Oba hojalyk pudagynda düýedarçylygy ösdürmek we olaryň önümliligini ýokarlandyrmak esasy çäreleriň biridir. Munuň sebäbi bolsa, olaryň süýdüniň we etiniň dermanlyk häsiýeti ýokarydyr. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda halk seleksiýa işleriniň netijesinde emele gelen arwana düýeler ösdürilip ýetişdirilýär. Bu düýelerden adam saglygyna peýdaly bolan et, köp mukdarda berhizlik häsiýeti bolan süýt we gymmat bahaly ýüň alynýar.
Arwana düýeleri ýylyň ähli paslynda öri şertlerinde süýt berijilik ukybyny we sagym möwsüminiň dowamlylygyny saklap bilýändigi bilen tapawutlanýar. Olaryň süýtliligi düýeleriň beýleki tohumlaryna garanyňda iki esse ýokarydyr.
Ylmy önümçilik maglumatlaryndan mälim bolşy ýaly, bu düýelerden sagym döwrüniň dowamynda ortaça 2000-2500, käbir süýtli düýelerden bolsa 4000 litre çenli süýt sagylyp alynýar.
Düýe süýdi özüniň ýokumlylygy bilen beýleki oba hojalyk mallarynyň süýdünden tapawutlanýar. Onuň süýdünde gury maddanyň mukdary 14-16 %-e ýetýär. Şeýle hem düzümindäki beloklaryň, ýagyň we witaminleriň köplügi bilen sygyr süýdünden tapawutlanýar.
Düýe süýdi adamyň immunitetini ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Süýdüň ýokumlylygy ortaça 900-950 kilokaloriýa ýetýär.
Ylmy maglumatlara görä, arwana düýeleriň süýdünde ortaça belogyň mukdary 3,6%-e, ýagyň mukdary 4,5%-e, süýt gandynyň mukdary 5%-e deňdir. Şeýle hem onuň düzüminde witaminleri bolup, olaryň mukdary sygyr süýdüniňkiden has-da köpdür.
Arwana düýeleriň süýdi özüniň düzüminde fosfory we kalsiýni köp mukdarda saklaýandygy sebäpli çagalar üçin gymmatly iýmit hasaplanýar.
Düýe süýdi özüniň ilkibaşdaky durkuny uzak wagtlap saklamaga ukyplydyr. Ol 10 gradus ýylylykda özüniň ilkibaşdaky turşulygyny 36 sagat, 30 gradus derejede 24 sagat saklap bilýär. Sygyr süýdi bolsa şeýle ýylykda 6 sagatdan soň uýamaga başlaýar.
ANNAKOW SERDAR,
TOHU-nyň talyby