SIZDEN GELENLER

Dünýäniň iň owadan guşlary

Biziň planetamyzyň gözel tebigatynda, dagdyr-düzlüklerinde örän ajaýyp janly-jandarlara gabat gelmek bolýar. Olaryň arasynda iň naşyjasy bolsa, elbetde guşjagazlardyr.

Olardan:

Wilsonyň jennet guşy

Ajaýyp reňki bilen belli bolan bu guş Waýgeo we Batanta adalarynyň Papua adalarynyň pes tokaýlarynda duş gelmek bolýar. Olaryň owadan gara nagyşlary, firuzeli täji, gara ýokarky ganatlary, sary we gök aýaklary bolýar. Olaryň uzynlygy 10-16 sm-e bolup, agramy 53-67 grama golaýdyr. Olaryň guýrugy üýtgeşik egrilen görnüşde bolýar. Bu ajaýyp guşlar miwedir mör-möjejikler bilen iýmitlenýärler.

Hýasin totusy

Bu guşjagazlaryň asly Günorta Amerika bolup, bahasy ABŞ-da $1,000 dollardan hem gowrakdyr. Olara demirgazyk Braziliýanyň ýarym açyk meýdanlarynda we Sawanna otluklarynda duş gelmek bolýar. Soňky ýyllarda olaryň sany barha azalyp barýar. Häzirki wagtda dünýäde 5000-den hem az Hýasin totusy galdy. Uly göwrümden başga-da, Hýansin totusy gözleriniň töwereginde açyk sary halkalar bilen ajaýyp ýiti gök reňki bilen meşhurdyr. Bu haýran galdyryjy reňk sebäpli bu guşlara “gök makaw” diýip hem atlandyryldy.

Altynsöw fezany

Bu guş fezanlar maşgalasyna degişli bolup, ýeke-täk owadan reňki bilen meşhurdyr. Bulara Hytaýyň günbatar daglarynda duşmak bolýar. Olaryň guýruk ýeleklerinde-de ajaýyp gara tegmiller bolýar. Olar esasan miweler, tohumlar we mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Bu owadan guşa kän gabat gelmek bolmaýar.

Ajaýyp Kwetzal guşy

Merkezi Amerikanyň tropiki tokaýlarynda we daglyklarynda seýrek duş  gelýän guş bolup, bular mör-möjejikler we hažžyklar bilen iýmitlenýärler. Ajaýyp Kwetzalyň latynça ady: “Pharomachrus mocinno” bolup, onuň aýratynlygy üýtgeşik reňkliligindedir. Ýagny, gyzyl döşli, metal ýaşyl we gök erik reňklerinde bolýar.  Bu guşlaryň uzynlygy: 36-40,5 sm-e deňdir.

Bu guşyň gyrmyzy ýaşyl ýelekleri käwagt kölegede gök görünýär. Täjiginiň üstünde gysga, gök öwüsýän ýaşyl nyşany bolýar.

Gök alagargasy

Gök alagargasy dünýäniň iň akylly we owadan guşlaryndan biridir. Bular ajaýyp gök reňkli, ak we gara tegmilleri bolan bu guş aýdym guşy hem diýip tanalýar. Onuň iň tapawutly aýratynlygy, jaňjagazlar ýaly şowhunly “jaý jaý” ýaly seslerini çykarýarlar. Şeýle hem, guşlaryň beýleki görnüşleriniň çagyryşyna öýkünip bilýärler. Gök alagargasynyň uzynlygy 22-30 sm-e golaý bolup, agramy bolsa, 65-100 grama barabardyr. Mundan başga-da, gök alagargasy gyrgynyň sesini hem seslendirip bilýärler.

 

 

 Gaygysyz Kerimow,

Türkmenistanyn Daşary işler ministrliginin Halkara gatnaşyklary institutynyň

 žurnalistika hünäriniň II ýyl talyby.

 

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – sagdynlygyň şäheri

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys