ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Fahriýa Aliýewa: sungata bagyşlanan ömür

Ussat artist Fahriýa Aliýewa bütin ömrüni diýen ýaly teatr sungatyna bagyş etdi. Ol 1955–nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1974-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara mynasyp bolýar. Onuň bilen birnäçe gezek söhbetdeş boldum. Zähmet hem durmuş tejribesi ýetik halypa artistiň gürrüňlerini diňlemek diýseň gyzyklydy. Sebäbi ol haýsy zat hakynda gürrüň berse-de, täsirli, gyzyklandyryp aýdyp bilýärdi. Özem diýseň wäşi, uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly derrew düşünişip bilýän, mähirli zenandy.

Birinji gezek salgysyny alyp öýlerine baranymda ol ýaraman düşekde ýatan eken. Şonda-da ol degişgenligi bilen gadyrly garşy alyp, özi hakda, kärdeşleri hakda ýadyna düşen wakalardan gürrüň beripdi. Onuň aýdýan ýatlamalaryndan  wäşiligini bada-bat duýup bolýar. Ol ýaş artist wagtlaryny şu pursat bilen ýatlady.    — Ýaş wagtlarymyzdy.«Zöhre we Tahyr» oýnumyz bilen Maryda çykyş etdik. Spektakl şeýle bir gowy kabul edildi. Oýun gutaryp barýarka tomaşaçylar  üstümize gyzyl alma seçdiler. Menem keşpde «öli» ýatyryn. Jeren Şamyradowa (pahyr ir ýogaldy) «ejemiň» keşbini oýnaýardy. Her kim alma çöpleýär. Meniňem alma iýesim gelýär. Gymyldaman ýatan ýerimden: «Eje, maňa-da alma goýaweriň» diýip pyşyrdadym welin, pahyr: «Ýatsan-a, sessiz, seň ýadyňa alma düşýärmi?» diýipdi. Artistlik gör, nähili gowy kär, gyzym.  Pensiýa çykyp birden işden galdym welin, gözüm gapyldy duruberdi» diýdi.

Ynha, bir günem ýadawrak bolup, «Watan» habarlar gepleşigini görüp otyrkam irkiläýipdirin. Birden gaty tanyş sese ýalpa gözümi açdym. Görsem teleýaýlymda Fahriýa daýza: «Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Meni Şa serpaýy bilen sylaglady» diýip çykyş edip otyr. Öňünde bir gujak gül, bir sebet sowgat. Geň galdym, bu ýazgy öýlerinde –hä däl. Gözi görmese-de idip äkitdilermikä? — diýip gyzyklandym. Ertesi öýlerine jaň edip gutladym.  Şonda ol: «Gyzym, meni häzir görseň asla-da ynanmarsyň, meniň gözüm açyldy. Bir ýaş ýigit öýümize gelip: «Fahriýa Aliýewa, gutlaýan! Sizi hormatly Prezidentimiz Şa serpaýy bilen sylaglady. Sowgadyňyzy alyp gaýdyň. Sizi äkidip getirmäge ýörite ulag iberdiler» diýip, aýdandan gözüm ýalpyldap açyldy. Onsoň bezenip-beslenip ýola düşdüm. Ulagda barýan welin, Aşgabat şäherimiz üýtgäp giden eken. Daş-töweregimizi tanar ýaly däl. Tüweleme, ösüş-özgerişine haýran galdym. Myhmançylyga gel, gyzym, sowgat berlen sebediň içinde dagy, bir sen ýok, balam» diýip begenjini paýlaşdy. Ol 2016-njy ýylda «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglandy. Şol gezek jaňlaşanymyzda ol: «Men Kaka etrabynyň Gowşut obasyndan. Obada ot orup, mal-gara seredip, çopançylyk edip ýören gyzdym. Kakam pahyr: «Çopan gyzym, seni çopana durmuşa çykararyn» diýerdi. Nesibedir-dä artist bolup, artiste durmuşa çykdym. Moskwanyň teatr institutyny gutardym» diýip söhbetdeşligimizi terjimehaly hakyndaky gürrüňler bilen dowam etdi. Ýöne, şol wagt ondan haýsy  ýylda doglandygyny soramandyryn. Onsoň ýakynda onuň gyzy Mährä jaň etdim. Ol: — Ejem Fahriýa Aliýewa 1922-nji ýylyň 1-nji iýulynda doglan, 2018-nji ýylyň 1-nji aprelinde-de ýogaldy. Kakam Myrat Seýitnyýazow 1915-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Artyk obasynda doglan, 1981-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda-da ýogaldy. Ejemem, kakamam Türkmenistanyň halk artistleri. Maşgalamyzda häzir biz dört aýal dogan. Bir erkek doganymyz bardy, ýöne ol irräk ýogaldy. Doganlarymyzdan öňem kiçi wagty ýogalanlary bar eken. Bulary aýtmak bilen ejemiň köp çagaly ene bolandygyny düşündirjek bolýan. Ejem-kakamyň häzir on bir agtygy, on sekiz çowlugy bar — diýip maglumat berdi.

Ol ejem-kakam bilen bagly ýatlamalar köpdi, ýöne häzir ýadyma düşenok. Onsoňam ejemiň gürrüň berişi ýaly aýdyp bilemok — diýip ýaýdandy. Mähri dogry aýtdy. Fahriýa daýzanyň birmahalky aýdan gürrüňlerem ýadymdan çykanok.         Bir gezek onuň ýanyna kärdeşi Sabyr Ataýewa barada bilýänlerini ýazgy etmek üçin bardym. Aýdan ýatlamalaryna gülüp-gülüp hezil etdim. Ynha, onuň aýdan bir wakasy:

— Sabyr Ataýewa bilen bile okadyk hem bile işledik. Ol maňa Fahriýa diýmän hemişe Fahruş diýerdi. Sabyr keselhanada ýatyrka-da häli-şindi yzyndan barardym. Ol bolsa: «Fahruş, geleňog-a. Otur ýanymda» diýerdi. «Wah, Sabyr, meniňem öý-işigim bar. Diňe seniň ýanyňda oturyp, wagtymy geçirip bilemog-a» diýsemem, «Onda-da otur ýanymda» diýip gowy görerdi. Oňa artistlik ussatlygy tebigy berlendi. Durmuşyň ähli şarpygyny dadyp, taplanan gaýratly zenandy. Okaýarkagam, işleýän wagtlarymyzam bir ýerde sähel kynçylyk çeksek, «Fahruş, zady gaýgy etme» diýip çykalgasyny tapardy. Men-ä käwagt: «Sabyr, saňa okamagam gerek däl. Ýöne, Hudaý jan maňa «kösenmesin» diýip, seni ýoldaş edendir» diýerdim.

Talyp döwrümizdi. Durdy Saparow, Täçbibi Gafurowa, men, Döwletli diýenem birimiz bardy, başga-da köplükdik. Özümizem ýaş. Şeýle bir kösenýärdik. Bir gün dagy iýmäge zadymyz ýok. Aramyzda bir bile okaýan oglanymyz bardy. Ene-atasy gurplurak bolansoň, yzyndan pul iberýär. Üstesine-de, onuň talyp hakam biziňkiden ýokarydy. Diňe şonda pul bar, ýöne olam dilesegem berenok. Ählimiz umumy ýaşaýyş  jaýynda ýaşaýas. Ahyry maslahatlaşdyk-da, ýaňky oglana: «Döwletli, bäş minut bärik gelsene!» diýip, çagyrdym. Gapydan gireninden, (Täçbibi daýawdy-da) bilinden tutup, ýere ýykdy-da üstünde oturdy. Menem jübüsinden iki manat aldym. Soň şo pula gara çörek bilen makaron alyp suwa gaýnatdyk. Indi ählimiz oglan-gyz bolup üýşüp iýýäs welin, Döwletli gelenok. Çagyrýas welinem: «Ýene ýykyp, beýleki jübimdäki pulumy aljak bolýansyňyz» diýip gorkýar. Sabyram: «Baryňy ýoldaşlaň bilen paýlaşyp iýmäge dözmeseň şeýdip almaly bor-da. Aç ölüp bolmaz-a» diýip gülerdi. Wah, şol döwürlerem ýatlama bolup galdy.

Ol ähli keşpde-de ussat oýnardy. Ýöne türkmen zenanynyň keşbini janlandyryşy taýsyzdy. Milli eşikde geýnişinem, türkmeniň oturyp-turşunam, edim-gylymynam, sözleýşinem hakyky berip bilýärdi. «Gelin gelýär» sahna oýnunda bile garşydaş bolduk. Waka şeýle: otluda gelýärkäk, «gelnimizi» çalyşýas. Şonda beýleki gelniň gaýnenesiniň üstüne barýan: «Sen, heleý! Pulumy töle ýa-da gelnimi gaýtaryp ber. Ýogsa-da, pulumy o gözüňden basyp, bu gözüňden çykaryp alaryn. Maňa Jöwza heleý diýerler» diýip, haýbat atmaly ýerim bar. Sabyr bolsa iki elini bykynyna tutup, «Bize-de Amansoltan peleň diýerler» diýip, şol ýerde ikimiz dawalaşmaly. Sabyr entek sahna çykmankak: «Fahruş, bek durgun. Häzir seniň elleriňi çeýnärin» diýip tabşyrýar. «Çeýnäber, çeýnäber» diýen bolardym, ýöne ätiýaç etmänem duramokdym. Sebäbi Sabyr keşbe girensoň, öňünde durmak kyn. Ol garşydaşyndan talapkärdi. Aýtmaly sözlerini agzyňa salyp berýänligi üçin onuň bilen oýnamak ýeňil bolýardy — diýip, kärdeşiniň artistlik ussatlygyny, häsiýetini diňe gürrüň berende-de, sahnada gören ýaly suratlandyryp berdi. Şunuň ýaly gyzykly gürrüňlerini diňlemek üçin soň bir gezek öýlerine baranymda bolsa ol:

— Şu wagt şeýle waka ýadyma düşýär. Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen ongünlügine gatnaşdym. Ýabloçkina diýen SSSR-iň halk artisti meni görüp: «Be, bu aktrisa gaty hor görünýär-le! Munuň hal-ýagdaýyna üns berilmeýärmikä?» diýip, töweregindäkilere sowal beripdir. Gapdalynda-da medeniýet ministrimiz diňläp duran eken. Onsoň ministr: «Ýygy-ýygydan çaga dogsa hor bolarsyň-da» diýip, oňa jogap beripdir. Bu gürrüňlerden habarymam ýok. Birden kärdeşim Oleg Ýefremow içinde hat ýazylgy bir sebet gül getirdi-de: «Şuny size Ýabloçkina iberdi» diýdi. Ýazgyny okasam: «Dogrumy, siziň şunça çagaňyzyň barlygy. Ýöne, indi çaga dogurman, özüňizi sungata bagyş etjegiňize söz beriň»! diýip ýazylypdyr. Şondan soňam ekiz oglum doguldy welin, adamym Myrat pahyr: «Ýabloçkina telegramma iberäýsekmikä?» diýip gülüpdi.

Teatr sungatyna bolan juda uly söýgim kynçylykda ejizletmedi. Bir egne 64 ýyl teatrda işledim. Kyrk günlük çagam çileden çykan dessine-de gastrola gidipdim. Sahna çykmaly wagtym gyzymy Aman aga (Gulmämmedow) saklardy, özi sahna çykmaly bolanda-da, gyzymy Gylyç Berdi götererdi» diýip, gürrüň berdi. Şonda oňa ýaş çagaly ondan-oňa gidip, erkin işlemegiňizi näme bilen düşündirip biljek?— diýip sowal berdim. Ol:

— Birinjiden-ä, sungata söýgimiz uludy. Ikinjidenem, kärdeşlerimden ýaş çagaly ýeke men däldim. Ählimizem ýaş çagaly aýallar. Haçana çenli işden galjak. Ine, ýene bir wakany ýatlaýyn. 1947-nji ýylda «Zöhre we Tahyr» spektaklymyz bilen gastrola gidipdik. Saýat etrabynyň bir kolhozydy öz-ä. Sahnanyň aňyrsynda Zöhräniň eşiginde garaşyp durdum. Tahyram artist Çaryýar Esenowdy. Ol: «Hon-ha, Zöhre jan gelýär» diýip, gujak açyp sahna çykanam şoldy welin, bir gürpüldi boldy. Nämedigini bilemok, özümden giden bolaýmasam. Bir salymdan bir oglanjygyň: «Zöhräň gupbasy görünýär-eý, Zöhräň gupbasy» diýen sesi eşidildi. Gürlejek bolýan, agzym gumdan doly, gürläp bilemok. Soňra derrew üstümdäki kesekleri aýyrdylar. Asyl üstüme diwar gaýdan eken. Onsoň derrew tiz kömek gelip, keselhana äkitdi. Aýagymyň süňki çat açypdyr. Indi topar ýolbaşçymyz iki-baka elewreýär. Sebäbi her günümize ençe ýüz manat tabşyrmaly borjumyz bardy. «Alada etme, bir alajy bolar» diýdim. Ertesi aýagym gipsli keselhanadan gaçyp gaýtdym. Yzymdan lukmanlar geldi. «Ýok hiç ýerim agyranok» diýip, arkaýyn ýörän bolup, olary yzlaryna ugratdym.

Her gezek obalara aýlanyp oýun görkezmäge gidilende goş-golamymyzy arabada daşalýardy. Şol gezekki iş saparymyzda ýuk araba diňe meni mündürdiler. Kärdeşlerim: «Bol, bol, Zöhre bol» diýip degşerdiler. Nätjek, ol wagtlar ýagdaý şoň ýalydy. Ondan soň, 1948-de-de ýene kesegiň aşagynda galdym. Hudaý gorasa, ölüm ýok eken. Her-nä, döwük-ýenjik bilen sypdym» diýip jak-jak gülüp gürrüň berdi welin, gülküsindenem ruhubelentligini duýup bolýar.

Pursatlaryň üsti bilen dürli ýyllaryň wakasyny beýan edýän çuň manyly gürrüňleri onuň durmuşyň çarkandakly ýollarynda mäkäm taplanandygyndan habar berýär. Ol: «Ýanýoldaşym Myrat Seýitnyýazowyň kinolarda oýnan keşpleri az däl. Ýadyňyza düşýän  bolsa, «Uzakdaky gelinlik», «Çopan ogly», «Aşyr aganyň hötjetligi…» başga-da kän filmlerde oýnan keşplerini görensiňiz. Ol hem kino hem teatr artistidi, özi ýazyp, özi oýunam goýardy. Guseýin Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» oýnuny teatr sahnasynda Myradyň özi sahnalaşdyrypdy. Şol oýunda meniňem oýnaýan keşbim bardy. Oýnumyz bilen Moskwa gidenimizde, şol oýnumyz Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Oýna gatnaşan artistleriň köpüsine baýrak berildi. Emma Myradyň: «Öz aýalyna baýrak berýär diýerler» diýen düşünjesi bilen maňa baýrak berilmedi. Ine, diňe şol gezek öz aramyzda sene-mene etdik. Ýogsa başga wagt bir-birimiziň göwnümize degen ýerimiz ýokdy.

Neresse goltugyna gazet gysdyryp, daň bilen işe diýip çykar. Bir sagat şoňundan geýinip çykamda-da, hasanaklap deňinden geçip, öň barardym. Şeýle bir arkaýyn adamdy. Özem her nähili gahary gelende-de, gaharyny içine salar, daşyna çykaryp bilmezdi.     Çagalarymyň gündeligi bilen işi ýokdy. Bir gün: «Myrat, gyzym gowy okanok, ýöne, ynha, şu gün dörtlük baha alypdyr-a» diýdim. Ol: «Ýok, dörtlüge düzedilen birlik bu. Ynanmasaň, mekdebe git-de göräý» diýdi. Ertesi mekdepden habar tutsam, dogrudanam, gyzym birlik baha alan eken. Myrat gaty üşüklidi — diýip onuň häsiýet aýratynlyklaryny pursatlaryň üsti bilen düşündirdi.

Ýagşyňam, ýamanyňam bolsa il gözünden sypmaýar. «Fahriýa Aliýewanyň adamsy köp wagt düşekde ýatmaly boldy. Şonda-da ol Myrat agany eliniň aýasynda saklady» diýip, kärdeşlerinden eşidipdim. Ýöne bu barada Faýa daýzanyň özünden soranymda:

— Hawa, iki ýyllap bir aýagym keselhanada boldy. Öýde-de alty aýdan gowrak düşekde ýatdy. Hem çagalaryma seretmek, hem işe gitmek, hem syrkawa seretmek ýeňil düşmedi — diýip, oýlanmalara çümüp oturyşy welin, häzirem göz öňümde. Şol gezek halypa artiste:

— Aýdymçy ýa-da bagşy öz sesine gabat gelýän aýdymy saýlap bilmeli. Bu ýagdaý artist üçin nähili? «Şu keşbi oňarman» diýen pursadyňyz boldumy?— diýip sowal berdim.

— Hawa, «Gelinleriň gozgalaňy» oýnunda Baba Annanow maňa Sona Myradowanyň oýnan keşbini hödürledi. Şonda: «Men ol keşbi Sonadan soň oýnap biljek däl» diýip boýun almadym. Sebäbi Sona ol keşbi juda gowy oýnapdy.Ýöne «Gelin gelýär» oýnunda Sabyr Ataýewa bilenem, şol keşbi Sona Myradowa bilenem oýnadyk. Sona-da ussat artist, ýöne bu keşpde ol köp ýerini gülki bilen oýnaýar. Emma Sabyr gülmeli ýerinde gülüp, aglamaly ýerinde aglap, keşbi inçelik bilen duýýar. Nusgawy eserlerde oýnamak düýbünden başga zat. Onuň üçin hem köp okamaly, hem sahnalara köp tomaşa edip, şolardan özüňe gerek ýerini öwrenmeli. «Otelloda» Dezdamonanyň keşbi, «Korol lirde» Riganyň üçünji gyzynyň keşbi, «Riçard — III-de» Ýelizawetanyň keşbini oýnadym. Sahna diýlen zat durmuş ahyry! Çingiz Aýtmatowyň eseri esasynda goýlan «Elwan ýaglykly serwim» oýunda dispetçer aýal Hatyjanyň keşbini men, Aman Gurbandurdy sürüjiniň keşbini oýnady. Şonda, men-ä, Aman Gurbandurdyny «söýýän». Ol bolsa Liza Garaýewany «söýýär», «Bir zenan bir ýigidi söýse, olam ony söýmese, edil heňlän çörek iýen ýaly eken» diýip aýtmaly sözler bar. Şu sözleri aýdamda öňdäki hatarda oturan aýallaryň içinde aglanlaram boldy. Sahnada ýaşap keşp döretmegiň lezzeti başgadyr-la» diýip öz sözüni baş atyp makullaýşy sungata söýginiň suraty bolup hakydamda galdy.

 Akgül SAPAROWA.

 

 

Sungatyň goşa daragty : Suraý we Sona Myradowalar

 

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri