Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyna badalga bermek mynasybetli dabara geçirildi. Bu barada “oilgas.gov.tm” internet neşirinde bellenilip geçilýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine aýratyn çylşyrymly guýularyň üçüsiniň gurluşygyna badalga bermek hem-de ulanmaga tabşyrmak barada «СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited» (HHR) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Olaryň her biriniň ortaça gije-gündiziň dowamynda tebigy gazyň 3 million kubmetrine golaý önümini bermegine garaşylýar. Taslamanyň möhleti 30 aý bolup, 2007-nji ýylda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda kompaniýanyň hyzmatlarynyň tölegi, tebigy gazy üç ýylyň dowamynda HHR-e ibermegiň hasabyna amala aşyrylar.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary ýurdumyzyň gaz pudagy üçin möhüm bolan waka — «Galkynyş» gaz käninde täze guýularyň gurlup başlanmagy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini belläp geçdi.
Dabarada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen, Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Çen Huaýlu çykyş etdiler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler, Ýolöten etrabyndaky «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýularynyň ähmiýeti bilen tanyşdyrýan wideofilme uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Soňra «Türkmengaz» döwlet konserniniň hünärmeni, teleköpri arkaly hormatly Prezidentimizden «Galkynyş» gaz käniniň nobatdaky gaz guýusynyň buraw işlerine ak pata bermegini uly hormat bilen haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz dabaraly ýagdaýda «Galkynyş» gaz käniniň gaz guýusynda buraw işlerine ak pata berip, ýorite taýýarlanylan düwmäni basýar.
Şeýlelikde, dabara gatnaşyjylar «Galkynyş» gaz käninde gaz guýusyndaky buraw işleriniň dabaraly başlanyşyna uly ruhubelentlik bilen teleköpri arkaly syn etdiler.
“GALKYNYŞ” GAZ KÄNI
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolup, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň sazlaşykly depginlerini üpjün etmekde onuň ähmiýeti örän uludyr.
Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, ekologiýa taýdan arassa ýangyjy dünýä bazarlaryna ugratmagyň köpugurly düzümini döredýär. Pudagyň çig mal binýadyny berkitmek, täze ýataklary, şol sanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda, Amyderýa sebitinde, Merkezi Garagumda we ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek boýunça wezipeler üstünlikli çözülýär.
Dünýäde iri «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan ulanmaga berilmegi bu ugurda giň gerimli taslamalaryň biri boldy. Onuň gorlary Ýaşlar we Garaköl ýataklary bilen bilelikde 27 trillion kubmetre golaý möçberde kesgitlendi.
Bu ägirt uly gaz käni açylandan soň Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny ynamly eýeleýär.
Bu ýerde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan gözleg-barlag işlerine alnyp barylýar. Şunda uglewodorod çig malynyň senagat akymlaryny beren guýularyň her biri dürli çuňluklarda ýerleşen önümli gatlaklaryň birnäçesini öz içine alýardy.
2009-njy ýylyň dekabrynda «Türkmengaz» döwlet konserni «CNPC Chuanging Drilling Engineering Company Limited» (HHR), «Gulf Oil & Gas Fze» we «Petrofac International (UAE) LLC» (BAE) kompaniýalary hem-de «LG International Cоrp.» we «Hyundai Engineering Co. Ltd» (Günorta Koreýa) kompaniýalar konsorsiumy bilen «Galkynyş» gaz käninde ulanyş guýularyny we ýerüsti desgalary taslamak we gurmak hakynda şertnamalary baglaşdy.
Şol işleriň depginini çaltlandyrmak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de HHR-niň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Çarçuwaly Ylalaşyga laýyklykda, Hytaýyň Döwlet ösüş banky (HDÖB) tarapyndan berlen ABŞ-nyň 8,1 milliard dollary möçberinde karz serişdeleri çekildi. Möhleti 7 we 10 ýyl bolan aýry-aýry karz ylalaşyklary «Türkmengaz» döwlet konserniniň, HDÖB-niň hem-de «PetroChina» kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy. Häzir şol karz serişdeleri dolulygyna gaýtaryldy.
GAZ KÄNI ÜSTÜNLIKLI ÖZLEŞDIRILÝÄR
«Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan gurmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde guýularyň 22-si, umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň 30 milliard kubmetrine deň bolan gazy gaýtadan işleýän toplumlaryň ikisi guruldy. Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen gazy gaýtadan işleýän önümçilikler uglewodorod çig malyny ilkinji taýýarlaýan, gazy arassalaýan we guradýan, uglewodorod kondensatyny durnuklaşdyrýan desgalary, şeýle hem kükürdi külkeleýji we gaplaýjy desgany öz içine alýar. Inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny, kuwwaty 75 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny, suw, gaz, energiýa üpjünçilik ulgamlaryny, eltiji ýollary gurmak boýunça işleriň uly möçberi ýerine ýetirildi.
2013-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda şol desgalary işe girizmek boýunça guralan dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin gatnaşdylar. Bu waka Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen üstünlikli ösdürýän strategik hyzmatdaşlygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
«Galkynyş» gaz käninde gazy çykarmak, toplamak, gaýtadan işlemek we ugratmak bilen bagly ähli tehnologik işleriň doly awtomatlaşdyrylyp, dispetçerçilik nokatlarynyň desgalaryň ygtybarly işlemegini we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edýän elektron we beýleki ýörite enjamlar bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.
Käniň çäklerinde wahta usuly bilen işleýän hünärmenleriň ýaşamagy üçin iki sany şäherçe hem guruldy. Olarda adamlaryň oňaýly ýaşamagy, dynç almagy hem-de medeni-köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi üçin ähli şertler döredildi.
Häzir meýdany 4 müň inedördül kilometrden gowrak bolan ýatagyň ulanyş gaznasynda guýularyň 45-si bolup, olaryň her biriniň önüm berijiligi ortaça bir gije-gündizde gazyň iki million kubmetrine barabardyr.
Şonuň bilen birlikde gaz käniniň demirgazyk-günbatar we günorta-gündogar ugurlarda eýe bolan meýdanynyň çäklerinden daşary çykýanlygynyň uly ähtimallygy bar. Goşmaça maglumatlar alnandan soň «Galkynyş» gaz käniniň gorlarynyň has-da artmagy barada çaklamanyň tassyklanmagyna garaşylýar.
«Galkynyş» gaz käni Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal çeşmeleriniň biri bolup, onda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan döretmek pikiri öz beýanyny tapdy. Bu energetika ulgamy — XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biri bolmak bilen, onuň taslamasy halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli erk-islegiň, netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň özboluşly nusgasyna öwrüldi.
2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda işe girizilen gaz geçiriji bir ýylda gazyň 40 milliard kubmetrini akdyrmaga ukyply bolup, onuň üç şahasynyň (A,W we S) geçirijilik ukyby 55 milliard kubmetre barabardyr.
Lebap welaýatynyň «Malaý» gaz ýatagynda täze gazkompressor stansiýasynyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi gözbaşyny şol ýerden alýar.
Kuwwaty ýylda tebigy gazyň 30 milliard kubmetrine deň bolan täze beket iki sehden ybarat. Olaryň birinjisiniň wezipesi — «Malaý» ýatagyny doly özleşdirmek bolup durýar. Ikinji seh «Galkynyş» we «Döwletabat» ýataklarynyň gazyny ýokary basyş bilen Malaý — Bagtyýarlyk gaz geçirijisine akdyrmak üçin niýetlenendir.
Bu çäre dünýäniň energetika döwleti bolan Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyny amala aşyrmak baradaky meseleleri çözmäge netijeli çemeleşýändigini görkezýär. Dürli ugurlarda baý tejribesi hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bolan dünýäniň onlarça döwletleri, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak bilen, Türkmenistan özüni jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Bu gün nebitgaz toplumynda çözülýän wezipeleriň gerimi uly ykdysady bähbidiň şertlerinde degişli ugurda giň halkara hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýar.
Türkiýäniň Bilim Geňeşligi:resminamalarda onlaýn nobat