Halypa kitaphanaçy Oguljemal Orazdurdyýewadan alypdym. 1991-nji ýylda görnükli kitaphanaşynas Ereş Orakowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan bibliografik görkezijini her gezek elime alýan welin, şahsy durmuşym bilen bagly ýatlamalar ýadyma düşýär. Sebäbi Ereş Orakow 1989-1991-nji ýyllarda Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynda okadan mugallymym. Onuň her sapakda dik aýak üstünde durup sapak düşündirişi, tä sapak gutarýança aýdýan gürrüňlerini depdere ýazyp oturýanymyz ýadymda. Her bir geçilýän sapagy jany-teni bilen öwredýärdi.
Bir gezek maňa bibliografiýadan okuw gollanma üçin kitap gerek boldy. Iki aýlyk bäbekli ýaş ene wagtlarymdy, şol kitaby gözlemäge ýagdaýym bolmady. Şonda agam Aşyrberdi Kürte şeýle-şeýle kitap gerek, tapyp bilemok — diýip aýtdym. Ol: «Tehnikumda Ereş Orakow atly mugallym işleýändir tanaýaňmy?» diýdi. Hawa.
— Onda şuny şoňa eltip ber — diýip, bölek kagyza bir zatlar ýazdy-da, epläp elime berdi. «Özgäniň hatyny özünden ogryn okamaly däl» diýen düşünje bilen näme ýazylandygyny okamadym. Ertesi okuwa bardym. Ereş mugallym öňräkden ýöräp barýardy. Çalt-çalt ýörän yzyndan ýetdim-de, salam mugallym! Mümkinmi? Size şu haty agam Aşyrberdi Kürt iberdi — diýip haty uzatdym. Duran ýerinde haty açyp okady-da, şeýle bir güldi. Näme ýazylypdyr bilmedim, ýöne ol: «Öňem gaýrat ede-ede gelýändiris, indem gaýrat ederis» diýip ýöremek bilen boldy. Soň ol maňa kitabam bermedi, özi taýýar ýazylan ýazgy getirip berdi. Üýtgeşik talap edip sapak sorabam durmady. Okuwymy tamamlap, iň soňky synaga bardym. Elimde-de bäbegim. Synag tabşyrmaga giremde gyzjagazymy kursdaş gyzlara berip girdim. Synag toparda Ereş mugallymam otyrdy. Gapydan girenimden gyzymyň aglaýan sesi eşidildi. Synag toparyň başlygy Ata Abdyýewdi. Ol: — Gelin, synaga geleňde bir, çagaňy öýde goýup gelmeli ekeniň-dä — diýip ýüzüme gaharly seretdi. Ýoldaş mugallym, çagamy agam Aşyrberdi Kürte goýup gaýdaýmasam, öýde başga goýar ýaly adam ýok. Ýoldaşymam işde — diýdim. Olar bir-biriniň ýüzüne ýylgyryp seretdiler-de, başyny ýaýkap: — Bar, çyk onda — diýip hiç zat soraman baha goýdular. Soň diplomymy aldym, ýöne maşgala ýagdaýym sebäpli kitaphanaçylyk hünärinden uzak işläp bilmedim. Dürli kärde işledim. Ahyrynda-da ykbalym döredijilik bilen baglandy. Indi boş wagt tapsam kitaphana barýan. Şol ýerde işleýän halypa kitaphanaçylary görsem Ereş mugallym ýadyma düşýär. Sebäbi olaryň ählisi diýen ýaly Ereş mugallymyň elinde okap tälim alan halypalar. Özleri eýýäm bu ugurdan ençeme şägirtler ýetişdirip Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan halypalar. Olar öz ýeten uly üstünliklerinde ylym-bilim beren mugallymlarynyň biri Ereş Orakowyň mynasyp paýynyň bardygyny aýdanlarynda özümi oňaýsyz ýagdaýda duýýan. Şonuň üçin hünär öwreden mugallymlarymyň ruhunyň öňünde ötünç soramagy borjum hasaplap şu makalany ýazmagy göwnelaýyk gördüm. «Mähriban mugallymlarym, kitaphanaçy bolup işlemedik bolsamam kitaplaň dünýäsinden uzakda däldirin. Kitaphana meniň tiz-tizden gelýän medeniýet ojagym. Ol ýerde siziň uly ynam bildirip bilim beren şägirtleriňiz bilen ýygy-ýygydan didarlaşýas. Sizi ýagşylykda ýatlaýas. Ählimiz bileleşip elimizden geldiginden ýagşy işlere şärik bolýarys» diýip, pikirimi kagyza geçirmäge girişdim. Ol barada şägirtleriniň aýdan gürrüňlerini diňledim. Maşgala agzalary bilen tanyşdym. Ilki bilen Ereş mugallymyň gyzy Amansoltan Durdyýewa bilen söhbetdeş bolduk. Ol:
— Kakam 1931-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Esgi obasynda doglan. 1998-nji ýylyň 6-njy maýynda 14 ýaşymdakam ýogaldy. Kakamyň dört gyz, bir ogul perzendinden on bäş agtygy, on iki çowlugy bar. Kakam ýag ýaly ýumşak, çaga ýaly häsiýetlidi. Düzme ýazsagam ejemizden öňürti kakamyza görkezerdik, ýogsa ejem Oguldursun Orakowa bilim ulgamynda terbiýeçi bolup işledi. Kakamyň kän dostlary bardy, öýmüze gelerdiler. Bendeleň häzir köpüsi aýatda ýok. Olar hakynda ejem gürrüň berip bilerdi, ýöne olam ýaşy uly bolansoň ýarawsyzrak. Men bolsa esasy bir zady aýdasym gelýär. Kakam meniň kalbymda kitaba bolan söýgi döretdi. Çagalygymdan kitaby aýap saklamagy öwretdi. «Kitap okaňyzda manysyna düşünip okaň, ýöne ýat tutsaňyz bolmaz» diýerdi. Sözleriň manysyny düşündirerdi. Ýazan düzmämizde göwnelaýyk görmedik ýeri bolanda-da, «şu ýerini aýraýsak nähili bolýa?» diýip çaga bolsagam bize sala-salardy. Soňra-da näme üçin aýyrmalydygyny düşündirerdi. Her bir ýazylýan zatda awtora hormat goýardy. Şeýle hem öz pikirini aýdardy. Kitap taýýarlanda bizi ýagny, çagalaryny daşyna üýşürip hersiniň sahypalaryny tertipletdirip ýelimlederdi.
Kakam ilki taryhçy bolmak arzuwy bilen Moskwanyň Lomonosow adyndaky uniwersitetiniň taryh fakultetine giriş synagyny tabşyrýar. Emma synagdan geçip bilmeýär. Onsoň oňa Moskwanyň beýleki ýokary okuw jaýlarynda okamagy maslahat berýärler. Şonda ol özüniň öňden biraz habarly hünäri bolan kitaphanaçylyk ugrundan okamagy ýüregine düwýär. Şeýlelik bilen Moskwanyň döwlet kitaphana institutyna okuwa girýär, 1954-hji ýylda-da okuwyny ýokary hünärli kitaphanaşynas diýen tapawutly diplom bilen tamamlaýar. Okuwyny gutaransoň TSSR Medeniýet ministrliginiň garamagyna işe iberilýär. Soňra ol geçen zähmet ýolunda dürli kitaphana-bibliografiýa edaralarynda, okuw jaýlarynda bir egne zähmet çekdi.
Kakam gürrüň bererdi. Atamyň türkmen dessançylaryndan, şahyrlaryň diwanlaryndan ybarat bolan uly bolmadyk şahsy kitaphanasy bolupdyr. Şol kitaplaryň aýalyp ýörite sandyjakda, mahmal bukjalarda saklanmagy, aýratynam uzak gyş gijeleri çyranyň yşygynda atamyň kitap okap bermegi kakamda ýaşlykdan kitaba bolan söýgini döredipdir. Çagalar bagynda terbiýeçisiniň her gün kitap okap bermegi, mekdebe barmak bilen harplary öwrenmegi kakamyň kitap okamaga bolan höwesini artdyrýar. Ol mekdep hem oba kitaphanasynyň işjeň okyjysy bolýar. Kakam 1946-njy ýylyň başlarynda Çärjew şäherinde okalga müdirliginiň bir aýlyk taýýarlyk kursuny okaýar. Moskwada okaýan döwri ol sowet kitaphanaçylarynyň dünýä belli görnükli alymlaryndan tälim alýar. Moskwa şäherindäki we onuň eteklerindäki kitaphanalaryň baý tejribesi bilen düýpli tanyş bolýar. Institutyň soňky ýyllarynda önümçilik tejribelerini Aşgabat şäherinde geçmek bilen paýtagtymyzyň ylmy we köpçülik kitaphanalarynyň işleri bilen tanyşýar, işgärler bilen işleşýär. Maşgalamyzda kakamyň hünärinden bilim alyp, şol ugry dowam etdirýändigime begenýän. Kä wagt öz-özüm: «Wah, kakam jan aramyzda ýaşap ýören bolanda men ondan indi köp zatlary öwrenerdim» diýip oýlanýan. Başardygymdan azda-kände şu ulgamda halkymyza hyzmat edýändigime welin buýsanýan — diýip gürrüň berdi.
Soňra Ereş mugallymyň iň ýakyn şägirtleriniň biri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Ylmy-usulyýet müdirliginiň esasy ylmy işgäri, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Baýramguly Nuryýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:
— 1971-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmen döwlet uniwersitetinde kitaphana we bibliografiýa hünäri bölüminde okuwa başlan günümizdi. Gara saçlary yza gaýtarylyp daralan kyrk ýaşlaryndaky mugallym «Kitaphana işiniň taryhy» dersinden okadyp başlady. Ol sapaga girişmänkä adyny aýdyp özüni tanyşdyrdy soňra talyplar bilen tanyşdy. Şol günden halypamyz Ereş Orakow bilen ilkinji tanyşlygymyz başlandy. Mugallymyň kitaphananyň geçmişi barada täsirli gürrüňleri diýseň gyzylandyrdy. Alym hünärmeniň maglumatlara baý gürrüňleri ýaňy okuwa başlan talyplary juda özüne çekdi. Onuň kitaphanalaryň ähmiýeti hakynda giňişleýin hem çuň manyly söhbetleri saýlan hünärimize bolan söýgimizi gün-günden artdyrdy. Kitaphana işine, bilimine, ylmyna, medeniýetine uly sarpa goýup öwrenmelidigimize göz ýetirdik. Ereş mugallym teoriýa-nazaryýet sapak geçende dik aýak üstünde gezmeläp gürrüň bererdi. Oturgyçda oturyp sapak geçeni ýadyma düşenok. Sapak gürrüň berýärkä-de gözleri talyplardady, aýdýan gürrüňlerini talyplaryň depderlerine ýazyp alyşlaryna üns bererdi. Ol aňsat ýadamazdy. Çalasyndy. Mydama hereketdedi. «Meniň aýdan sözlerimi jikme-jik ýazjak bolmaň. Öz sözleriňiz bilen pikiriňizi beýan ediň. Şonda özüňiz üçin düşnükli bolar. Başganyň aýdan sözleri ýaly bolmaz» diýip düşündirerdi. «Her bir sözi doly ýazman, gysgaldyp ýazmaklygy öwreniň» diýerdi.
Ak göwünli. Şähdi açyk. Sada häsiýetlidi. Esasy hünär halypamyz bolan Ereş mugallymyň hiç hili ýazga seretmezden suwara okadyşy, düşündirişi, jany-teni bilen öwretmäge yhlas edişi her bir talypda onuň özüne bolan hormat, ynam döretdi. Ereş Orakowy halypa tutunyp elmydama onuň bilen maslahatly okamak, öwrenmek, işlemek adaty endigimize öwrüldi. Halypam haýsy pudaga degişli sowal bilen ýüzlenseňem ugur görkeziji usulda dogry ýol salgy bererdi, gerekli hem ýerlikli hemaýat ederdi. Hat-da sowal bermedik ýagdaýyňda-da özi sowal bilen ýüzlenip, saňa duýdurman seni wajyp pursatlara, möhüm ugurlara gyzyklandyryp bilýän ussatdy. Talyplara ýüzlenip: «Diňe mugallymlardan öwrenmek bilen çäklenmäň-de, birek-birekdenem öwreniň» diýerdi. Bize bildirmezden talyplar birek-birege kömekleşýärmi ýa ýok barlap durardy. Örän tap biler usulçy, usulyýetçi, alymdy. Soň pikir edip otursak, halypamyzyň hemaýaty, ugur-ýola gönükdirişi arkaly biz bir-birege bilýänje zatlarymyzy aýdyşyp, geçilen sapaklary aňymyzda gaýta-gaýta berkidýändigimize düşündik.
Ereş mugallym bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklarymyz uniwersitetde okan ýyllarymyzdan başlandy. Hünär dersleri boýunça barlag işler, ýyllyk işler, kitaplara syn-seljerme ýazmakda-da beýleki hünär mugallymlarymyz bilenem maslahatlaşardyk, ýöne esasy halypamyz, hat-da mugallymlarymyzyň hem halypasy Ereş Orakowdy. Ýogsa beýleki mugallymlarymyzyň hem halypa kemi ýokdy.
Uniwersiteti tamamlamsoň, Türkmen döwlet kitaphanasyna işe iberilip, ylmy-usuly, ylmy-barlag bölümlerde işlämde-de, halypam Ereş Orakow bilen ýygy-ýygydan duşuşardyk. Kitaphana meseleleri barada özara pikir alyşardyk, maslahatlaşardyk. Mary welaýat kitaphanasynda, Wekilbazar etrap merkezi kitaphanasynda işlän döwrümde-de aragatnaşyk sakladyk. Kitaphana işlerinden az pursat özgeräk edaralarda işlän ýyllarym birneme gatnaşyk seýreklese-de, käte-käte habarlaşyp durýardyk. Aşgabada gelsem halypamyň ýanyna taňry salama barýardym. Bir gezek onuň iş ýeri bolan Türkmen döwlet uniwersitetiniň kitaphana we bibliografiýa kafedrasyna bardym. Ereş mugallym çaý başynda maňa: «Kafedra işe geljek dälmi, seň ýaly ýaşlar gerek» diýdi. Geleýinmi? — Näsini aýdýaň? — diýip ýylgyryp baş atdy. Şondan soň uniwersitete işe girmek üçin talap edilýän resminamalary taýýarlap tabşyrdym. Halypam Ereş Orakow bilen bir kafedrada işledik. Bu ýokary okuw mekdepde öň okasam-da, işlemek ýeňil düşmedi. Onsoň köplenç halypamdan maslahat soraýardym. Ereş mugallymyň: «Baýram jan, hiç kimi özüňden pes saýma-da işläber» diýen sözlerinden ugur aldym. Ol maňa okuw işleri bilen bir wagtda ylmy işiň hem aladasynda bolmaklygy maslahat berdi. Derrew ylmy iş temany anyklap, düýpli ylmy işe başlamagy tabşyrdy.
— «Garagum derýa boýunda ilata kitaphana hyzmaty» ady bilen ylmy iş ýazylaýsa — diýip teklip etdi. Ylalaşdyk. Örän möhüm mesele. Ep-esli işler ýerine-de ýetirildi. Bir günem ol maňa Nowosibirsk şäherine ylmy maslahata gidip çykyş etmek babatda iş sapara gitmegi hödürledi. Özi gidibem bilerdi. Emma ol ýaňy işe başlan ýaş mugallym şägirdine okuw işler bilen utgaşykly hem zerur bolan ylmy tejribe toplamaga mümkinçilik döretdi.
Ylmy maslahat iki-üç gün dowam etdi. Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminde Döwlet jemagat ylmy-tehniki kitaphanada kömpýuter ekranynda dünýä ýurtlarynyň kitaphana hazynalarynda bar bolan islendik kitap, sahypa, sözlem gerek bolsa ekrana çykaryp, oturan ýeriňde okap-peýdalanyp bolýandygyny görkezdiler. Işe gelip ylmy maslahat barada hasabat ýazdym, kafedrada işleýän halypa mugallymlary habardar etdim. Ereş Orakow halypama aýratynlykda gürrüň berdim. «Adamzat boýunça bitewi kitaphana» diýip kompýuter-internet barada aýtdym. Ol: «Baýram jan, ynha, hä diýmän wagt geler, bizde-de şeýle giň mümkinçilikler hökman bolar» diýdi. Halypam käbir resmi pursatlar bolaýmasa adymy «Baýram jan» diýip tutardy.
Bu ylmy maslahata gatnaşan ençeme ady belli alymlaryň maslahatlary, teklipleri bilen ylalaşdyk. «Usuly merkezleriň seljerme işewirligi kitaphana işini kämilleşdiriji täsir hökmünde», ýagny rus dilinde: «Aналитическая деятельность методических центров как фактор совершенствования библиотечной практики» ady bilen kabul edilen tema talaba laýyk hasaplandy. Bizem göwnedik. Işe başladyk. Şu aralykda bolsa gerek, halypamyz Ereş Orakow ýene bir iş sapar mümkinçiginiň bardygyny aýtdy. Iş saparyň maksady kompýuter tehnikasy, tehnologiýasy, internet ulgamy boýunça bilim-ylym derejäňi kämilleşdirmek. Bu okuwy Leningrad şäherindäki döwlet uniwersiteti guraýardy hem geçirýärdi. Iş saparda, wagt tapyp Leningrad şäherinde Medeniýet instituta baryp görmekligi, ylmy tema barada hünärmen alymlar bilen maslahatlaşmagy halypam maňa berk tabşyrdy. Bu tabşyryk diýseň jaýdar ýerine düşdi. Kitaphanaşynaslyk kafedra müdiri, pedagogika ylymlarynyň doktory Waneýew Anatoliý Nikolaýewiç ylmy ýolbaşçym bolmaga razylyk berdi. Leningrad döwlet medeniýet institutynda «Waneýew mekdebi» diýip atlandyrylan özboluşly ylmy mekdep döredilen. Maňa şol mekdepde okamak hem uçurymy bolmak miýesser etdi.
Ereş Orakow halypam menden on bäş ýaş uly. Resmi ylmy halypam Anatoliý Nikolaýewiç Waneýew Ereş Orakow halypamdan alty ýaş uly. Ereş mugallym uruş ýyllary oglanka tylda, etrapda, oba kitapanasynda işlän. Waneýew bolsa ýaş ýigitkä Watançylyk urşuna gatnasan.
Temam tassyklandy, ykrar edildi. Temanyň üstünde bäş ýyl gyzgalaňly işledim. Mugallymçylyk işi bilen ylmy işimi utgaşykly alyp bardym. Halypalarymyň: «Taplanmaly. Tijenmeli. Gije-gündiz dyngysyz işlemeli» diýen sözlerinden ruhlanyp, Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynda, Leningrad şäherindäki döwlet medeniýet institutynda kandidatlyk minimum synaglar tabşyrdym. Ylmy işimi üstünlikli tamamlap «Pedagogika ylymlaryň kandidaty» derejeli diploma eýe boldum. Bu işleriň wagtynda talaba laýyk amala aşyrylmagynda resmi ylmy ýolbaşçym Anatoliý Nikolaýewiç Waneýew bilen iş ýerimde halypam Ereş Orakowyň gündelik gözegçiligi, ýolbaşçylygy, ýerlikli sowallary, maslahatlary, düzedişleri, teklipleri mynasyp orunda durýar.
Kähalat özara gürrüňdeşlikde halypamyz «Bizde-de medeniýet instituty açylaýsa, kitaphana hünärem diňe kafedra bolman aýratyn fakultet bolaýsa» diýip göwün ýüwürderdi. Bir gezek şeýle diýen pursadynda: «Kitaphana uniwersal, köptaraplaýyn, ählipudaklaýyn edara, uniwersitetde bolsa ýerlikli dälmi?» diýdim. Halypam biraz sesini çykarman, soňra: «Beýleki ýerleriň köpüsinde Medeniýet institutlary bar. Medeniýet institutlarynda Kitaphanaşynaslyk fakultetleri bar. Kitaphanaşynaslyk fakultetlerinde dürli kafedralar işleýär» diýip anyk nygtap aýdypdy.
Garaşsyzlyk döwri başlanan badyna halypamyzyň arzuwy-islegi hasyl boldy. Türkmen döwlet medeniýet instituty açyldy. Medeniýet institutynyň düzüminde Kitaphanaşynaslyk fakulteti bar. Fakultetde ençeme kafedralar döredildi. Şol kafedralaryň biri «Kitaphana-informasiýa ulgamyny awtomatlaşdyrmak» boldy. Halypamyz muňa çaga ýaly begenipdi. Ereş Orakow şol fakultetiň dekany wezipesinde işledi. Ereş mugallym: «Kitaphanalar diňe medeniýet ulgamynda däl, beýleki pudaklarda hem kän. Diýarymyz boýunça kitaphana işi, bilimi, ylmy boýunça aýratyn Ministrlik ýa Komitet dörediläýse has anyk hem ýerlikli bolardy» diýibem aýdýardy. Menem halypamyň şol pikiri bilen ylalaşardym. Bilim ulgamynda mekdep kitaphana ulgamy-toplumy. Umumy orta bilim-mekdep kitaphanalary. Ýörite başlangyç, orta, ýokary bilim-hünär mekdep kitaphanalary. Lukmançylyk, tebipçilik hünär kitaphanalary. Beýleki pudaklaryň-ulgamlaryň kitaphanalary… Diýaryzda kitaphanalar aýratyn belli bir merkeze birikdirilse häzirki, geljekdäki adamzat çäklerindäki mümkinçilikler-talaplar göz öňünde tutulyp haýyr iş amala aşyryldygy bolardy.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda täze-täze döwrebap kitaphanalar gurlup ulanmaga berildi. Mary, Lebap, Daşoguz, Balkan welaýat kitaphanalary. ARKADAG şäherinde merkezi şäher kitaphanasy. Teleskoply kitaphanalar. Obserwatoriýaly kitaphanalar. Bu kitaphanalary gören bolsa halypamyz Ereş Orakow gör, nähili begenerdi» diýip buýsanjyny beýan etdi.
Ereş Orakow hakynda arhiw ýazgylarda-da kän maglumatlara gabat geldim.
Kärdeşi Öwezdurdy Nuryýewiň «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1966-njy ýylyň 27-nji awgust sanynda çap bolan «Ol ilkinjem bolsa, oňat iş» atly makalasynda: «Türkmenistanda kitaphana işiniň taryhyndan» atly iş ýazylmadyk sahypalaryň öwezini doldurdy. Ereş Orakowyň kitabynda görkezilýän faktlaryň örän gyzyklydygyny, okyjyny bada-bat özüne çekýändigini belläsimiz gelýär. Sebäbi geçmişde halkyň kitaba söýgüsi, bilim almaga höwesi kanagatlandyrylmadyk bolsa-da, Türkmenistanyň territoriýasynda özboluşly kitaphanalaryň bolandygyny awtor deliller arkaly görkezýär. Bu faktlar barada awtor gyzykly sanlar getirýär. Awtoryň 1219-njy ýylda Mary şäherinde on sany uly kitaphanaň ikisiniň meçjit, dördüsiniň medrese, biriniň myhmanhana, üçüsiniň hususy kitaphana bolandygy, arap geografy we syýahatçysy Ýakudyň olary görende geň galandygy barada berýän habarlary gyzykly faktlardyr. Ýakudyň aýdan sözleriniň ýazgysyndan parçalaryň mysal getirilmegi jüpüne düşüpdir. Käbir mysallary anyk görkezip ynandyryjy çeşmeleriň üsti bilen beýan edip gürrüň berýär. Orakow öňem kitaphanaçylyk işiniň derwaýys meselelerini gozgaýan birnäçe kitabyň awtory» diýip belleýär.
Ynha, bu bolsa ýene bir makaladan bölek. Kärdeşi Juma Seýitnyýazowyň 1971-nji ýylyň 13-nji iýunynda «Edebiýat we sungat» gazetinde çap bolan «Kitaphana işiniň alymy» atly makalasynda: «Orakow «Türkmenistanyň kitaphana işiniň taryhy» atly temadan kandidatlyk dissertasiýasyny gorady. Onuň kitaphana işi barada ýazan kitaplarynyň, braşýuralarynyň, makalalarynyň sany elliden geçýär. Alty bapdan ybarat dissertasiýada Ereş Orakow Türkmenistanda kitaphana işiniň ösüş taryhyna jikme-jik analiz berip, häzirki döwürde ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň öňünde duran uly wezipeler hakynda gymmatly teklipleri orta atýar» diýip ýazylypdyr. Şeýle makalalar başga-da bar.
Moskwanyň döwlet kitaphana institutynda kitaphana işi boýunça ýörite bilim alan hünärmenleriň ilkinjileriniň biri Ereş Orakow 1950-nji ýyllardan başlap tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanda kitaphana işiniň ugrukmagyna belli bir derejede mynasyp göşant goşan görnükli alym kitaphanaçydyr. Ol ata-enesiniň elinde we obasyndaky çagalar bagynda terbiýelenýär. Soňra obadaky mekdepde başlangyç bilim alýar. Ýetginjeklik ýyllary uruş döwrüne gabat gelensoň, ol okuwynyň daşyndan kolhozda işlemeli bolýar. Ilki brigada tabelçisiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Başlangyç mekdebi tamalap, soňra goňşy obada ýedi ýyllyk mekdepde okuwyny dowam edýär. Mekdepde okap ýörkä oňa oba okalgasyna müdirlik etmek ynanylýar. Soňra ol raýonyň Çowdur obasyndaky 2-nji orta mekdep-internatynda okaýar we 1950-nji ýylda-da üstünlikli tamamlaýar.
Instituty gutaran badyna ol TSSR medeniýet ministrliginiň medeni aň-bilim işleri boýunça respublikan metodik kabinetiň müdirligine bellenýär. Ol respublikan medeni aň-bilim edaralarynyň ýagdaýy bilen içgin gyzyklanyp, oblastlarda raýonlarda ençeme gezek iş saparlarda bolýar. Ýerlerde işgärler bilen ýygnaklar, maslahatlar guraýar. Kabinete ýolbaşçylyk etmek bilen bir hatarda ol oba okalgalarynyň we klublarynyň işgärlerine niýetlenen ençeme möhüm ähmiýetli gollanmalary taýýarlap neşir edýär. Onuň ýolbaşçylygynda respublikanyň medeni aň-bilim edaralaryna metodik kömek bermek işi guramaçylykly planly hem yzygiderli ýola goýulýar. Medeni aň-bilim işgärleriniň aýda bir gezek seminar okuwlary geçirilýär. Talypka medeniýet ministrligi tarapyndan TSSR-iň Karl Marks adundaky döwlet kitaphanasyna ýolbaşçy wezipesine işe çagyrylýar we 1960-1961-nji ýyllarda şol kitaphananyň direktorynyň ylym işler boýunça orunbasary bolýar. Bu wezipede işlemek bilen ýurdumyzyň merkezi hem milli kitaphanasynyň işiniň guralyşyna, onuň kämilleşmegine ýakyndan ýardam edýär. Soňra ol TSSR medeniýet ministrliginiň kitaphanalar uprawleniýesine ýolbaşçy bellenýär. Şondan soň ol respublikan çagalar kitaphanasynda işleýär we ol ýerde metodik bibliografik işiň kämilleşmegine uly ýardam edýär. Birnäçe gollanmalar taýýarlaýar. 1963-1964-nji ýyllarda ol täze açylan Türkmen döwlet pedagogik institutynyň kitaphanasyna ýolbaşçy bolmak bilen şol kitaphananyň düýbüni tutanlaryň ilkinjileriniň biri. Bu ýerde işiň ilerlemegi üçin ol uly tagallar edýär. Soňra Ereş Orakow ýedi ýyllap TSSR-iň Karl Marks adyndaky döwlet kitaphanasynyň ylym-metodik bölüminiň müdiri bolýar. Şol döwürde ol bu kitaphananyň ylmy-metodik işi boýunça respublikan merkeze öwrülmegi üçin biçak uly goşant goşýar. Beýleki respublikan, oblast, raýon hem şäher kitaphanalarynyň metodik merkez hökmünde kemala gelmegi üçin uly tagallar edýär. Onlarça düýpli metodik hem praktik gollanmalary döredýär. 1960-1970-nji ýyllarda Ereş Orakow Respublikamyzda SSKP MK-nyň 1959-njy ýyldaky «Ýurtda kitaphana işiniň ýagdaýy we ony gowulandyrmagyň çäreleri hakyndaky» kararyny durmuşa geçirmäge baştutanlyk edenleriň biri bolmak bilen, Türkmenistanda kitaphana işiniň ösmegine hemmetaraplaýyn hemaýat edýär. Ol mugallymçylyk käri bilen meşgullanýan ýyllary hem aýry-aýry kitaphanalar, olaryň işgärler kollektiwi bilen ýakyn aragatnaşykda bolýar. Olaryň ýygnaklaryna, seminarlaryna işeňňir gatnaşýar. Teklipler, maslahatlar bilen çykyş edýär. Umuman, bir jümle bilen aýdanymyzda Ereş Orakow ömrüni kitaphanaçylyk hünärine bagyşlan, saýlan hünärine halal hyzmat eden alym halypa.
Akgül Saparowa.