ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Durdy Saparow: hakyda ornan keşpler

Milli sungatymyzyň islendik ugrunda, döredijiligi bilen yz goýan ägirtler juda kän. Olar halkymyzyň guwanjy, buýsanjy. Türkmen kino sungatynda özüniň gaýtalanmaýan özboluşlylygy, wäşiligi bilen tanalýan meşhur artistimiz Türkmenistanyň halk artisti Durdy Saparow hem şeýle zehinleriň biri. Onuň maşgala ojagynda sungat zehinlerinden ýene-de bar. Türkmenistanyň halk artisti, mahmal owazly alypbaryjy (merhum) Oguljahan Mämikowa Durdy aganyň aýaly, «Miras» radio ýaýlymynyň goýberiş bölüminiň topar ýolbaşçysy, «Garaşsyzlyk», «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryň eýesi, zähmet weterany Nurjahan Saparowa gyzy.

Bir gün radio işgärleriniň biri Rejep Berdiýew bilen söhbetdeşlik taýýarlamak üçin öýlerini gözläp, ýolugra geçip barýan birinden olaryň öý salgysyny soradym. Ol: «Ynha, şu töwerekde radio işgärleriniň biri-hä ýaşaýar. Baryp görüň, belki, gözleýän öýüňizdir» diýip salgy berdi. Tötänden baran  şol ojagym Durdy Saparowlaň öýi eken. Howla girenimden Nurjahan Saparowa daşarda bir iş bilen gümra bolup durdy. Maňa gözi düşenden ol: «Geliň, geliň!» diýip mähir bilen garşy aldy. «Ýör, öýe gir, ejem bilen salamlaşarsyňyz hemem bir käse çaý içip gidersiňiz» diýip öýe saldy. Şonda hoş owazy bilen, radio diňleýjileriň kalbyndan orun alan alyp baryjy, meşhur «Aýgytly ädim» kino filminde döreden Aýnanyň ejesiniň keşbi bilen göz öňümizde galan Oguljahan Mämikowa bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz sataşmak miýesser etdi. Nurjahan gelneje oňa: «Eje, tanyş bol, bu arada «Edebiýat we sungat» gazetinde kakam hakynda makala ýazan gelin, Akgül Saparowa» diýip tanyşdyrdy. Oguljahan daýza pensiýada, özem ýarawsyz eken. Ol diwana arkasyny ýaplap, bir elinde-de hasasyna söýenip oturan ýerinden rusça: «Gör sen nähili ýaş» diýip, başyny ýaýkap, çep eli bilen egnimden sypap, şol bir sözlerini telim gezek gaýtalapdy. Onuň bu sözlerinden şeýlebir ýaşlygyna dolanasy gelýändigini duýdum. «Wah, şol bir wagtky ýaşlygym gaýdyp geläýse, sungat üçin etjek işlerim indi kän-le» diýýän ýalydy. Özem rusça gürlände-de, edil radioda gepleşik alyp barýan ýaly täsir etdi.

Ol ýarawsyz bolansoň, hemem: «Durmuş hem zähmet ýoly hakyndaky ýatlamalara berlende tolgunmasyn» diýip, kän gürrüňdeş bolup bilmedik. Hat-da,  Durdy aga barada makala ýazanymda-da, gyzy Nurjahan gelneje bilen söhbetdeş bolupdyk. Ol şonda:

— Kakam 1917-nji ýylyň 24-nji fewralynda Bäherden etrabynda doglan. 1978-nji ýylyň 19-njy fewralynda-da ýogaldy. Köplük maşgalada önüp-ösen. Moskwadaky Lunaçarskiý adyndaky teatr institutynyň režissýorlary taýýarlaýan bölümini gutaran. Kakam on ýaşyna çenli gaty syrkawlagan bolupdyr. Özem gaty horja bolansoň, doganlary onuň iki ýaňagyndan çekip «Mürrüjämdir, Mürrimdir» diýip söýüpdirler. Şeýdibem, ulalansoňam Mürri aga ady ýörgünli bolup galypdyr. 1948-nji  ýylyň Ýer yranmasynda enem hemem iki dogany ýogalýar. Kakamyň okuwa gitmegine-de hossarlary kömek edýärler. Sebäbi kakamyň çagalykdan zehininiň ýitiligi, şygryýete bolan söýgüsi güýçli eken. Bibilerimiň aýtmagyna görä, özem şygyr ýazýan eken. Ýa-da bile okan ýoldaşlary Fahriýa Aliýewa, Sabyr Ataýewa dagam «Kakaň otlynyň üstünde degişme goşgy döredip, okan wagtlary bardy» diýip ýatlardylar. Dogrusy, özümizde saklanan goşgusy ýok. Kakamyň gürrüň bermegine görä, onuň mugallymlary Aleksandr Bibikow, aktýorlyk sungatyndan ýolbaşçylyk eden Olga Knipber Çehowa /Çehowyň aýaly/. Şularyň adyny köp agzardy. Kakam okuwda köp kösençlik çekipdir. Emma uly ynam bildirip ugradan hossarlarynyň ynamyny ödejek bolup, ejizläp, zeýrenip hat ýazmandyr. Doganlary gürrüň bererdi. Ýöne özi «Käwagt açlygymdan çaşýan wagtlarym bolardy. Şonda şol mugallymlar ýagdaýyma düşünerdiler. Sypaýçylyk bilen göwnüme almaz ýaly edip, jübime pul salardylar. Käýarym öýlerine äkidip, naharlaýan wagtlaram bolardy» diýip ýatlaýardy. Okuw üçin gören kösençliklerini ýatlap gülüşýärdiler. Kakam «Okaýan döwürlerimizde Şolohowyň eserlerinden parçalar oýnaýardym. Obadan baran sada oglan. Sahnada aýal maşgala bilen gujaklaşmaly, ogşaşmaly pursatlar gabat gelse, «Gelşiksiz bor» diýip, çekinip durýardym. Mugallymlarymam «Bu häsiýetiňi taşlamasaň, senden artist çykmaz. Tomaşaçyny ynandyryp oýnamaly. Sahnada keşbe jan bermeli» diýip, talap ederdiler. Olaryň şol talabedijiligi sungatda kämilleşmegime getirdi» diýip, gürrüň berýärdi.

Ilki opera-balet teatrynyň umumy ýaşaýyş jaýynda az wagt ýaşap, şo ýerde işleýär. Soň radioda režissýor bolup işe başlaýar. Radionyň ýazgysynda kakamyň okan hekaýalary ýa-da öz goýan oýunlary bar. Esasanam, çagalar üçin «Ýartygulak», «Böwenjik» halk ertekileri esasynda goýlan oýunlaryny ýatlasym gelýär. «Böwenjikde» dagy sesini telim görnüşde üýtgedip ses beripdir. Soň teleýaýlymda işledi. Radio bilen teleýaýlym birleşensoň bolsa, ýolbaşçy boldy. Ondan soň kinostudiýa çagyrdylar. Ilkinji oýnan kinosy «Gündogara tarap on ädim» bolmaly. Soňra «Aýna», «Ýuwaş gelin», «Meniň dostum Meleguş», «Döwranyň başdan geçirenleri», «Aýgytly ädim», garaz, gaty köp kinoda oýnan. Alty Garlyýew kakamyň «Aýgytly ädimdäki» keşbini «Atyň üstüne aýagyny atyşy tüýs han ýaly» diýip halapdyr» diýip gürrüň berdi.

Onuň gürrüňlerini diňläp otyrkaň Durdy aganyň döreden keşpleri ýekän-ýekän göz öňüňde janlanýar. Ussat artistiň janlandyran keşplerinde üýtgeşik, täsin gülki bar. «Döwranyň başdan geçirenleri» kinosynda Akmyrat Bäşim pahyra «Ahyry şu meşik garyn sebäpli biz heläk bolarys» diýýän ýeri ýa-da «Meniň dostum Meleguş» kinosynda bir pursat bardyr. Akmyrat Bäşimiň Alta käýinip durşuna, gaharyny herekete geçirip, Durdy agaň kellesini durşy bilen köpürjikledip, sabyn çalyp, eli päkili saçyny syrjak bolanda: «Nädýäň-aý» diýip, ýeke agyz söz bilen ýüzüne seredýändir. Tomaşaçy bolup şo bada ýylgyranyňy duýman galýaň. Akmyrat Başimem: «Dogry-da walla. Bagyşla agam» diýip, gülkiň üstüni ýetirýär. Durdy aganyň «Aýgytly ädim» kinosynda dagy «Öz hojaýynyny satdy haramzada» diýýän ýeri, göräýmäge käýinç ýaly. Ýöne şony gülki bilen aýdýar. Kakaňyzyň durmuşda häsiýeti nähilidi? Köp kinolarda Akmyrat Bäşim bilen bile işleşen. Özem, aýratyn bellemeli zat, şu iki artistiň sahnada bir-birine bolan gapma-garşy hereketleri üýtgeşik. Daş keşplerem, sözleýişlerem jüpüne düşen. «Kawkaz ýesiri» kinosynda oýnaýan Fissin, Morgunow, Ýuriý Nikulin dünýä belli artistler. Men «Döwranyň başdan geçirenleri» filmindäki üç artisti /Durdy Saparow, Sary Garryýew, Akmyrat Başimow/ şol artistlere meňzedesim gelýär — diýip sowal berdim. Nurjahan gelneje:

«Kakam durmuşda o diýen degşip-gülşüp ýören, Juma Ýazmyrat dagy ýaly alaýaz adam däldi. Ol bize «janam» diýip ýüzlenerdi. Hiç wagt käýinip, gorkuzjak bolup durmazdy. Ýöne, şonda-da biz ondan çekinerdik. Kakamy köp diňlärdik. Pähim-paýhaslydy, rehimdardy. Ýöne beýle açyk däldi. Hemme kişä içini açyp bilmezdi. Juda bir ýüregine ýakyn adamsy bolmasa, öýe çagyryp gatnaşybam ýörmezdi. Belki, çekinjeňlikdendir. Belki-de, urşuň, açlygyň horlugyny görendiginiň täsiri bolmagy mümkin. Gaty gahary gelende öýkelärdi. Wagty bilen açylyp bilmezdi.

Akmyrat Bäşim «Döwranyň başdan geçirenleri» filmi düşürilýärkä, öýümize köp gezek gelipdi. Bir gezek «Gazik» maşynly günorta naharyna geldiler. Ejemem ony-muny taýýarlap, saçak başyna goýuşdyrdy. Kakam bilen «Kinonyň o ýerini eýtsek, bu ýerini beýtsek» diýip, pikir alyşdylar. Birdenem kellelerine üýtgeşik pikir gelendirdä. «Çaý-çörek iýýänçäk ýadymyzdan çykaýmasyn, ýör, şu wagt surata düşüreli» diýip, naharyň duzuny datman ylgaşyp, maşyna mündüler. Ikisem işine berlen adamlardy. Akmyrat Bäşim bilen kinoda bile oýnamak sungat ummanynda ýüzýän ýaly. Ol arkaýyn bil baglap ynanýan aktýorydy. «Eger bile oýnaýan ýoldaşyňa ynam bolmasa, sen gowy açylyp bileňok. Biri-biriňe düşünip, goldap işlemek örän zerur» diýýärdi. Ony juda sylaýardy. Has beterem, kiçi göwünliligini halardy» diýdi. Oňa:

Ejeňizem, kakaňyzam sungat adamsy. Bile oýnan kinolaram bar. Şular dogrusynda nämeler aýdyp berjek?— diýip sowal berdim.

«Aýgytly ädim» kinosynda Aýnaň ejesiniň «Gyz gaçdy, gyz gaçdy» diýip gygyrýan ýeri bardyr. Köpriň üstünde. Şol ýeri kino alynýarka, režissýoryň hiç göwnünden turanokmyş. /Şo keşpde Aýnaň ejesi bolup, ejem Oguljahan Mämikowa oýnaýar/. Telim gezek gaýtalanýar. Ahyry ejem ýadaýar. Aýaklarynyň agyrsyna çydaman, iki buduna urup, «Waý, gyz gaçdy, gyz gaçdy» diýip gygyrypdyr. Şonda Alty Garlyýew: «Wah, saňa döneýin, tüýs ýerine düşdi» diýipdir. Ine, Alty Garlyýew artiste şunuň ýaly erkinlik berýän eken. Kakamyň keşpde gowy görýän zadam erkinlikdi. Ejem käýarym kakama diýerdi: «Beýdip kösenip ýörme. Reňkiň saralyp gitdi. Kinodyr-da, bolşuna görä, bolar-da» diýerdi. Emma kakam: «Ýa-ha gowy oýnamaly, ýogsa-da gowusy, boýun almaly däl» diýerdi. Sahnanyň, keşbiň üstünde öz aralarynda düşünişmeýän wagtlaram bolardy.

Çingiz Aýtmatowyň eseri boýunça «Ene toprak» atly oýun goýuldy. Tolgunaý enäniň keşbem ejeme ynanylypdyr. Şonda dagy «Seniň mähribanlygyň gerek däl. Sen diňe ene däl. Daş-töweregi göreşiji hökmünde al. Hem göreşmeli, hem söýmeli» diýip, kakam düşündirerdi. Kakamda ýasamalyk ýokdy. Gep-gybaty bilmezdi. Kä ýarym ejem janygyp, ony-muny gürrüň berip, häsine garaşardy. Ol welin, diňläp, pikirini derňärdi. Soňam «Seniň bu pikiriň ýalňyş ýa-da onuň o hereketi ters» diýip aýdardy.

Ejem 1929-njy ýylyň  26-njy iýulynda Bäherden etrabynda doglan, 2006-njy ýylyň 6-njy martynda-da ýogaldy. Biz iki gyz, iki oglan dogandyk. Bir oglan doganymyz ýaramady. Ony ejem Moskwa keselhanasyna-da äkitdi, emma ol şol ýerde ýogaldy. Şonda ejem: «Ýeke gijede saçym çuw ak bolaýdy» diýipdi. Kakam pahyr bolsa, öňem ýarawsyzdy, oňa doganymyň ýogalmagy has agyr düşdi-de, şo ýylda olam doganymyň yzy bilen gidiberdi» diýip gürrüň berdi.

Ýakynda ýene-de Nurjahan gelneje bilen jaňlaşdyk.Gürrüňdeşligimiziň arasynda oňa şu wakany gürrüň berdim.Ýigrimi ýyl dagy bolandyr, ýolda bir zenana duşdum. Size gaty meňzeş eken. Oňa: «Salam, Nurjahan gelneje!» diýip salam berdim. Ol saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Men Nurjahanyň jigisi, Aýjahan. Meňzeş bolamyzsoň, ýakyndan tanamaýanlar maňa Nurjahandyr öýdýärler» diýdi. Sesiňizem, mylakatlylygyňyzam meňzeş, diýip bir salym gürrüňdeş bolduk. Ol şonda: «Men maşgalamyzda körpe bolamsoň, ejeme has ysnyşdym. Hat-da ejemi doganlarymdanam gabanýardym. Uly gyz bolamsoňam, ejemiň ojagyndan gidesim gelmedi. Ahyry bir gün ejem başymdan sypap: «Eziz balam, deňiňden-duşuňdan galyp barýaň, saňa-da bir çen boldy. Durmuşa çyk!» diýdi. «Ýok, ýok, eje jan, seni hiç kime ynanyp, goýup gidip bilmen» diýdim. Şonda ejem jan: «Jan balam, gyz maşgala wagtynda durmuşa çykmasa, ejesi dünýeden ötensoň, o dünýede onuň depesinden daş ýagarmyş» diýdi. Ejemiň depesinden daş ýagmasyn» diýip, ahyry giçden soň durmuşa çykdym» diýip gürrüň berdi. Onuň şol aýdan gürrüňiniň täsiri bilen «Ömür sagady» atly hekaýa ýazypdym, diýenimden Nurjahan gelneje: «Wah, Aýjahan janyňam dünýeden gaýdanyna ýedi aý bolup barýar. Häzir ýekeje oglan doganym bilen galdyk. Oglan doganymdanam nägileligim ýok, ýöne ejem ýogalandan soň Aýjahan meniň ýeke täk syrdaşym, joram boldy» diýip uludan dem alyp dymdy. Soňam: « Beterinden saklasyn, şükür edýän dört çagasy bar, ählisi öýli işikli. Öz çagalarym bar. Ejem-kakamyň tüweleme, agtyk-çowluklary az däl, şolaryň bagtyna guwanmak miýesser etsin. Ejem-kakam bilen bagly ýatlamalar kän.

1958-nji ýylda birinji synpa okuwa gitdim. Paýtagtymyzdaky 17-nji mekdepde okadym. Rus mekdepdi. Ejem, kakam ikisem şol wagtlar režissýor Hangeldi Agahanowyň «Ilkinji ekzamen» filminde surata düşýärdiler. Ejem Ogulgerek daýzanyň keşbini, kakam bolsa Meret aganyň keşbini janlandyrýardy. Şonda filmiň käbir ýerlerini «Mosfilm» studiýasynda düşürmeli boldy. Ejem mekdebe baryp, «Birden iş ýagdaýymyz sebäpli gijä galmagymyz mümkin» diýip, rugsat alypdyr. Şeýdip meni, uluja çagalary bolamsoň, ýanlary bilen äkitdiler. Okuw wagty golaýlanda, ejem Moskwanyň dükanlarynyň birinden ähli okuw esbaplarymy, egin-eşiklerimi alyp berdi, ýöne 1-nji sentýabrda okuwa gaýtmaga, hakykatdanam, mümkinçilik bolmady. Men diňe 15-nji sentýabrda mekdebe gitdim. Ejem elimden tutup, mekdebe alyp barýarka, içimden: «Indi meni okuwa kabul ederlermika?» diýip, pikir etdim. Mekdebiň gapysynda Galina Iwanowna diýen mugallym hem-de mekdebiň müdiri Stepan Norsesowiç dagy: «Ynha, çagalar, bize ýene bir okuwçy geldi. Ynha, ol! Bizi her gün «Gepleýär Aşgabat» diýip, ir säherden ýakymly sesi bilen oýarýan alyp baryjymyz Oguljahan Mämikowanyň gyzy Hurjahan Saparowa» diýip, güler ýüz bilen garşy aldy» diýip çagalygyny ýatlady. Garaz, iki bolup milli sungatymyzda yz galdyran ussatlar, Türkmenistanyň halk artistleri Durdy Saparowy hemem Oguljahan Mämikowany ýatladyk. Olaryň ikisem ýagşylykda ýatlanmaga mynasyp halypalar.

Akgül SAPAROWA

 

Sabyr Ataýewa: hakydada galan keşpler

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri