Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýan hemişelik Bitaraplygymyzyň indi üçünji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen ýylynyň ruhuna laýyk getirilýän bilim-terbiýeçilik çäreleri barha giň gerime eýe bolýar. Bilimi ösdürmegiň maksatlaryna gönükdirilen halkara çäreleriň çäginde, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly bolmagyny hem-de berilýän bilimiň hiliniň, amala aşyrylýan bilim maksatnamalarynyň dünýä ülňüleriniň ösen talaplaryna laýyk getirilmegini gazanmak asylly ýörelgä öwrüldi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşiniň binýady hökmünde bilim ulgamyny kämilleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwrüň talabyndan ugur alyp, ykdysadyýetiň pudaklary üçin kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipesi häzirki zaman ylym we bilim ulgamyndaky özgertmeleriň esasy ugry bolup durýar. Bilim bermegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, ähli basgançaklarda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek bilim özgertmeleriniň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. Soňky ýyllarda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edildi. Ýaşlar üçin elektron görnüşdäki bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredildi. Gündelik durmuşymyza hem innowasion sanly tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Ýokary tizlikli internet arkaly dünýäniň dürli ýurtlaryndaky bilim ojaklarynyň maglumatlar gorundan, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga amatly mümkinçilikler bar.
«Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller hakda uly alada edýär. Olaryň kämil bilim almaklaryny, geljekde sowatly, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak boýunça öňe sürlen aýdyň wezipeler, her bir çaganyň öz zehin-başarnygyny işde, durmuşda ulanyp bilmegi üçin döredilýän amatly şertler bu gün oňyn netijelerini berýär.
Ýurdumyzda badalga berilýän bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Ajaýyp zamanamyzda ýaş nesiller dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklarynda döwrebap bilim-terbiýe alýarlar, sport we dynç alyş merkezlerinde saglyklaryny berkidip, wagtlaryny şadyýan geçirýärler. Şeýle hem ýurdumyzda bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny gazanmak maksady bilen, sanly bilime uly ähmiýet berilýär.
Geljegimiz bolan ýaşlara bilim we terbiýe berlişiniň hiline bolan talap has ýokarlandy. Ýaşlary ylma, bilime gönükdirmek maksady bilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw-önümçilik binýady häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda düýpli täzelendi, okatmagyň usullary döwrebap kämilleşdirildi. Bu bolsa oňyn netijelere getirýär. Ýaşlarymyz ýurt we halkara derejelerinde bäsleşiklere gatnaşyp, ýeňiji bolýarlar. Önümçilige ornaşdyrmak üçin taslamalary hödürleýärler. Ýurdumyzda alnyp barylýan düýpli we ylmy-amaly barlaglaryň netijeleri önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ylmy ösdürmek boýunça başlanylan işler geljegimiziň berk binýadydyr, döwletimiziň gülläp ösüşleriniň kepilidir. Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär. Her ýyl ýaş alymlaryň arasynda ylmy bäsleşik yglan edilip, ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan baýraklar gowşurylýar. Dürli wezipeleri çözmäge gönükdirilen institutlaryň döredilmegi, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak üçin täze fakultetleriň açylmagy öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan türkmen alymlarynyň täze nesliniň kemala gelmegine oňyn täsirini ýetirýär. Ýene bir möhüm bellemeli ýagdaý: ol hem ylym bilen önümçiligiň arasynda sazlaşyk emele gelýär. Ylmyň güýji bilen gazanylýan ösüşler halkymyzyň eşretli durmuşyny, bagtyýarlygyny üpjün edýär.
Türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Orazmuhammet Owganow,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Zähmet, şekillendiriş sungaty, aýdym-saz we bedenterbiýe usuly birleşmesiniň mugallymy.