyna sözüm ýok, ýöne sözlerinem döwre görä üýtgetmek aladasy ýok. «Gara Seýitliýewem ömrüne bakylyk bagyşlan şahyrlaň biri-läý»  diýip içimi gepletdim. Halypa şahyr Kerim Gurbannepesowyň:

«…Sen juda ir gitdiň, örän ir gitdiň.

On iki synaň aýdym bilen doludy.

Säher bilen köçä çykyp ugraňda,

Uly desse aýdym barýan ýalydy…» diýşi ýaly Gara Seýitliýewiň goşgularyna döredilen aýdymlar awtoulagda barýarkamam gulagymda ýaňlandy durdy. «Leýla», «Balykçynyň aýdymy», «Daň şemaly», «Gaşy sürmeli», «Şat Watanmyň aşygy», «Hally gözel»,  «Joş kanalym», «Gyzlar», «Sonam». «Gözleriň», «Saňa»…  Şol aýdymlaryň sözlerini ýöriteläp okanym ýadymda däl, ýöne kiçiligimizden aýdymlaň üsti bilen gulagymyz ganansoň sözleri dolulygyna häzirem ýadymda. Edil bir-iki günlükde-de «Türkmen owazy» teleýaýlymynda onuň goşgusyna kompozitor Daňatar Öwezowyň sazyna döredilen «Balykçynyň aýdymy» şekilli görnüşde ýaňlanyp durdy. Mahmal owazly meşhur aýdymçy Hojaw Annadurdyýew ýadyma düşdi. Onuň aýdan aýdymlarynyň ählisi diýen ýaly Gara Seýitliýewiň goşgusyna döredilen aýdymlar. Haýsy bir goşgusyna aýdym aýdylsa ahyryna çenli biygtyýar hiňlenip sözlerini deňje gaýtalap oturýan. Aýdym gowy bolansoň, çalt tamamlanýan ýaly. Onsoň şeýle manyly, maňyzly goşgular hakynda oýlanýan.  Şahyryň çeper meňzetmelerine, suratlandyrmalaryna, owazlanyp duran rifmalaryna haýran galýaň. Onuň «Ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar» diýip ýüreklere yşkyň ýoluny çeken «Hallygözel», «Gülabyň gaýmagy dodagyň seniň» diýip çeper meňzetmeleri bilen bezäp döreden «Gaşy sürmeli» atly yşky-liriki goşgularyna aýdylýan aýdymlary ýaly zähmet temasyndaky goşgularyna döredilen aýdymlaram diýseň duýgulandyrýar, ganatlandyrýar.

«Ägirt senagatlar saňa daýanýar,

Dag göwsünden nebit alýan zor oglan» diýip, nebitçileriň zähmetini wasp eden «Zor oglan» aýdymy,

«Zähmetdir durmuşyň altyn diregi,

Altyn nyşan ýyldyzly gyz görşeli» diýip başlanýan goşgusyna «Görşeli» atly aýdymy, ýa-da:

«Ýaz çykanda çarwa barsaň,

Çarwada süýt sagar gyzlar»  diýip, dürli ugurda zähmet çekýän türkmen gyzlaryny wasp edip «Gyzlar» goşgusyna aýdylýan aýdymy ýaly milli aýdym-saz sungatymyzyň altyn hazynasyna giren örän köp aýdymlary halkymyzyň kalp töründen orun alan aýdymlar. Şahyryň «Söýgülimiň gözleri» atly goşgusyna «Aşyr aganyň mekirligi» filmdäki «Diňe, söýgülimiň şeýle gözleri bar, Ol gözlere men-ä intizar» diýip aýdylýan aýdym köpimiziň ýadymyzdadyr. Şol aýdymyň goşgusyny şahyr öz ýan ýoldaşy Zina gelnejä bagyşlap döredipdir. Nähili ajaýyp aýdym. Rusçasyny diňle, türkmençesini diňle ýadyňa düşdügi uzak günläp hiňlenip gezýäň. Onuň goşgusyna:

«Gözüňe deň gelmez göz pyýalasy,

Söýdüm seni öz obamyň lälesi,

Satdy ataň, ýetdi yşkyň nalasy,

Ýatdam çykmaz ýaşlar akan gözleriň.

Ýürekde yşk odun ýakan gözleriň» diýip, aýdylýan aýdym «şahyryň öz durmuşyndaky başdan geçirmesidir. Bolmasa, beýle goşgyň döremegi mümkin däl»  diýdirýär. Sadaja sözler bilen ýeňiljek okalýan goşgy şeýlebir çeper suratlandyrylýar. Dogrusy, ata-enäniň çagasyna ýamanlygy ýokdur, ýöne şonda-da her gezek aýdymy diňläňde: «Nähili doň ýürek ata eken» diýeniňi duýman galýaň.  Naýynsap atanyň şol aýdymy her gezek diňländen soň, nädogry hereketleri üçin ynsabyndan ejir çekişi hakynda oýlandyrýar. «Ol aýdymlar ölmez-ýitmez aýdymlar» diýip başyňy ýaýkaýaň. Şeýle beýik aýdymlary döredip miras galdyran şahsyýetlerimize buýsanjyň artýar.

Arada kärdeş joram Dürnabat Aşyrowa şahyryň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli 1995-nji ýylda «Türkmenistan» neşirýatynda çap bolan «Saýlanan eserler» ýygyndysyny sowgat berdi. Kitaby gaýta-gaýta okap çykdym. Gara Seýitliýew 1971-nji ýylyň 2-nji maýynda uzaga çeken agyr keselden soň ýogalan. Biz o mahallar ýedi ýaşly çaga. Şonuň üçin ol barada halypalardan eşiden gürrüňlerim, arhiw ýazgylardan okan maglumatlarym serimde aýlandy. Şahyr Kerim Gurbannepesowyň ýatlamalary ýadyma düşdi.

«Bir gezek Gara Seýitliýew, Gurbannazar Ezizow, Halyl Kulyýew biziň öýümizde goşgy okap otyrdylar. Ýaş şahyrlarymyzyň ýene biri gapydan girdi. Goşgulary esli salym diňledi-de, özi-de goşgy okamaga isleg bildirdi. Okan goşgularynyň hiç hili täsir döretmändigini aňdymy, nätdimi, ol nägilelik bilen ýüzümize seretdi: — Wah, menem siziň okaýşyňyz ýaly okap bilýän bolsadym, onda meniňem goşgularym oňat bolup görnerdi. Arman, men öz goşgularymy siziň okaýşyňyz ýaly okap bilemok.

Gara Seýitliýew bir geňsi ýylgyrdy-da, onuň iki sany goşgusyny elinden garbap aldy. Iki-üç sapar içinden okap çykdy. Soňra bolsa özüne mahsus owadan, owazly sesi bilen ussatlarça okap berdi. Emma goşgular öňküsiçe-de täsir döretmedi. Gaýta gowy okaldygyça rentgen apparatyna tutulýan ýaly, olaryň kemçilikleri has ýalaňaçlanyp görünýärdi. Erbet goşgulary henizem erbet okaýyş halas edýär» diýip Kerim aga «Şahyryň gözi» kitabynda ýazypdyr. Ine, şujagaz ýatlamadan Gara Seýitliýewiň diňe bir goşgy döretmäge däl, goşgy okamaga-da juda ussat bolandygyny bilip bolýar. Şol kitapda ýene şeýle ýatlamalar bar: «Uly şahsyýet owunjak zatlarda-da özüniň ululygyny görkezýär. Bir gezek Gara Seýitliýew bilen Bakuda bolanymyzda myhmanhananyň peçleri wagtlaýyn işlemeýän eken. Gije örän sowuk boldy. Her haýsymyz otagyň bir tarapynda ýeke gat odeýalyň aşagynda oýaly-ukuly çugutdyryp ýatyrdyk. Ýarygije çemesi Gara Seýitliýew ýuwaşlyk bilen ýerinden turdy-da üstüme paltosyny ýapdy. Men duýsam-da duýmazlyga saldym. Şo bada-da guzy ýaly uklapdyryn. Ol ertesi ir bilen Ýazyjylar Soýuzyna Samat Wurgunyň ýanyna barmalydy. Meniň bolsa boş günümdi, näçe ýatsaň ýatmalydy. Ol emaý bilen paltosyny alyp, onuň deregine odeýalyny üstüme atdy-da, daraklygyna basyp çykyp gitdi…

Soň bir gezek başga bir myhmanhanada, başga bir kärdeşim bilen sowuk gijeleriň birini geçirmeli bolduk. Peçi düzüwdi, ýöne içinde ot ýanmaýandygy üçin peç bizden beter, biz peçden beter gagşaýardyk. Odeýalyň aşagyndan ýoldaşymyň sesi geldi: «Sen bir ýaş oglan. Üşäp durasyň ýok. Odeýalyň birini biz ýaly ýaşulynyň üstüne oklaýmaly ahbetin!» Derrew turdum-da, odeýalymyň iň gowusyny onuň üstüne ýapdym. Dogrudanam üşemedim, ýöne onuň sözleri meni azda-kände üşetdi». Şu ýatlamadan görşümiz ýaly, Gara Seýitliýewden islendik pursatda öwrenmeli zat kän.  Juda inçe duýguly şahyryň dosta wepalylygy, onuň hatda gije ukudan oýananda-da, töweregindäkileriň ukusyna päsgel bermezlik üçin ýuwaşlyk bilen hereket etmegi gaty oýlanyşykly häsiýetini görkezýär. Kerim aganyň ýene şeýle ýatlamalary bar. Olaryň her haýsyndan Gara Seýitliýewiň häsiýet aýratynlyklaryny görüp bolýar. Ýaşlara sargyt, wesýet hökmündäki  ýatlamalar.

«Gara Seýitliýewe täze ýazan goşgymy okap berdiim. Ol dymdy. Soňra bolsa myssyk, owadan elini stolyň üstünden üstaşyr maňa uzatdy-da elimi eliniň içinde ep-esli saklady: onuň ýylysy henizem aýamyň içinden gidenok. Soň bir gezek ýene-de täze goşgymy okap berdim. Ol dymdy. Emma bu gezek elini uzatmady-da, gürrüňi başga ýana sowdy. Hindistan hakynda gyzykly gürrüň bermäge başlady. Meniň üçin hemme zat düşnüklidi. Muny näme üçin gürrüň berýärkäm? Häzir meni şeýle bir duýgy gurşap aldy. Döredijilik adamyň dosty nähili bolmaly? Mahriban bolmalymy! Gazaply bolmalymy!Ýaş döredijilere şeýle dostlary arzuw edýärin».

«Gara  Seýitliýew ýogalan gününiň ertesi şahyryň täze kitaby hakynda gyssagly makala ýazyp bermegimi haýyş etdiler. Men redaksiýa minnetdarlyk bildirdim hem-de bu haýyşy ýakyn wagtlarda ýerine ýetirip biljekdigimi aýtdym. Redaktor geň gördi. Emma bu ýerde geň görer ýaly zat ýokdy: şeýle eziz görýän kärdeşim hem ýoldaşym hakynda ýürek ýarasy bitişýänçä edebi oýlanmalara batyp biljek däldim. Häzirlikçe ol meniň ukybymdan ýokardaky zatdy». Ynha, şeýle ýatlamalardan Kerim şahyryň kärdeşi Gara Seýitliýew bilen ýakyn dostlugyna göz ýetirip bolýar. Şahyr dünýeden gaýdanda oňa gynanç bildirip Kerim aga ilkinjileriň biri bolup makala ýazypdyr. Onuň:

«Gara gitdi… Biz bu sözleri ozallaram eşidýärdik. Gara Moskwa gitdi, Gara Hindistana gitdi… Bu gezek Gara biz bilen ebedi hoşlaşyp gitdi: indi bize ony hiç haçan görme ýok… diýip başlanýan ýazgysyny tolgunman okamak mümkin däl. «Gara Seýitliýewiň keselhanadaky kagyzlarynyň arasyndan birnäçe çap edilmedik goşgularyny tapdym. Ýene-de ýaňy iki setir ýazyp başlan gutarylmadyk bir goşgy bar eken. Okadym. Inim dyglap gitdi. Ol goşgy şahyryň öz halky bilen hoşlaşyk goşgusydy.

«Hoş meniň sapaly, owadan halkym.

Hoş meniň mähriban, jana-jan halkym!..»

Ol özüniň iň soňky deminde-de mähriban, jana-jan halky bilen hoşlaşmagy unutmandy» diýip, şol setirleriň birini söz başa çykarypdyr.

«Gara Seýitliýew seýrek adamlaryň hilindendi. Ony köp halatlarda — begençli, gynançly günlerde-de, parahat imisala günlerde-de görmek maňa köp gezek miýesser etdi. Onuň gylyk-häsiýetinde, edim-gylymynda juda haýran galdyrýan beýiklikler köpdi. Şol beýiklikleriň içinde aýratyn bir beýigi bardy. Men onuň öz işi bilen mübtela wagtlaryna bir gezegem sataşmadym. Hat-da taýyn duran eserini Moskwa, Aşgabat neşirýatlaryna ýollamaga-da wagt tapmazdy. Wagty bolaýanda-da ýadyna düşmezdi. Özümiz ýatladýardyk, tapyşdyryp ýygnaşdyryp özümiz ýerli ýerine ibererdik. Ol il-gün üçin ýaran adamdy. Soňky çap edilen goşgusyny ol agyr ýagdaýda ýatyrka keselhanada ýazypdy» diýip, Kerim aga adamkärçiligiň ähli beýik taraplaryny özünde jemlän Gara Seýitliýewi pursatlaryň üsti bilen ýatlap, onuň neneňsi beýik şahsyýet bolandygyny okyjylara ýetiripdir.

Aýdymçy şahyrlaň kerwenbaşysy Gara Seýitliýew 1915-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Bäherden raýonynyň Garagan obasynda doglan. Tebigatyň waspçysy şahyr Mämmet Seýidowyň: «Sygan bagşyň, Gara Seýitliň obasy» diýen setirleri ýadyňyzdadyr. Şahyr «sygan» lakamly meşhur bagşy Orazgeldi Ylýasowyň obadaşy. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýew «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni bilen iki gezek şeýle hem «Hormat nyşany» ordeni, «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda zähmetde edermenligi üçin» diýen medal bilen, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň hormat Hatlary bilen sylaglanypdyr.1950-nji ýyldan SSKP-niň çleni, Türkmenistan MK-nyň çleni, TSSR Ýokary Sowetiniň deputaty, Türkmenistan SSR Medeniýet ministri ýaly uly wezipelerde işläpdir. Ol ilki Bäherdendäki internatda okaýar, soňra paýtagtymyzdaky mugallymçylyk tehnikumynda okap, 1932-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. 17 ýaşynda umumy bilim berýän orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolýar. Onuň ilkinji zähmet ýoly Gyzylarbat şäherinde türkmen dili we edebiýaty ugrundan özünden sähelçe kiçilere sapak bermekden başlaýar. Ýaşlykda ylym-bilime höwesli bolansoň, 1937-nji ýylda Azerbaýjandaky mugallymçylyk institutynyň filologiýa fakultetine okuwa girýär. 1941-nji ýylda-da instituty tamamlaýar.  Şondan soňky ýyllarda TSSR Ministrler Sowetiniň ýanyndaky Sungat işleri boýunça uprawleniýede işleýär, TSSR Ýazyjylar soýuzynyň başlygy, Daşary ýurtlar bilen dostluk we medeni aragatnaşyk jemgyýetiniň başlygy bolup işleýär. 1963-nji ýyldan Türkmenistanyň Medeniýet ministri wezipesinde işlän Gara Seýitliýew diňe bir ýurdumyzda däl, ýurdumyzyň daşynda-da giňden tanalýan uly şahyr. Jahankeşde şahyr dünýäniň köp ýurtlaryna aýlanýar. Eýran, Hindistan, Pakistan hakynda onlarça goşgulardyr poemalary döredýär. Onuň «Köpetdagdan aňyrda», «Maşadyň derwezesinde», «Hindistanyň gülleri», «Kelketde», «Täçmahal», «Tagoryň myhmany» we başga-da birnäçe eserleri syýahatçylykdaka özünde galan täsirler bilen döreden eserleridir. Onuň eserleri ýurdumyzda şeýle hem ýurdumyzyň çäginden daşarda birnäçe halklaryň dillerinde uly tiražlar bilen neşir edildi. Gara Seýitliýew döredijilige geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda goşgy ýazmakdan başlaýar. Onuň «Okuwçy gyza» atly ilkinji goşgusy 1937-nji ýylda neşir edilýär. Pýessalary ýurdumyzyň teatr sahnalarynda goýuldy. Ol kärdeşleri bilen bilelikde-de uly göwrümli eserleriň ençemesini döredýär. Dramaturg Guseýin Muhtarow bilen bilelikde «Kümüş gapyrjak», «Copan ogly», «Bagbanyň gyzy», «Syrly hat», «Kakamyň arzuwy» ýaly başga-da birnäçe pýessalary, «Aýna» operasynyň librettosyny, Alty Garlyýew bilen bilelikde «Güneşli ülkede librettolary ýazýar. Şahyryň zähmet hem durmuş ýoly hakynda dürli ýyllarda ýazylan arhiw ýazgylary okadygyňça ýa-da onuň bilen işleşip ýakyndan tanaýan halypalary diňläniňde-de,  abraýy gözümiziň öňünde hasam beýgelip barýan ýaly täsir edýär. Ýatlamalary bir sapaga düzdügiňçe Gara Seýitliýewiň belent adamkärçiligi, işjanlylygy, zehinli şahyrlygy umuman, ähli taraplaýyn dünýäsi aýdyň açylýar. Şahyryň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan makalalardan bir parça:

«1965-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen özbek edebiýatynyň günleriniň jemleýji dabarasy uniwersitetiň mejlisler zalynda geçirildi. Doganlyk ýurtdan gelen myhmanlara Özbegistanyň belli şahyry Gapur Gulam ýolbaşçylyk edýärdi. Birnäçe myhmanlardan soň Gapur Gulam dabarada çykyş edip: «Barsagelmez diýen ýere baryp gördük. Ol indi Barsageler. Barsageler bolupdyr. Daşhowza baryp gördük ol Daşhowuz däl, Ýaşhowuz bolupdyr. Bedirkende baryp gördük, ol Bedirkent däl, Gadyrkent bolupdyr» diýip türkmen durmuşyny mahabatlandyrdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministri Gara Seýitliýewdi. Şonda ol söz sözläp:

«Özbek ili, türkmen ili gadymdan,

Jeýhun derýaň kenarynda berkarar,

Özbek ili, türkmen ili gadymdan

Iki dogan bir-birine howandar» diýen setirler bilen başlaýan «Doganlyk aýdymy» goşgusyny okady. Zalda oturanlar ör turup, dabara uly şowhuna öwrüldi. Gapur Gulam Gara Seýitliýewi doganlarça gujaklap bagryna basdy. Bu pursadyň täsin duýgusyny söz bilen beýan etmek mümkin däl» diýlip ýazylan ýazgydan Gara Seýitliýewiň dogumly, dilewar, iş başarjaň ýolbaşçy bolandygyna göz ýetirip bolýar.

«Ýaşlaryň döredijiligine bagyşlanyp türkmen edebiýatynyň Orsýetde geçirilen günlerine gatnaşan Guseýin Muhtarow şol günlerden özünde galan täsirler hakda söhbet edip, «Amerikada rus dilini öwrenýänler Gara Seýitliýewiň Moskwada neşir edilen goşgular kitabyny okaýarlar» diýip aýtdylar. Muňa buýsanmazlyk mümkin däl» diýen ýazga-da gabat geldim. Ýazgylary okap oturyşyma halypa şahyr Baýram Jütdiýewe jaň aýlap, Gara Seýitliýewiň döredijiliginden söz açdym. Ýaşuly şahyr saglyk-amanlyk soraşdy-da: — Jigim, geçen asyryň 60-njy, 70-nji, 80-nji ýyllaryndaky türkmen poeziýasyna gelen ýazyjy-şahyrlaryň hemmesem şahsyýetdir. Olar ýöne bir Hudaý tarapyn döräpdir. Olarda okara zat kändir. Gara Seýitliýewem şol şahsyýetleň biri. «Ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar» diýen setiriniň özi nämä degmeýär? Onuň:

«Dogaňda dogupsyň gaşy sürmeli,

Zülpleriňi ogşap-ogşap örmeli,

Bagty görmek islän seni görmeli,

Düşümlidir, Gülüm, aýagyň seniň.

Ölmez, Güljahanym saňa ýar bolan,

Gülmez Güljahanym saňa zar bolan» diýen setirleri türkmen ruhunyň kämilliginden gaýdýar ahyry» diýdi. Haýran galdym. Baýram aga jaň eden badyma gepleýşinden ýarawsyz haldaky keşpde, haçan-da aýdym ýaly owazlandyryp goşgy okanda welin, ol uly bir dabarada münberde çykyş edýän ýaly duýuldy. Onuň Gara Seýitliýewiň döredijiligine-de, adamkärçiligine-de hormatynyň uludygyna gaýtadan göz ýetirdim. «Ýagşylykda özün ile tanydan, Alkyş alyp derejesi zor bolar» diýen dana Pyragynyň setirleri hakydama geldi. Dünýeden öteňsoňam ýagşylykda ýatlanyp, halkyň ýüreginde ýaşamak dirilikde bitiren uly hyzmatlaryň bilen bagly. Gara Seýitliýewi ýaşlary goldamakda bitiren hyzmatlary üçinem döwürdeş sungat wekillerimiz kän ýatlaýarlar.

Beýik halypalarymyzyň biri Berdinazar Hudaýnazarowyň: «Gara Seýitliýewiň kömek beren adamlary biçak kändir. Ol diňe bir umumy medeniýetimiziň ösmegine ägirt uly goşant goşmak bilen çäklenmän, ýaňy döredijilik işine gadam basan ýaşlara, ýeke-ýekelikde-de goldaw beren adamdy. Menem onuň şol goldaw beren adamlarynyň biri. Ellinji ýyllarda Garagum kanalynyň boýlarynda işläp ýörkäm meniň goşgularymyň hem «Gyzgyn sähra» poemamyň okyjylar köpçüligine tarap ýol salmagynda uly şahyryň uly goşandy bolupdy. Ol meniň döredijiligime diňe bir ak ýol arzuw etmek bilen çäklenmän, eýsem onuň beýik rus halkynyň diline geçirilip, tutuş ýurdumyza ýaýramagyna ýardam edipdi. Moskwaly şahyr Ýuriý Lewitanskiý Pöwrizedäki döredijilik öýünde ýörite işläp, «Gyzgyn sähra» eserimi rus diline geçiripdi. Şuny-da Gara Seýitliýew gurapdy. Ol edebiýatçylardan, döredijilik adamlaryndan örän talabedijidi. Körzehinleriň edebiýata iňňän köp zyýan ýetirýändigine bizi ynandyrýardy. Şeýle tutanýerli adamyň elmydama küýselip ýörülmegem hut şonuň üçindir» diýen sözleri Gara Seýitliýewiň dörediji ýaşlary goldamakdaky  hyzmatlarynyň aýdyň subutnamasy. Şahyryň şanyna aýdylan we aýdylýan şu hili öwgüli ýatlamalar bolsa örän kän. Olary tanymal sungat wekilleriniň gürrüň bermeginde-de kän diňledim. Öňräk halypa ýazyjymyz Hudaýberdi Bäşimow bilen gürrüňdeş bolduk. Ol ömrüniň kyrk iki ýylyny Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işlänsoň, ondan Gara Seýitliýew hakynda soradym. «Gara Seýitliýew hakynda gürrüň bermeli bolsam, ilki bilen hökman kompozitor Daňatar Öwezowly bir ýatlamadan başlamaly bolýan. Daňatar aganyň gözi gaty gowy görmänsoň, kän ýyllap idip gezdim. 1962-nji ýylda Daşkentde instituty gutaryp gelemde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işe alyp galdylar. Gara Seýitliýew medeniýet ministridi.

Türkmenistanyň 40 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabara taýýarlyk görmek üçin Daňatar Öwezow, tans goýujy Enwer Azyzow dagy bilen döredijilik topary bolup Lebaba iş saparyna gitdik. Saýat etrabynda köne tipdäki «Medeniýet öýi» bardy. Şol ýerde Enwer Azyzow Gara Seýitliýewiň goşgusyna Daňatar aganyň sazyna döredilen «Kyrk baharyň gülleri» aýdyma tans goýdy. Öz döreden sazy bolansoň Daňatar Öwezow sazyny çaldy. Bir pursat ýadymdan çykanok. Sapardan gaýtjak wagtymyz bir süri gyz elleri gülli geldiler. Otuz-kyrk sany gyz bar. Daňatar agany gutladylar. Şeýle uly hormat bilen sarpalandy welin pahyr begenjinden aglap: «Munça hormatdan soň bu gyzlary wasp edip aýdym döretmän gitsek göwnüme laýyk däl» diýdi. Şonda ol: «Haly dokar bal Saýadyň gyzlary diýeýinmi ýa-da pagta ýygar bal Saýadyň gyzlary diýeýinmi?» diýip gyzlardan sorady. «Haly dokar diýiň» diýdiler. Onsoň Daňatar aga: «Şu zeýilli goşgy gerek, bogun sany şeýleräk bolsun» diýip Gara Seýitliýewe jaň etdi. Gara Seýitli: «Ýanyňdaky bihepbe hiç zat oňaranokmy, ýa seni idip ýöreni bilen oňup ýörmi?» diýip meniň adyma igendi. Men bolsa ýaş hünärmen o zatlardan başym çykanokdy. Onsoň Gara aganyň özi işiniň känligine garamazdan derrew goşgy ýazypdyr. Gije sagat ikilere-üçlere ýazan goşgusyny telefonda okap berdi. Menem diňläp ýazyp aldym. Şeýdip «Bal Saýadyň gyzlary» aýdymy döredildi. Şol wagtlar kosmonawtlaň aýa uçan günleridi. Daňatar aga Gara Seýitliýewiň sözlerine «Kosmonawtlar uçdular» atly aýdymy-da döretdi. Şeýlelik bilen «Kyrk baharyň gülleri», «Kosmonawtlar uçdular» hemem «Bal Saýadyň gyzlary» atly üç aýdymy toýa taýýarlap üç günlük iş sapardan on dört günde dolanyp geldik.

Gara Seýitliýew döwrüň sesine ilkinji bolup ses goşup bilýän şahyrdy. Haýsy temadan bolsun dessine seslenip bilýärdi. Gowaçanyň köküne zyýan berýän «Karandirin» türkmençe «Garadiriň» diýen gurçuk bardy. Şoňa garşy göreşmek bilen bagly:

«Gel, ýaryşsaň Karandirin,

Menem şahyr Garadyryn» diýip ýazan goşgusy ýadymda galypdyr.

Gara Seýitliýew juda işeňňir adamdy. Sürüjisine üç-dört sany somsa getirdibem, işläp oturan ýerinde garbanyp oňaýardy. «Ministrdirin» diýip, arkaýyn oturyp günortanlyk edinenine gabat gelmedik. Işjanlylygy ýaly töweregindäkilerdenem diýseň talabedijidi. Taňryguly Taganow ikisi «Diri mazarlar» atly drama eserini ýazdy. Şol eseriň esasynda opera ýazjak boldular. «Gowy at tapsaňyzlaň» diýdi. Menem «Gowgaly gije» diýseňizläň — diýdim. Şondan soň Gara aga bilen gatnaşygymyz hasam gowulandy.

Köplenç çilim üçin otlyçöp soraýardy. Çilimini otlansoňam otlyçöpi  tahylyna ýa-da jübüsine salardy. Jübüsinde-de, tahylynda-da otlyçöp üýşüp durandyr, emma  özi bilenokdy. Kellesi mydama goşgudan doly adamdy. Ol şol ýerde okansoňmy, Azerbaýjan dilini suwara bilýärdi. Ministr bolansoň Azerbaýjanyň medeniýet ministrligi bilen gepleşende, gözüň bilen görmeseň Azebaýjandan myhman gelendir öýtdürýärdi. Onuň bilen kän ýyl bile işleşdik. Gara Seýitliýew bilen bagly aýdara ýatlama köp.

Bir gezek ýapyk konkursda Gara Seýitli üçünji baýrak menem birinji baýrak aldym. Kän wagt oňa görünmän bukulyp gezdim. Birden gabatlaşdy. «Nämä menden gaçyp ýörsüň? Bu hereketiň nädogry. Bir mahal konkursda Berdi Kerbaba üçünji  baýrak alanda menem birinji baýrak alypdym. Gep baýrakda däl, şägirt ýetişdirmekde. Wagt geler, senem üçünji  baýrak alarsyň, şägirtleň birinji baýrak alar» diýdi. «Gaýta-gaýta nygtaýar» diýme, ol ýaş zehinleri diýseň goldardy. Öz ýazan goşgularyny olara okap bererdi. Agşam ýazan goşgularyny olara «okap görüň» diýip bererdi. Obalardan Mämi Çaryýew, Oguljan Makyýewa, Annaberdi Atdanow we başga-da kän zehinleri tapyp getirerdi.

Kompozitor Ata Esadow Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň başlygydy, Aşyr Mämiliýew Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň sungat bölüminiň başlygydy. Uly baýramçylyk üçin doganlyk halklaryň käbir wekilleri Moskwadan myhman çagyryp şolardan öwrenip baýramçylyga taýýarlyk gördüler. Gara Seýitli bolsa: «Şu ikisem ýeterlik» diýdi. Ol hakyky iş başarjak zehinleri gowy tanaýardy.

Bir gezegem şeýle waka boldy. Kimdir biri üstümden golsuz arza ýazypdyr. Ministr bolansoň, iş otagyna çagyryp okady. Arzada ýazylan senede men Aşgabatda-da däldim. Onsoň «häzir gelýän» — diýip daş çykdymda, konselýariýadan Gara Seýitliň öz goly bilen iş sapara ugradan delilnamasyny getirdim. Okap gördi-de, golsuz arzany gözümiň alnynda ýyrtdy» diýip gürrüň berdi.

Çak bilen «Türkmenistanyň  sungatda at gazanan işgäri» režissýor Bilbil Mämmedowam Gara Seýitliýew hakynda gürrüň berip bilmegi mümkin diýip, ýakynda onuň iş ýerine bardym. Ol: «1968-nji ýylda Moskwadan talyplary kabul etmek üçin paýtagtymyza synag topary geldi. Ýurdumyzyň welaýatlaryndan  bir topar ýaşlar synaga gatnaşdylar. Üç gezekki synagdan soň Moskwa okuwa gitdik. Institutyň talyby bolup okap ýörkäk her gezekki ýarym ýyllyk synag döwrümiziň öň ýanynda Gara Seýitliýew Nutdy Nurmyradow bilen barýardy. Tä, biz synaglardan geçýänçäk töweregimizde bolardylar. «Geljekde siziň üçin ýörite teatr açmagy göz öňünde tutýas. Gowy okap, öz hünäriňizden öwredilenleri öwrenjek boluň!» diýip maslahat bererdi. «Nämeden kösenýän bolsaňyz aýdyň» diýip gyzyklanýardy. Bir gezek sahna üçin türkmen milli egin- eşikleriniň, esbaplarynyň ýetmezçiliginden kösenýändigimizi aýtdyk. Iki hepde-de ähli gerek zatlarymyz bilen üpjün edildi» diýip, Bilbil däde gürrüňini onuň döredijiligi bilen bagly söhbede syrykdyrdy. Birdenem: «Wiý, ýogsa-da, teatrymyzda Gara Seýitliýewiň agtygy Selbi Seýitliýewa işe başlady. Belki, ol maşgala durmuşlary hakynda gürrüň berer. Gürrüňdeş bolup görüň!» diýip salgy berip onuň bilen tanyşdyrdy.

Selbi: «Atam Gara Seýitliýewiň Myrat, Ilmyrat, Akmyrat atly üç ogly bardy. Häzir iki ogly ýogalan. Ogullaryndan dört agtygy bar. Men körpe ogly Akmyradyň körpe gyzy. Biz iki gyz dogan. Uly gyz doganym Ogulsona atamyň ejesiniň at dakylany. Ogulsona-da menem Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamladyk. Doganym Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda işleýär. Men dramaturgiýa hünärinden okuwymy şu ýyl tamamladym. Birnäçe drama eserleri ýazdym, birnäçesini türkmen diline terjime etdim. Başardygymdan hünär kämilligimi artdyrmak üçin yhlas edýärin. «Terbiýe» atly ýazan drama eserimi halypa ýazyjy Hudaýberdi Bäşimowa okatdym. Hudaýberdi mugallym syn ýazdy. Onda: «Meni awtoryň nesil terbiýesi baradaky işi haýran galdyrdy. Ýaş awtor rowaýatlara, tymsallara, nakyllara, şahyrana eserlere esaslanyp, wajyp meseläni gozgaýar. Eser bir görseň kompozisiýa ýaly, bir görseň ssenariý ýaly, hakykatda welin,  içki dartgynlyklar bilen bezelen drama eseri. Munda sahnalar yzygiderli, täsirli ulanylýar. Onsoň eseriň awtory bilen gürrüňdeş boldum. Maşgala durmuşy bilen tanyşdym. Halypam Gara Seýitliň agtygydygyny bilip hasam begendim. Başlangyç ädimde onuň şeýle tema ýüzlenmegi, uzagyndan ata-enesi, ejesi, uýasy ýaly terbiýeçi boljakdygyna ynandyrdy. Beýleki temalardanam, ynsan borjy bolan il-gün hakdaky aladalary barada diňe bir dramaturgiýada däl, eýsem ylmy iş hem ýazyp biljekdigine göz ýetirdim» diýip, ak ýol arzuw etdi. Uly halypalaryň şeýle ynamlary yhlasly işlemäge borçlandyrýar.

Ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda işe başladym. Ejem çagalar bagynda terbiýeçi bolup işleýär. Biz atamyzy görmedik. Ejem durmuşa çykyp gelende eýýäm atam ýogalan eken, ýöne enem pahyr atam barada kän gürrüň berýärdi. Enemem 2015-nji ýylda ýogalaýdy.

Diplom işimi «Gara Seýitliýewiň ömri we döredijiligi» diýen temadan ýazdym. Şonda atam bilen bagly arhiw ýazgylary kän öwrendim. Atamyň şeýle uly abraýyna buýsandym hemem medeniýet ulgamynyň işgäri hökmünde uly jogapkärçiligimiň bardygy hakynda oýlandyrdy.

Atamyň doglan gününiň 70 ýyllygyna dramaturg Aşyr Mämiliýewiň: «Uly şahyryň akyl-paýhasyna, halk bähbidini araýanyna, döwlet möçberli düýpli meseleleriň çözülmeginiň tagallasyna dalaş edýändigine onuň bilen işleşip başlan pursatymdan göz ýetirdim. Daşyndan göreniňde ýowuz adama çalym edýän Gara Seýitliýew iňňän dogruçyl, adamlar barada aladaçyl, ynsanperwer, açyk göwünli ýoldaşdy. Onuň ajaýyp guramaçydygy haýran galdyrýardy. Onuň halk medeniýetini ösdürmekdäki göreldesi ýaşlar üçin uly bir mekdepdi. Meşhur şahyrlygynyň daşyndan ol uly dramaturgdy, görnükli jemgyýetçilik işgäridi. Onuň oý pikiri elmydama halkyň, işdeş ýoldaşlarynyň, dost-ýarlarynyň aladasydy. Ol agyr ýatyrka 1971-nji ýylyň 30-njy aprelinde keselhana soramaga bardym. Şonda-da ol gürrüňçilikden soň biziň aladamyzy edýär. «1-nji Maý baýramçylygyna taýýarlandyňyzmy? Agzybirlik bilen baýramçylyga çykyň!» diýip sargaýardy. Halypamyzy hemişe ýatlap ýörüs. Döredijilikde, işimizde onuň wesýetlerine wepaly bolmaga çalyşýarys» diýip ýazan ýatlamasy ýadyma düşýär.

Kompozitor Çary Nurymowyň atamyň «Näzlim uz maňa» goşgusyna döreden aýdymy häzirki wagtda-da teleradioýaýlymlarda ýaňlanyp dur. Her gezek diňlämde Çary Nurymowyň: «Gara Seýitliýew aýdym-saza biçak gowy düşünýän, inçeden yzarlaýan ussatdy. Onuň bilen işleşmek ýeňildi, lezzetlidi. Arman onuň bilen uzak işleşmek miýeser etmedi» diýip ýazan ýatlamasy hakydamda janlanýar. Atamyň goşgularyna döredilen ol aýdymlar türkmen aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyna girdi» diýip buýsanjyny beýan etdi. Hakykatdanam şeýle. Gara Seýitliýewiň ömri aýdym-saz bolup ýaşaýar.

Akgül Saparowa

 

Ýene-de okaň

Azat Rahmanow: halk döredijiligini halypa tutunan şahyr

Altymuhammet Bähbidow: arheolog Wiktor Sarianidiniň şägirdi

Gurbanjemal Ylýasowa: kämile gol bergen ussat         

Ata Watan Eserleri

Hojaguly Narlyýew: kino sungatynyň ägirdi

Ata Watan Eserleri

Nurberdi Gulow: çopan ýolunyň ussady

Bäşgeldi Garajaýew: Dekorasiýa sungatynyň ussady