SIZDEN GELENLER

Dünýäniň iri halkara maliýe guramalary

Halkara maliýe guramalary — halkara hyzmatdaşlygy maliýeleşdirmek, halkara karzlaşdyrma, ösüp gelýän we geçiş häsiýetli ýurtlar dürli taslamalary ýerine ýetirmek ýa-da ony maliýeleşdirmek bilen meşgullanýarlar.

Maliýe guramalarynyň halkara ulgamynda Brettonwud institutlary ähmiýetli orny eýeleýärler. Olara Halkara Pul Gaznasy (HPG) we Bütindünýä Banky (BB) degişlidir. Bu guramalar 1944-nji ýylda ABŞ-nyň Bretton-Wuds şäherinde täze dünýä walýuta ulgamy bilen baglanyşykly geçirilen halkara konferensiýasynyň karary bilen döredilýär. Bu guramalar, aýratyn-da HPG dünýä walýuta-maliýe durnuklylygyny üpjün etmekde örän uly işleri alyp barýar.

Halkara pul gaznasy (HPG) BMG-niň ýöriteleşdirilen guramalarynyň biri bolup, onuň 190-a golaý agzasy bardyr. Türkmenistan hem bu gaznanyň agzasydyr. Gaznanyň ýokary edarasy dolandyryjylar Geňeşinden ybaratdyr. Agza döwletleriň hersiniň bir wekili bolýar.

Bütindünýä banky topary BMG -niň düzümine girýär we onuň bilen berk baglanyşykly 5 sany guramadan ybaratdyr. Olaryň umumy maksady döwletlere, aýratyn-da ösüp gelýän ýurtlara dürli ykdysady kömekleri bermekden ybaratdyr. Bütindünýä banky toparyna girýän guramalar aşakdakylardan ybaratdyr.

  1. Bütindünýä banky – (World Bank), resminamalarda Bütindünýä ösüş we özgerdiş banky diýlip atlandyrylýar. Iňlis dilinde “International Bank for Reconstruction and Development” diýlip atlandyrylýar. Ol 1945-nji ýylda ösüp gelýän döwletlere kömek bermek maksady bilen döredilýär.
  2. Halkara ösüş assosiýasy ýagny iňlis dilinde “International Development Association” ýa-da gysgaça “IDA” diýilmek bilen, ol 1960-njy ýylda ösüp gelýän garyp döwletlere göterimsiz kömekleri bermek üçin döredilýär.
  3. Halkara maliýe korporasiýasy (iňlisçe, International Finance Corporation – IFC) 1956-njy ýylda ösüp gelýän döwletlerde hususy sektory goldamak maksady bilen döredilýär. BB-niň agzalarynyň 185-si HMK-nyň agzasydyr.
  4. Maýa goýumlara kepillik boýunça Köptaraplaýyn agentlik (iňlisçe, Multilateral Investment Guarantee Agency – MIGA), 1988-nji ýylda ösüp gelýän döwletlere daşary ýurt maýasynyň çekilişini goldamak üçin, täjirçilik işlerinde ýüze çykýan töwekgelçiliklerden goramak maksady bilen döredilýär. Bu gurama BB-niň düzümine girýän döwletleriň 181-si agzadyr.
  5. Jedelli maýa goýumlary sazlaşdyrmak boýunça Halkara merkez – (iňlis dilinde International Centre for Settlement of Investment Disputes – ICSID) 1966-njy ýylda maýa goýumlar bilen hökümetleriň arasyndaky düşünişmezlikleri sazlaşdyrmakda kömek bermek maksady bilen döredilýär. Guramanyň 155-den gowrak agzasy bar. Bu merkez daşary ýurt maýa goýumlary sazlaşdyrmak boýunça ylmy barlaglary alyp barýar, arbitraž kanunçylyga degişli makalalary we materiallary çap edýär.

 

Akmuhammet Saparow,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

institutynyň Maliýe fakultetiniň talyby.

Pandemiýa döwründe iň köp girdeji gazanan film

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty