Akgül Saparowaň eline galam almagy gaty täsin. Baryp-ha ol heniz arzuw-hyýalyndan saplanmadyk gyzka ejesi oňa şeýle sargyt edýär:
– Gyzym, ulalaňsoň sen adamlaryň gursagyna söýgüni ekgin.
Aý-günler geçiberýär. Haçan-da Akgül gyzymyzyň saçy örüme gelende ejesinden söýgüniň tohumyny nireden almalydygyny soramandygyna gynanýar. Şeýdip ol kän gezýär.
Bir günem gidip barýarka uzakdan Bethoweniň ölmez-ýitmez “Surikasynyň” sesini eşidýär. Skripka adam dilinde gepläýjek-gepläýjek bolup şeýlebir saz edýär welin, ol aýdyp-diýer ýaly däl eken. Akgül sazy durup diňleýär. Görse, ony diňleýän ýeke özi däl. Töwerekden barýan başga-başga adamlaram durup diňleýärmişler. Akgüliň kellesine şeýle pikir gelýär: gyzykly ýazylan ýazgylaram adamlaryň gursagynda söýgüni döredip biljek. Şondan soň ol bar ünsüni süýji edip ýazylan ýazgylara berýär. Häzirem ol adamlaryň gursagyna söýgi ekmek üçin şeýle ýazylaryň dünýäsinde ýaşaýar.
Adamyň ömri pelle-pelle geçip dur. Ol ene kükreginden ýaryň gursagyna çenli, ýaryň gursagyndan durmuşyň gujagyna çenli ýol geçýär. Özüne berlen bir bulgur suwy içip gutarmanka-da, “sen pylança ýaşadyň” diýilýär. Onsoň ol ötürilen ömrüň ala meýdanyna ser salyp, “heý men gojaman dünýä birzatlar galdyryp bildimmikäm?” diýip pikir edýär.
60 ýaş – bu garrylygyň juwanlygy hasaplanýar. Adam garrylygyňam hözürini görmeli.
Men Akgül Sparowa bilen beýle bir saçakly gatnaşmasagam oň bilen häli-şindi görşüp durýas. Biz her gezek görşemizde ol durmuşyň iň soňky kynçylygyny başdan geçirýän ýaly begençli ýagdaýda gaşlaryny gerýär. Bu gün bolsa onda birhili ünji duýuldy.
– Ýerbendi aga, men özümiň şu wagta çenli kitabymyň ýokdugyna gynanýadym welin, asyl seniňkem ýok eken-ä…
Kitabymyň ýoklugyndan birwagt tenim ölensoň, men oňa sowugrak jogap berdim.
– Kitabyň bolsa gowy, gyzym. Esasy zat gowy ýazmaly. Gowy ýazylan eserler kitapsyzam öz okyjysyny tapýandyr.
Akgül gyzymyz azajyk pikirlenip, basymam şadyýan görnüşe geçdi.
– Bolmasa, Enweriňki ýaly edäýsene…
Men gyzyklandym.
– Enweri nädipdir?
– Olam ilkinji kitabyny sahaplamak üçin özüni gul edip ak bazara çykarmagyň pikirini edipdir. Bir gün ol şägirdine şeýle diýýär: “Meni gulbazaryna elt-de, sat. Bahamam bir kitaby sahaplamak üçin näçe teňňe gerek bolsa, şoňa ber!”.
Şägirdi diýleni edýär. Enweriniň boýnuna tanap atylyp, bazara çykarylan güni ony tanaýan bir barjamly adamam bazar barýar. Ol Enweriniň ýüzüni aşak salyp, kysmata kaýyl bolup oturanyna haýran galyp, nyrhyny Enweriniň boýnundaky ýüpüniň beýleki ujuny saklap oturandan soraýar.
– Guluň nyrhy näçe?
Şägirdi Enweriniň özüne nyrh kesişi ýaly jogap berýär. Barjamly adam goltugyndan talap edilýän nyrhy çykarýar-da, Enwerini satylmakdan halas edýär.
Akgül gyzymyz soň gülüp şeýle diýdi.
– Ýerbendi aga, senem bazara çykaraýsak, bir ýagdaýly adam gabat gelmezmikä?…
Akgül gyzymyzyň bu tymsaly gülküli ýalam bolsa gussalydy. Ýazyjy kitabyny köpçülige ýetirmek üçin özüni gul edip satmaly bolýar.
Men Akgül gyzymyza bälçiräp şeýle diýdim.
– Gyzym, meni şu durşuma bazara çykarsaň näçä alarlar?
– 50 manatdan artyk ýekeje şaýam bermezler.
Menem onuň özi ýaly degişdim.
– Edýän gürrüňiň näme! Meniň aýagymdaky köwşüm 50 manat ahyry!
– Menem şo köwüş hakynda gürrüň edýändä…
– A özüm näme?..
– Özüň gara şaýada degeňok – diýip, ol hezil edip güldi.
– Şuny dogry aýtdyň…
Menem gülkä goşuldym.
Biz redaksiýada üyşüp otyrdyk. Her kim ýaş hakda gürleýärdi. Gezek Akgül Saparowa gelende ol şeýle diýdi.
– Maňa karamlyk gerek däl. Alla 2 sany 40-lygyny berse, şol besdir.
Oturanlar “weý-weý” diýişdiler. Kimsi Azerbaýjanda bir aýalyň ýaşynyň 100-den geçendigini aýtdy. Kimem Ýaponiýada biriniň 117 ýaşap barýandygyny aýtdy.
Akgül Saparowa olary diňläp şeý diýdi.
– Olaryň ýöne ýaşap ýörmekden başga näme işleri bar. Biziň işimiz başymyzdan agdyk. Entek köp zatlary ýazmaly.
Br gün ol maňa şeý diýdi.
– Men Berdinazar aga hakynda ýazmaly. Ol hakda üýtgeşik bilýän zadyň ýokmy?
Men o bilen obadaşam bolsam salam-selikden başga gatnaşygym ýokdy. Ýöne uzyn ömrüň içinde men oň bilen üç ýola duşuşypdym. Gürrüňimiz azajygam bolsa, köp zady aýdýardy.
Bir gün Berdinazar aga keýpi kök halda maňa şeý diýdi.
– Ballym – ol meniň obada tutulýan adymy tutdy – Meni tanaýan-tanamaýan özlerine pata bermegimi soraýar. Sen bolsa özümiňkem bolsa pata soraňok.
– Ýaşuly, siziň ýüküňiz ýetik, menbir size päsgel bermäýin diýýän. Onsoňam siz-ä pata berseňiz, menem ony ödemesem… Öňem edebiýatyň boýnunda oturan kän-ä. Men bir oňa ýük bolmaýyn diýýän..
Soňky duşuşygymyz başgaça boldy. Men işden çykyp gidip barýarkam ol meni saklady.
– Sen dogry ýoldan ýöreýädiň, şu gezek weli ýalňyşdyň…
Men näme diýen görnüşde ýüzüne seretdim.
– Obamyzyň adyny öz adyň gapdalynda goýmana gorkmadyňmy?
Men bälçiredim.
– Siz heniz barkaňyz azajyk garagolluk etsemem bolar-la diýen pikir bilen alaýdym…
Men azajygam bosa Berdinazar agaň gaharynyň gelendigini bildim.
– Garamatly uly zatlar oýun edip alynýan däldir. Pozzam oýnan ýaly. 5-3 sany hekaýaň bilen obaňa erjeşmeli däldir. Bolmanda halk ýazyjysy diýen derejä bir ýeten bolsaň…
– Menem galammy ilki elime alamda halk ýazyjysy bolaryn diýip alypdym. Zordan Ýerbendi boldum…
Bir gün işe barsam “Seni Berdinazar aga soraýarmyşyn, özem ýaşuly ýaranokmyş” diýdiler.
Ýaşuly öýüň çüňkünde birgysym bolup ýatyrdy. Pälwan göwre kiçelipdir. Ol meni görüp “Bärik, ýanyragyma gel” diýip yşarat etdi. Men golaýlamda ýuwaşlyk bilen elimi gysyp, şeý diýdi: “Ýerbendi – hawa, ol maňa hut şeý diýip ýüzlendi – Obamyzyň adynyň ygtybarly gola düşenine begendim. Ene-ataň perzendinden yrza bolşy ýaly, obaňam öz topragyna gunnanan perzendinden razy bolmalymyşyn. 44-nji ölçegli agyr köwşüm bilen menem ürgün çägeleri kän basgylapdym. Hernä guba çägeler yrza bolawersin…”
Ol şeý diýip, gözüni süzmek bilen boldy. Soň ol açylmady…
Men daşaryk çykanymda Akgül Sparowada duran ekeni. Biz hiç zat gürleşmän redaksiýa tarap ýöräp ugradyk. Iş ýere ýetiberenimizde halk ýazyjylarynyň biri öňümizden çykyp şeýle diýdi.
– Ol dünýe bilen nähili hoşlaşdy?
Men gürlemedim. Oňa derek Akgül gyzymyz şeý diýdi.
– Sen oň dünýe bilen nähili hoşlaşanyny sorama-da, nähili ýaşandygyny sora…
Soňam ýuwaşja pyşyrdady.
– Berdinazar aga bolmalysy ýaly adamdy…
Akgül gyzymyz Berdinazar aga hakynda ýazanda belki şularam ýazar.
Bir gün Akgül gyzymyz gürlemäge gorkýan ýaly şeý diýdi.
– Seni kimdir biri 100 ýyldan soň ýatlaýsa…
Öwezmyrat ÝERBENDI.