SIZDEN GELENLER

Edebiýata baglanan ykbal

Özüniň ajaýyp eserleri bilen dünýä meşhur bolan iňlis drama ýazyjysy, şahyr Wilýam Şekspir barada kän zatlary aýdyp geçmek bolar. Ýazyjy 1564-nji ýylyň 23-nji aprelinde Stretford şäherinde Jon Şekspiriň maşgalasynda dünýä inýär. Maşgalada uly perzent bolansoň ol okuwdan boş wagtlary kakasyna kömekleşmeli bolýar.  Kakasy hünärmentçlilik we söwda bilen meşgullansa, Şekspir deriden ellik tikip ony satmak bilen meşgullanýar.

Emma ýazyjy edebiýata bolan hyjuwy sebäpli bu işlerden sowaşmaly bolýar. Ilki ýazyjy sahna üçin pýesa ýazýar. Onuň häzire çenli saklanyp galan 39 sany pýesasy bar.

Ýazyjy 1599-njy ýylda Londonda açylan we şol döwrüň iň uly teatry bolan “Globus” atly teatryň başlygy bolýar. Ol teatra ýolbaşçylyk eden döwründe onda görkezilýän komediýalaryň we tragediýalaryň köpüsini özi ýazýar. Şekspir jemi 154 sany sonet ýazýar we onuň sonetleriniň birnäçesi dünýäniň dürli dillerine terjime edildi.

Wilýam Şekspir häzirki döwürde-de meşhur hasaplanýan eserlerini 1589-njy ýyldan 1613-nji ýyllar aralygynda ýazýar. Ýazyjy “Romeo we Julýetta” atly eserini 1595-nji ýylda ýazýar. Onuň bu eseri esasynda filmler döredildi. Eseriň kitap görnüşi dünýäniň ençeme dillerine terjime edildi. “Korol Lir”, “Gamlet” ýaly eserleri hem ýazyja meşhurlyk getiren eserler hasaplanýar.

Beýik iňlis ýazyjysy Wilýam Şekspir 1616-njy ýylyň 23-nji aprelinde 52 ýaşyň içinde aradan çykýar. Öz ömrüniň köp bölegini pýesa, sonet ýazmak bilen geçiren ýazyjynyň ykbaly edebiýat älemine baglanan. Häzirki wagtda ýazyjynyň döreden ençeme eserleri dünýä edebiýatynyň dürdäne eserleriniň biri hasaplanýar.

 

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 talyby.

“THY”: maý aýyndaky meýilnamasynda AÅŸgabat hem bar

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys