SIZDEN GELENLER

Döwletliligi kemala getirýän gymmatlyklaryň kämil beýany

Kitap ajaýyp hazyna. Onuň bilen ençeme düşünjeleriň many-mazmunyna akyl ýetirmek , ýakyn dost bolmak bilen bolsa bütin dünýäni sahypalaryň arasyndan görmek mümkin.  Kämil galam eýeleriniň ýazan kitaplary ilki sahypalardan, soňra ýüreklerden orun alýar. Şeýle ajaýyp eserleriň biri bolan  “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”  atly kitaby häzirki we geljek nesilleriň  ýörelgeleriniň hem-de ahlak sütünleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýan kämil eserdir. Bu kitap mähriban Arkadagymyzyň ýurdumyzyň  baş baýramy –Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda halkymyza beren ajaýyp sowgadydyr .  Täze kitap on iki bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy,ebedi ýaşaýşyň ugurlary,  ylym-bilimiň  ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryň, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler  barada giňişleýin gürrüň berilýär.Tebigat bilen ynsan arasyndaky gatnaşyklar barada düşünje dürli wakalaryň, halkymyzyň döreden rowaýatlarynyň mysalynda beýan edilýär. Olar şöhratly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk durmuş tejribesini özünde jemleýär . Halk döredijiliginiň, şol sanda nakyllaryň we matallaryň, paýhasly pähimleriň  çeperçilik bilen beýan edilmegi döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň  ähmiýetini has-da artdyrýar, many-mazmunyny baýlaşdyrýar.

Mähriban Arkadagymyzyň   ,,Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi “  atly ajaýyp eseriniň  tutuş bir bölümi  ylym-bilime  bagyşlanandyr. Kitabyň ,,Ylym-bilim  durmuşa ýagty saçýar“  atly bölüminde ,,Iň  gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir “ diýlip bellenilýär . Ajaýyp eserde  bilimiň tükenmez hazynadygy, ylym-bilimiň ugrunda näçe mal-mülk  sarp etseňem  azdygy , ylymdan paýhasly adamyň başyna nähili iş düşse-de, ugurtapyjylyk bilen  özüni alyp  çykýandygy ,   gyzykly  tymsallaryň üsti bilen  beýan edilýär. Kitapda beýan edilen ,,Köp bil, az sözle!”, “Miweli bagyň başy aşak”, “ Dil bilen nöker – bal bilen şeker ; Dil bilmez nöker – abraýyň döker “, “ Ýüz okasaň, ýat bolar, müň okasaň, binýat bolar“ ýaly atalar sözleridir  nakyllary ýaşlary ylymly–bilimli  bolmaga  çagyrýan nusgalyk  ýörelgeleri ündeýär .

Mundan başga-da  “Ynsaplylyk “ , “ Agzybirlik “ , “Durmuşyň  kadasy –paýhas  pendi “ ýaly bölümlerinde hem berilýän çuňňur  pikirler, rowaýatlar bilen bilelikde  has kämil düşünjäni oýarýar.

Gahryman  Arkadagymyzyň ajaýyp eseriniň neşir edilmegi , umumydünýä medeni hazynanyň ösmegine uly goşant goşan türkmen  halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine  hyzmat eder. Mähriban Arkadagymyz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgelerine hem-de ruhy sütünlerine çuňňur sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeleri we maglumatlary içgin öwrendi, täze eserinde olary ulgamlaşdyrmak bilen  umumylaşdyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasaty adamzadyň parahat durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Şu ýyl Garaşsyz döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesini giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçer. Bu baýram Oguz han döwürlerinden miras galan halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik we dostluk ýörelgeleriniň dabaralanmagyny alamatlandyrýan waka hökmünde taryha girer.

Her bir halkyň baky ýaşamagyna ýer ýüzünde öz ornuny tapmagyna itergi berýän uly güýç bar , ol hem halkyň milli däp -dessurlarynda, edim- gylymlarynda  we häsiýetlerinde kök urýar. Türkmene mahsus bolan zähmetsöýerlik , dost-doganlyk ,ynsaplylyk, agzybirlik  ýaly milli  häsiýetler hormatly Prezidentimiziň eserinde eriş-argaç bolup geçýär. Halal zähmetiň bagta ýetirýändigi, dostlugyň abadançylygy, rahatlygy  berkarar etýändigi, ynsap bilen ýaşamagyň maksatlary myrat tapdyrýandygy, agzybirligiň döwlete ýetirýändigi baradaky parasatly hikmetler kitabyň baý many-mazmunyny düzýär.

Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly ,,Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi“ kitaby  şeýle kämil akabalardan gözbaş alýar. Bu ajaýyp eseriň rowaýatlardyr ertekilere, halk tymsallarydyr  aýtgylaryna, dürli çeperçilik serişdelerine baý bolmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrýar. Garaşsyzlyk baýramymyzyň barha  golaýlan günlerinde çapdan çykan bu dürdäne eser halkymyzyň rysgal döwletiniň dolup daşýandygynyň taryhy namasydyr we geljekki nesillere nusgalyk mekdepdir.

 

 

                                                                   Bagtygül Ernazarowa, Türkmenistanyň Inžener –tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

Sungata köňül beren : Öwezmämmet Galandarow

 

Teatr. Artist. Tomaşaçy. Sungatda aýratyn orny eýeleýän bu sözleri biri-biri bilen dramaturgyň ýazan pýesasy esasynda režissýoryň sahnada goýýan spektakly baglanyşdyrýar. Haçan-da, spektakl şowly bolanda teatr sahnasy bagtyýar pursatlaryň şaýady bolýar. Onuň esasy sebäpkärleriniň biri-de režissýordyr.

Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmämmet Galandarowyň hem sahnalaşdyrýan spektakllary tomaşaçylaryň göwnünden turýar. Şol spektakllaryň aglabasynyň pýesasy hem hut şu ýerde döreýär. Biz Öwezmämmet Galandarow bilen teatr sungaty hem-de şu günlerde tomaşaçylara görkezilýän sahna eserleri dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýty üçin söhbetdeş bolduk. Siz bu gyzykly söhbetdeşligi gök ýazylan ýere ýa-da surata basyp dolylygyna okap bilersiňiz!

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti