TEHNOLOGIÝA

«EDON» otaglaryň howasyny tämizlär

«Xiaomi» kompaniýasy «EDON» atly otaglaryň howasyny arassalaýjy we nemlendiriji enjamyny öndürmegi meýilleşdirýär. Bu enjam otagyň howasyny elmydama tämiz bolmagyny üpjün eder. Onuň agramy 1,5 kilograma barabar bolar. Şeýle hem täze enjam üç ölçegde bolup howany arassalamaga hyzmat eder.

Enjam suratda synlaýşyňyz ýaly, gapdallaýyn üfleýän şekilde 93,5 sm, 51,6 sm uzynlykda bolup, ýokary üfleýän şekilde 14,1 sm uzynlyga barabar bolar. Şeýle hem 120-360 gradusa çenli gapdala aýlanar. «EDON» enjamy ýörite pult arkaly dolandyrylýar.

Ulanyjylar güniň dowamynda islendik wagtyň öýüň belli bir ýerinde goýup, otaglaryň howasyny tämizläp bilerler. Bu enjam kompaniýanyň iň naýbaşy önümleriniň birine öwrüler.

 

Related posts

“Apple”-iň ulaglaryny hem görmek bolar

Ata Watan Eserleri

“Panasonic” täze gulaklygyny tanyşdyrar

Ata Watan Eserleri

Hytaýda ýol polisiýa işgärleri emeli aň äýnekleri ulanyp başlady