BIZNESSIZDEN GELENLER

Gahryman Zenanyň Kyblasy – Şägirt Hakydasynda

Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda 1979 – 1982-nji ýyllarda terbiýeçi bolup işlän, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň kakasy Baýty Şagulyýew barada bu bilim ojagynyň ýaşuly mugallymy Oraz Garaýewiň ýatlamalaryndan

Baýty Şagulyýew köp ýyllaryň dowamynda Sakarçäge etrabynyň häkimi bolup işläp, hormatly zähmet rugsadyna çykanyndan soň, 1979-njy ýylyň 2-nji ýanwarynda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň umumy ýaşaýyş jaýynda terbiýeçi bolup işe gelýär. Şol döwürlerde Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi Proftehuçilişçe diýlip atlandyrylypdyr. Proftehuçilişäniň ilkinji açylan ýylynda, bu ýerde önümçilik okuwyny döwrebap gurnamaklyk maksady bilen “Marygazçykaryş” kärhanasy öz garamagynda işläp ýören ýaş hünärmenlerden birnäçe adamy uçilişä ýollapdyr. Şolaryň birem bu mekdebiň okuw binasynyň açylan mahalyndan bäri zähmet çekip gelýän halypa mugallym Oraz Garaýew bolupdyr. Bu mugallyma önümçilikden gelip, bilim edarasynda işlemek ilkibada ýeňil bolmandyr. Ýöne, Oraz Garaýew bu ýerde ýarym ýyl işläninden soňra Baýty Şagulyýew işe gelip, oňa ýakyndan ýardam edip, goldaw-hemaýat kömegini beripdir, ony ýaş hünärmen hökmünde penalapdyr. Bu bolsa Oraz Garaýewiň mugallymçylyk işinden basym baş alyp çykmagyna, ussat hünärmen bolup ýetişmegine ýardam edipdir. Proftehuçilişçäniň – häzirki Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň ilki açylan ýyllary ýaşlary okuwa çekmegem ýeňil bolmandyr. Bu bilim ojagynyň işgärleri oba-oba, mekdep-mekdep aýlanyp, adamlara nebitgaz senagatynyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli pudakdygyny degerli we esasly deliller esasynda düşündirip, ýaşlary okuwa çekmeli bolupdyrlar. Çünki, şol wagtlar nebitgaz pudagynyň işi halka tanyş däldi, pudagyň  işleri halk üçin diýseň garaňkydy. Ýagny, adamlar nebitgazly ýataklaryň ilatly punktlardan daşda ýerleşýändigi sebäpli hem, öz çagalaryny bu ugurdan hünärmen edip ýetişdirmeklik üçin okuwa  ibermegi birbada kyn görüpdirler. Şeýle-de bolsa, Oraz Garaýew bilen Baýty Şagulyýewiň irginsiz zähmeti netijesinde şol ýyllar okuwçy ýygnamak başardypdyr. Oraz Garaýew bilen Baýty Şagulyýewiň  Proftehuçilişçä okuwa çeken okuwçylary häzirki wagtda nebitgaz pudagynyň dürli wezipelerinde zähmet çekýärler. Olardan Gurbyşow Amanmuhammet Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň bölüm müdiri, Annamuhammedow Rejep Mary etrap gaz üpjünçilik edarasynyň hünärmeni, Çaryýew Töre Şatlyk burawlaýyş müdirliginiň hünärmeni Parkin Ýura Mary welaýat karbamid zawodynyň hünärmeni, Jumadurdyýew Allamyrat Şatlyk tomponaş müdirliginiň baş inžineri, Ýaşarow Daňatar “Marygazçykaryş” müdirliginiň hünärmeni wezipelerinde işleýärler. Ýeri gelende aýtsak, 1978 – 1980-nji ýyllarda şol wagtlar mekdebiň okuw binasy täze gurlan bolansoň, birbada daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrüp, abadanlaşdyrmakda, tertibe getirmekde, okuw otaglaryny we okuw esbaplaryny düzetmekde hem Oraz Garaýew Baýty Şagulyýew bilen bilelikde köp işleri edipdirler. Mundan başga-da, şol döwürlerde  mekdebiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlyklygyna bu bilim ojagyndan alty adam hödürlenilipdir. Şolaryň birem Oraz Garaýew bolupdyr. Mekdebiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlyklygyna hödürlenen alty adamyň hiç birem bu wezipäni garaňky görüp, öz boýunlaryna almandyrlar. Şonda Baýty Şagulyýew Oraz Garaýewe ýüzlenip: “Oraz beýlekileriň bu wezipäni boýnuna almazlygynyň özüne ýetesi sebäbi bar, olaryň biri matematika, biri fizika, ýene biri himiýa mugallymlary. A, sen bolsa nebitgazçy, hakyky öz ugruň. Bu wezipäni sen başarman kim başarsyn. Sen başararsyň, hiç kim enesiniň içinde öwrenenok” diýmeklik bilen muňa uly atalyk maslahatyny beripdir, ýadasaň umumy ýaşaýyş jaýyna bar, dutar çalyp, türkmen halk aýdymlaryndan gandyryp, ýadawlygyňy sowarys, onsoň işe uly hyjuw bilen başlanyňy özüňem duýman galarsyň diýip degişipdir. Ana, şondan soňam Oraz Garaýewiçiň jemgyýetçilik işlerinden durmuş ýoly başlanypdyr. Ýeri gelende aýtsak, Baýty Şagulyýewiň dutar çalyp, türkmen halk aýdymlaryny aýdandygy barada onuň Gahryman gyzy Gözel Şagulyýewada özüniň “Saz” diýen şygrynda uly buýsanç bilen beýan edýär.

Oraz Garaýewiň Baýty Şagulyýew baradaky ýatlamalaryna görä, onuň özi bir hoşamaý gylykly, adamlara soran zadyny düşündirip ýören şeýle bir gowy, parasatly ýaşuly bolupdyr. Baýty Şagulyýew ýolbaşçy işlerinde işlän adam bolansoň, ol özüniň dürli wezipelerde işlände toplan tejribelerinden köp zatlary ýaş mugallymlara, şol sanda Oraz Garaýewe-de öwredipdir, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny beripdir. Proftehuçilişçede – häzirki Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ilkinji edilen işler, ilkinji düzülen protokollar, ilkinji ýazylan ýazgylar Baýty Şagulyýewiçiň kömegi bilen dörän ýazgylardyr. Baýty Şagulyýewden soň bolsa, mekdebiň hemme ýygnaklarynyň protokollaryny – beýanlaryny 30 ýyllap  Oraz Garaýew ýazypdyr. Çünki, ol Baýty Şagulyýew bilen bile işleşen ýyllarynda dürli hili iş kagyzlarynyň ýazylyş usullary barada içgin gyzyklanyp, öz halypasyndan köp zatlary öwrenipdir. Häzirki wagtda-da ýaş mugallymlar dürli iş kagyzlarynyň ýazylyş usullaryny, mekdebi abadanlaşdyrmak, okuw otaglary tertibe salmak işlerini, ýaşlary terbiýelemegiň her hili düzgünlerini Oraz Garaýewden öwrenýärler. Oraz Garaýew bolsa öz ussady Baýty Şagulyýewden alan halypalyk öwüt-ündewlerini dowam etdirýär.

Baýty Şagulyýewiň  baý durmuş tejribesi diňe bir işdeş ýoldaşlaryna däl-de, eýsem onuň Gahryman gyzy Gözel Şagulyýewa-da diýseň uly täsir edipdir. Gözel Şagulyýewa kakasyny sungatdan başy çykyp, döredijilik işine içgin düşünýän adam bolanyndanmy nämämi, özüne has ýakyn saýypdyr.  Şahyryň bu babatdaky içki ruhy dünýäsini, onuň 1972-nji ýylda çykan “Elbukjam” atly kiçeňräk, çaklaňja kitabyndaky “Kakamyň elli ýaşynda”[1] atly goşgusynyň:

Mukaddes sözler kän biziň dünýäde,

Şol mukaddes sözleň birisiň, kakam.

Seniň adyň dillerimiň aýdymy,

Depämde pena sen,

Elimde galkan – diýen ajaýyp setirleriniň esasynda-da anyk-aýdyň görmeklik bolýar. Baýty Şagulyýewiň baý durmuş tejribesiniň, mahmal owazynyň öz Gahryman gyzyna mekdep bolup, jöwhermaýa gönezligine öwrülendigini, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň atasyny küýsäp ýazan “Sesiň gelmese”[2] atly şygrynyň;

Ömri beren sen, gäderin,

Ýollarmy sorap äderin,

Aýtsana, kaka, näderin,

Sesiň gelmese Murgapdan. – diýen,

“Ýetişip bilmedim men”[3] atly goşgusynyň:

Atam goýandyr zara,

Menziller düşdi ara,

Sözleşip hoşlaşmaga,

Ýetişip bilmedim men.

– diýen setirleriniň esasynda-da anyk-aýdyň görmeklik bolýar. Görnükli döwlet gullukçysy Baýty Şagulyýew barada Oraz Garaýewiň ýatlamalary esasynda ýazan bu makalamyz şu ýylyň 11-nji awgustynda 80 ýaş toýy bellenilýän ussat halypa şahyrymyz, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa üçin özboluşly bir ýubileý sowgady bolar diýip umyt edýäris.                                        

Toýly Jänädow,

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň

Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.

 

[1] Şagulyýewa G. Elbukjam, Goşgular. – A.: Türkmenistan. 1972. 29 – 30-njy sahypalar.

[2] Şagulyýewa G. Söýgi mukamy, Goşgular. – A.: Türkmenistan. 1994. 81-nji sahypa.

[3] Şagulyýewa G. Söýgi mukamy, Goşgular. – A.: Türkmenistan. 1994. 14-nji sahypa.

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury