SIZDEN GELENLER

Gadymy ýazuw ýadygärliklerinde ahalteke bedewlerinin waspy

  “Ýüwrüklikde dünýäde hiç bir zat olar bilen bäsleşip bilmez,

kepderiler we durnalar olaryň yzyna zordan eýerýär”.

Ksenofont, gadymy grek taryhçysy

Bu köne dünýäniň atlaryň görnüşlerini bilýänligi gürrüňsizdir. Olaryň aýratynlygy, ozaly bilen, şolaryň ýaşaýan ýerleriniň tebigy-howa şertleri esasynda emele gelýär.  Alymlaryň ykrar edişi ýaly, Gomeriň watany bolmak hormaty üçin Kiçi Aziýanyň şäherleri kimin, bedewleriň asyl watany hakda-da dürli ýurtlaryň alymlary we barlagçylary jedelleşdi. Biziň eýýamymyzdan ozalky V asyrda ýaşap geçen gadymy grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: “Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar”.

Nusaý atlary öz gözelligi bilen tapawutlanýar.  Biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda ýazylan bu ruhlandyryjy setirler bolsa, gadymy rim taryhçysy Appiana degişlidir. Täze eýýamyň başynda gadymy meşhur grek geografy we taryhçysy Strabon: ,,Nusaý bedewleri iň iri we owadan atlardyr, olary pars şalary münýärler” diýip tassyklaýar.Parfiýa patyşalarynyň mesgen tutan ýeri bolan Täze Nusaýda gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahaly tapylan at şekiljikleriniň arasynda sowut bilen üsti bürelen, söweş tuwulgasy geýdirilen söweşijiniň atynyň şekili tapyldy.

Dünýäde ilkinji söweşjeň esgerler hem şu jelegaýda – Parfiýada döräpdir. Ilkinji asylly söweşiji bolsa Parfia patyşalygyny esaslandyryjy Ärsak I bolupdyr. Gelip çykyşy boýunça türkmen bolan Ärsak I ýerli taýpalaryň grek – makedon basybalyjylaryna garşy gozgalaňyna baştutanlyk edýär we Parfian welaýaty diýlip atlandyrylan Köpetdagyň eteklerindäki sebitleri grek hökümdarlaryndan halas edýär. Şeýdip, ol geljekki kuwwatly döwletiň düýbüni tutýar. Gadymy awtorlaryň biri şeýle ýazýar: “Parfialylar onuň hatyrasyny şeýle bir belent tutýarlar we henize – bu güne çenli hem ähli parfia patyşalary Ärsagyň ady bilen atlandyrylýar”. Ärsak at bolman, eýsem lakam bolan bolsa gerek. Ol lakam öz köküni “ar”, “är” diýen gadymy türkmen sözlerinden alyp, “erkek adam”, “gaýduwsyz adam” diýen manyny berýär. Plutarh parfialylar hakynda şeýle ýazýar: “Birmeňzeş ýeňillik bilen towsup münmäge we zerurlyk ýüze çykanda göze ilmez çaltlyk bilen çar ýana pytrap gitmäge ezber parfialylar duşmany peýkam bilen päsgelçiliksiz gyrgyna salmak üçin atly goşunlaryny bölek-bölek ýerleşdirýärler”. “Ganatly bedew”, “behişdi bedew”, ‘daglaryň gerşinde ýaşaýan bedew” – bular Hytaýyň we Hindistanyň, Müsüriň hem-de Wawilonyň, Gresiýanyň we Rimiň gadymy rowaýatlarynda hem-de ertekilerinde gudratly bedew hakdaky meňzetmeleriň hemmesi däldir. Bu halklaryň köpüsi üçin atlar arzyly olja we gymmatbaha sowgat bolupdyr. Hytaý olary ,,gan syçradýan bedew,, diýip atlandyrýar we biziň eýýamymyzdan ozalky II asyrda behişdi bedewlerini ele salmak üçin Orta Aziýanyň üstüne iki gezek çozýar. Atyň watanyny kesgitlemekde alymlary näme howsala saldyka? Megerem, olary atlaryň bu görnüşiniň dürli asyrlara we müňýyllyklara degişlidigine hem-de biri-birinden juda alyslarda ýaşandygyna seretmezden, ählisiniň meňzeş bedengurluşlary haýran galdyrandyr. Goý, ol Altaý depeleriniň müdimi doňaklyklarynda gowy saklanan, ähli şaý – esbaplary bolan söweşjeň atyň galyndysy, ýa bolmasa müsür şalarynyň araba goşulan atlarynyň şekilleri bolsun, tapawudy ýok, olaryň ählisiniň ahalteke bedewlerine mahsus gurluşy, ýagny guraksy sazlaşykly beden gurluşy, belent gerşi, inçe aýaklary, gyzgyn hyjuwy, gowy gyrkylan ýallary bar.

Biziň eýýamymyzdan ozalky XIV asyrda Hett şalygynda atlary seýislemek hakyndaky meşhur traktat peýda bolýar, onuň manysy diňe XX asyryň başyndaParfialy atlyB.e. I asyryna degişli terrakot aýdyňlaşdyrylýar. Atşynaslaryň ykrar etmegine görä, ol ahalteke bedewlerini seýislemekde türkmenleriň giňden ulanan tärlerini jikme-jik gaýtalaýar. Ýeri gelende aýtsak, ençeme alymlar bedew atlary seýislemegiň hettlerde we has soňra ýaşap geçen türkmenlerde doly derejede birmeňzeşdigine ünsi çekýärler.  Şeýle meňzeşlikleriň ençemesi mälimdir. Şolaryň arasynda, megerem, iň bir häsiýetli meňzeşlik zenan lybaslaryny bezeýän gabaraly kümüş şaý-sepleriň çylşyrymly toplumydyr.

Ajaýyp arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň açyşlaryna salgylanmasak, taryha syýahatymyz doly bolmazdy. Ol Garagumda, häzirki zaman ylmynyň ykrar edişi ýaly, Hytaýyň, Hindistanyň, Mesopotamiýanyň we Müsüriň gadymy medeniýetleri bilen bir hatara çykan dünýäniň iň gadymy siwilizasiýasynyň birini – Marguş ýurduny açdy.  Bir mahallar gülläp ösen Marguşdan biziň günlerimize paýtagt şäher bolan Goňurdepäniň giň meýdanyny tutup ýatan gabaraly harabalyklar gelip ýetipdir. Türkmenleriň ata-babalary – baryp biziň eýýamymyzdan ozalky üjünji müňýyllykda Murbagyň köne hanasyndaky mes toprakly ýerleri özleşdirip başlan adamlar ussat binagärler, gurluşykçylar, demir ussalary, küýzegärler we zergärler bolupdyr. Olar metaly we bürünji eretmegiň, altyny we kümüşi bejermegiň syrlaryny bilipdir. Bürünç eýýamynda şol ýerde, sahawatly ülkede eýýäm tohum atlaryň ýetişdirilendigi tötänden däldir. Olar seýislenipdir, aýratyn halatlarda bolsa hudaýlara gurban berlipdir. Aýratyn hormat bilen jaýlanan taýçanak, ençeme bürünç şahjagazlar – bedewleri seýislemek üçin niýetlenen ýörite saz gurallary, ahalteke bedewiniňki ýaly boýny uzyn, gözleri uly atyň kellesi görnüşdäki kinniwanja heýkeljik – bu tapyndylaryň ählisi, W.I.Sarianidiniň tassyklaýşy ýaly, biziň eýýamymyzdan ozalky III – II müňýyllyklaryň sepgidinde gadymy türkmen taýpalarynyň atlaryň naýbaşy tohumlarynyň seleksiýasynyň başyny başlandygyna şaýatlyk edýär. Ahyrky netijede munuň özi ahalteke tohumynyň döremegine getirdi.

Ýokarda aýdylan zatlaryň ählisi hudożnikleriň, taryhçylaryň we arheologlaryň zähmeti bilen döredilen uly kartinanyň bir bölegidir. Tohum atyň diwarlaryň ýüzündäki şekilleri, heýkelleri, freskalary we barelýeflri, ostiologik kolleksiýalaryň nusgalary gadymy atyň häzirki zaman ahalteke bedewine meňzeş umumy keşbini janlandyrýar.

                                                  Ogulsuraý Gödekowa, 

             S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň uly mugallymy

 

THY aprel aýy üçin uçuş meýilnamasyny yglan etdi

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty