DÜNÝÄ

Emmanuel Makron: Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzy ösdürmäge taýýar

Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron Türkmenistanyň Prezidentine Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Fransiýanyň Prezidenti gutlag hatynda ykdysady, oba hojalygy, ekologiýa, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek babatda bilelikde işläp biljekdiklerini belläp geçdi.

Fransiýanyň Prezidentiniň gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Türkmenistanyň milli baýramy mynasybetli fransuz halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy, türkmen halkyna bolsa bagt hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna umyt edýärin. Şunuň bilen baglylykda, golaýda Türkmenistanyň Parižde täze ilçisiniň bellenilmegini mübärekleýärin. Onuň gatnaşyklarymyzyň ösdürilmeginiň bähbidine işlejekdigine ynanýaryn.

Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga tüýs ýürekden ygrarly bolup, ykdysady, oba hojalygy, ekologiýa, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygymyzy ösdürmek babatda bilelikde işläp biljekdigimize ynanýaryn. Biziň kompaniýalarymyz özleriniň nou-haularyny Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň hyzmatynda goýmaga taýýardyr.

Jenap Prezident, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Related posts

Putiniň Gazagystana sapary: milliardlyk maýa goýumy we sürüjisiz gatnawlar

“Merkezi Aziýa — Hytaý” parlamentara geňeşi dörediler

Orta Asya ve Afganistan Bakanlar Toplantısı

vepa

Leave a Comment