2019 — 2020-nji okuw ýylynyň gutardyş synaglaryna taýýarlyk Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdepleriniň takyk bilimler ugurly gutardyş synplarynda fizika dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary 2020-nji ýylyň 20-nji aprelinde Mugallymlar gazetinde neşir edildi we şol soragnamalary Siziň dykkatyňyza ýetirýäris.
1-nji soragnama
- Tok güýji. Zynjyryň bölegi üçin Omuň kanuny.
- Fotoeffekt. Fotoeffektiň teoriýasy.
- Laboratoriýa işi: Erkin gaçmanyň tizlenmesini kesgitlemek.
2-nji soragnama
- Güýç. Nýutonyň ikinji kanuny. Jisimiň impulsy. Güýjüň impulsy. Güýçleriň goşulyşy.
- Ýagtylygyň basyşy. Ýagtylygyň himiki täsiri.
- Atmosfera basyşyna degişli mesele.
3-nji soragnama
- Matematiki maýatnik. Yrgyldylaryň amplitudasy, periody, ýygylygy we fazasy.
- Uran ýadrosynyň bölünişi. Zynjyrly reaksiýa.
- Bütindünýä dartylma kanunyna degişli mesele.
4-nji soragnama
- Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket. Aşaagramlylyk we agramsyzlyk.
- Ýagtylyk akymy. Ýagtylyk güýji. Ýagtylandyrylyş. Ýagtylandyrylyşyň kanunlary.
- Laboratoriýa işi: Ýapgyt tekizligiň PTK-syny kesgitlemek.
5-nji soragnama
- Suwuklyklardaky we gazlardaky basyş. Paskalyň kanuny.
- Elektrolitlerde elektrik togy. Elektroliz we onuň kanunlary. Türkmenistanda reňkli metallurgiýanyň ösüşi.
- Mendeleýewiň-Klapeýronyň deňlemesine degişli mesele.
6-njy soragnama
- Bölejikler we antibölejikler.
- Rentgen şöhlelenmeleri we onuň ulanylyşy. Komptonyň effekti.
- Geçirijileriň yzygider birikdirilişine degişli mesele.
7-nji soragnama
- Mejbury yrgyldylar. Rezonans.
- Agyrlyk güýji. Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket.
- Kulonyň kanunyna degişli mesele.
8-nji soragnama
- Kulonyň kanuny. Elektrik meýdany.
- Kogerentlik. Ýagtylygyň interferensiýasy we onuň ulanylyşy.
- Gazyň basyşyny hasaplamaga degişli mesele.
9-njy soragnama
- Arhimed güýji. Jisimleriň ýüzme şertleri. Suw ulaglarynyň Türkmenistanda ulanylyşy.
- Atomyň gurluşy. Rezerfordyň tejribesi.
- Elektrik meýdanynyň potensialyny hasaplamaga degişli mesele.
10-njy soragnama
- Elektromagnit meýdany. Gersiň wibratory. Elektromagnit tolkunlary we olaryň häsiýetleri.
- Ýangyjyň energiýasy. Ýanmagyň udel ýylylygy.
- Yrgyldyly herekete degişli mesele.
11-nji soragnama
- Ýarymgeçirijilerde elektrik togy. Ýarymgeçirijileriň hususy we garyndyly geçirijiligi.
- Mendeleýewiň-Klapeýronyň deňlemesi.
- Laboratoriýa işi: Gaty jisimiň dykyzlygyny kesgitlemek.
12-nji soragnama
- Atom ýadrosynyň gurluşy. Izotoplar.
- Ses tolkunlary. Ses tolkunlarynyň ýaýraýşy. Sesiň tizligi. Infra we ultrasesler.
- Fotoeffekte degişli mesele.
13-nji soragnama
1.Içki energiýa.Termodinamikanyň birinji kanunynyň izoprosesler üçin ulanylyşy.
- Geçirijiniň elektrik garşylygy. Udel garşylyk. Reostatlar.
- Arhimed güýjüni hasaplamaga degişli mesele.
14-nji soragnama
- Ýadro reaktory. Termoýadro reaksiýalary.
- Doýgun däl we doýgun buglar. Suwuklyklaryň gaýnama temperaturasynyň basyşa baglylygy.
- Hemişelik toguň işini we kuwwatyny hasaplamaga degişli mesele.
15-nji soragnama
- Fotoelementler. Türkmenistanda Gün energiýasynyň ulanylyşy.
- Deňtizlenýän hereket. Deňhaýallaýan hereket.
- Ýylylyk mukdaryna degişli mesele.
16-njy soragnama
- Tok çeşmesiniň yzygider we parallel birikdirilişi. Kirhgofyň düzgüni.
- Ideal gazyň molekulýar-kinetik teoriýasynyň esasy deňlemesi.
- Geçirijiniň elektrik garşylygyny hasaplamaga degişli mesele.
17-nji soragnama
- Transformator. Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi we aralyga geçirilişi.
- Otnositellik teoriýasynyň postulatlary. Massanyň we energiýanyň özara baglylyk kanuny.
- Geçirijileriň parallel birikdirilişine degişli mesele.
18-nji soragnama
- Jisimiň impulsy. Impulsyň saklanma kanuny. Reaktiw hereket.
- Hemişelik toguň işi we kuwwaty. Toguň işiniň we kuwwatynyň ölçeg birligi.
- Difraksiýa gözenegine degişli mesele.
19-njy soragnama
- Mehaniki iş we kuwwat. Işiň we kuwwatyň ölçeg birlikleri.
- Ferminiň prinsipi. Ýagtylygyň doly serpikmesi we onuň ulanylyşy.
- Elektromagnit yrgyldylarynyň amplitudasyny, periodyny, ýygylygyny hasaplamaga degişli mesele.
20-nji soragnama
- Boruň postulatlary. Kwantlanma düzgüni. Frankyň we Gersiň tejribesi.
- Howanyň çyglylygy.Howadaky suw buglary. Absolýut we otnositel çyglylyk.
- Ýadro reaksiýalaryna degişli mesele.
21-nji soragnama
1.Magnitmeýdany.Amperiňkanuny.Lorensgüýji.
- Maddanyň gurluşy. Maddanyň agregat hallary we olaryň molekulýar-kinetik nukdaýnazardan düşündirilişi.
- Elektromagnit induksiýa hadysasyna degişli mesele.
22-nji soragnama
- Gaz kanunlary. Izoprosesler.
- Ýagtylygyň difraksiýasy. Difraksion gözenek. Golografiýa barada düşünje.
- Termodinamikanyň birinji kanunyna degişli mesele.
23-nji soragnama
- Atmosfera basyşy.Torriçelliniň tejribesi.Atmosfera basyşyny ölçemek.
- Üýtgeýän toguň zynjyrynda aktiw, sygym we induktiw garşylyklar.
- Linzanyň formulasyna degişli mesele.
24-nji soragnama
- Doly zynjyr üçin Omuň kanuny.
- Radioişjeňlik. Alfa, betta, gamma şöhlelenmeleri.
- Izoproseslere degişli mesele.
25-nji soragnama
- Elektromagnit induksiýa hadysasy. Lensiň düzgüni. Öz-özünde induksiýa. Induktiwlik koeffisiýenti.
- Geçirijiniň elektrik garşylygy. Garşylygyň temperatura baglylygy.
- Laboratoriýa işi. Geçirijileriň yzygider birikdirilişini öwrenmek.
26-njy soragnama
- Egriçyzykly hereket. Töwerek boýunça deňölçegli hereketde tizlik we tizlenme.
- Radioişjeň öwrülmeler.Radioişjeň dargama kanuny.
- Suwuklygyň üst dartuw güýjüni hasaplamaga degişli mesele.
27-nji soragnama
- Yrgyldyly kontur. Yrgyldyly konturda energiýanyň öwrülişi.
- Kwant generatorlary. Lazerler. Geýzenbergiň kesgitsizlikler gatnaşygy.
- Deňtizlenýän hereketde geçilen ýoly hasaplamaga degişli mesele.
28-nji soragnama
- Bugarma. Kondensasiýa. Gaýnama. Bug emele gelmeginiň udel ýylylygy.
- Ýagtylygyň dispersiýasy. Gýugensiň-Freneliň prinsipi. Freneliň zona (zolak) usuly.
- Howanyň çyglylygyny hasaplamaga degişli mesele.
29-njy soragnama
- Toguň magnit meýdany. Elektromagnitler we olaryň ulanylyşy.
- Kondensatorlar.Kondensatorlaryň parallel we yzygider birikdirilişi.Zarýadlanan kondensatoryň elektrik meýdanynyň energiýasy.
- Pružinden asylan ýüküň yrgyldysyna degişli mesele.
30-njy soragnama
- Içki energiýa. Ýylylyk mukdary. Ýylylyk mukdaryny hasaplamak.
- Gýugensiň prinsipi. Ýagtylygyň döwülmegi. Döwülme kanunlary.
- Joul-Lensiň kanunyna degişli mesele.