MEDENIÝET

Dost-doganlyk owazlarynyň ilçileri: dünýä meşhur ýyldyzlar

Dünýä ýüzünde her döwletiň Paýtagty hakynda aýdymlaryň döredilendigi köplere mälimdir. Ýurdumyzyň  göwher jygasy, Aşgabat hakynda döredilen ajaýyp aýdymlar akgynlylygy, duýga baýlygy  bilen  ünsüňi özüne çekär. Şeýle ajaýyp aýdymlaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Nury Halmämmedowyň “Aşgabat” aýdymydyr.

Aziýanyň  merjeni  hasaplanýan  Aşgabat şäherimiziň waspyny  ýerine ýetirýän “Aşgabat” aýdymynyň täsin taryhy  bar. Bu joşgunly aýdym mundan  62 ýyl ozal, ýagny 1961-nji ýylda döredilipdir.

Ussat kompozitorymyz, halk arasynda sazyň Magtymgulysy hasaplanýan  kompozitor Nury Halmämmedow  türkmeniň  saýrak  bilbili  ussat  halypa  opera  aýdymçymyz Medeniýet Şahberdiýewanyň dünýäde seýrek duşýan  Liriki  Kloraturaly  Soprana sesine joşgunly “Aşgabat” diýen aýdymyny  döredipdir.

Ussat  şahyr  Geldi Bäşiýew şol döwürler türkmen radiosynda diktor bolup işleýär eken.  Baýry diktor  Galdi aga  radiokomitete  seýregrägem bolsa gelýän ussat kompozitorymyz  Nury Halmämmedow  bilen duşuşyp, aýdym-saz  hakynda  pikir alşar eken. Günleriň  bir güni  halypa  Nury Halmämmedow  türkmeniň saýrak  bilbili Medeniýet Şahberdiýewanyň  belent  sesine  ajaýyp  aýdymy  döredendigini  buýsanç bilen Geldi aga aýdýar-da, taýýar bolan sazy diňledýär. Bu ajaýyp saz Geldi aganyň kalbyny diýseň joşdurýar.  Aradan bir hepdä golaý wagt geçeninden soň, ussat şahyr  Geldi aga Nury halypa  jaň edip, onuň döreden sazyna “Aşgabat” diýen ajaýyp goşgy ýazandygyny höwes bilen aýdýar. Diňläp görmegini teklip edýär. Döredilen saz bilen goşgy jüpüne düşýär.  Dünýä belli ussat  halypamyz Medeniýet Şahberdiýewa aýdymyň goşgusy notasy tabşyrylýar.

Medeniýet Şahberdiýewanyň “Aşgabat” aýdymy owazly kalbyny joşa getirýär. Ol joşgundyr hyjuw  bilen  aýdymy  ussatlarça  ýerine  ýetirýär.  Soňra  bu aýdymy türkmen telewideniýasy arkaly ýazgy edilýär. Aýdym  ussat opera  aýdymçysyna uly at-abraý getirýär. Ol bu aýdymyň  üsti bilen  dünýä  halklaryny Watanymyzyň gözellikleri, elwan güle beslenip oturan paýtagtymyzyň ajaýyplyklary bilen tanyşdyrýar.

 

Seýran etsem köçelerňe, Aşgabat,

                                  Sallanyşýan gelin-gyzlaryň bardyr.

                                  Köňüller mülküniň baky köşgi abat,

                                  Säherler ýaňlanýan sazlaryň bardyr.  

 

Türkmeniň saýrak bilbili Medeniýet Şahberdiýewa dünýäniň  haýsy  künjeginde  bolsa-da, öz çykyşyny bu aýdym bilen başlar eken. Sungatyň  baky parlak ýyldyzy Medeniýet Şahberdiýewanyň  ýene-de bir ussatlygy,  haýsy ýurt-da bolsa-da, şol ýurduň dilinde “Aşgabat” aýdymyny ýerine ýetirer eken. Şol ýyllarda “Aşgabat”  aýdymynyň üsti bilen ýurdumyza 30 müňden gowrak daşary döwletli myhmanlar gelipdir.  Halypa aýdymçymyz  Medeniýet  Şahberdiýewanyň  ýerine ýetiren bu ajaýyp  aýdymy bütin döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şol bir wagtda bu aýdymy ussat halypa aýdymçymyz Atageldi Garýagdyýew hem ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.

“Aşgabat” aýdymy Paýtagtymyzyň  gününe  hem  ajaýyp  taýsyz  sowgatdyr.  Bu aýdym ýaňlananda hemişe göwnümiz  ganatlanyp, ony döreden, aýdan we aýdýan ussatlara bolan hormatyň artýar.

Men Medeniýet Şahberdiýewa bilen görşüp, söhbetdeş bolmak bagtyna eýe bolanlygym üçin onuň belent sungaty bilen bir hatarda adamkärçilik hasiýetleri hakynda hem şu zatlary aydyp bilerin.

Medeniýet Şahberdiýewada beýiklere mahsus sadalyk, kiçigöwunlilik, enelere mahsus mähremlik, şol bir wagtyň özünde-de ysanperwerlige ýugrulan sahylyk bardy. Ol şu hasiyetleri bilen zahmet çeken bilim ojagy – Maýa Kulyýewa adyndaky Turkmen milli konserwatoriýasynda okadýan talyplaryna görelde mekdebini görkezýardi. Ony ýakyndan tanadygyňça ýüreginiň edil çaganyňky ýaly päkdigini, ýagşylyk üçin ýaradylan beýik ynsandygyny duýmak bolýardy. Ol talyplarynyň ussat mugallymy, şägirtleriniň halypasydy. Döwletiň, Watanyň, Ýurduň öňünde hala we päk zähmetiň bilen ýalkanmalydygyň beýik nusgasydy.

Bir sapar ol maňa: “Sungat adamsynyň gije gündizi bolmaýar, ol hemişe zähmet çekmeli, kämillige ýetmegiň ýoly daş, ýone ol ýola ýetmek üçin irman-arman yhlas etmeli. Mukaddes Watanyňy, ýurduňy, il-günüňi jan-jigerden söýmeli. Beýik sungat eserleri söýgüden döreýär” diýipdi. Ussat halypanyň diňe şu sözleriniň özi-de biz – ýaşlar üçin watansöýüjilik sapagydy.

Dünýä belli ussatlar Medeniýet Şahberdiýewanyň, Nury Halmämmedowyň durmuş ýoly hiç mahal ähmiýetini ýitirmejek özbolüşly kitaba çalym edýär. Ol kitaba içgin aralaşdygyňça, buýsanjyň artýar. Ol ussatlar ýüzlerçe şägirtlerine halypa, talyplaryna mugallym, il-gününe ynsanperwer şahsyýet hökmünde öz ömürlerini bakylyga ýar etdi. Olaryň halkyň, Watanyň abraýy üçin bitiren taýsyz hyzmatlary nesiller üçin nusgadyr. Her bir adam kompozitor Nury Halmämmedow ýaly seýrek zehinli halypalar tarapyndan döredilen aýdymlaryny, Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny aýdymlaryň üsti bilen ýaşlaryň aňyna ýetirişinde görmek bolýar. Ussat halypamyz Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim”, “Mukamyň syry”, “Şükür bagşy”,  “Japbaklar” yaly onlarça kinolara  ýazan saz eserleri halkyň kalbynda ebedi ýaşaýar.

Maýa Kulyýewa, Nury Halmämmedow, Medeniýet Şahberdiýewa sözün doly manysynda türkmen aýdym-saz sungatynyň ägirtleri hökmünde türkmen sungatynyň taryhyna girdiler. Olaryň halkymyzyň we dünýa medeni sungatynda goýan yzy bakydyr we müdümidir.

 

 

Nury Halmämmedowyň,

                                      Sungatda goýan ýoly,

                                      Asmanda şugla saçýan,

                                      Baky ýyldyzlar ýaly.

                                                  * * *

                                      Bilbil aýdymy bilen,

                                      Döredip bahar-ýazy .

                                      Dünýä çykdy Medeniýet

                                      Şahberdiýewaň owazy.

    * * *

                                      Maýa Kulyýewanyň

                                      Garlawajynyň owazy,

                                      Şirin mukama beslär,

                                      Bagtyýarlyk diýary.

Seýitmuhammet  SEÝITMUHAMMEDOW, 

Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçe kitaphanasynyň II-nji derejeli  kihaphançysy, TMÝG-nyň işjeň agzasy.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

Gruziýada türkmen kinosynyň günleri geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň çeper filmleri XVII «Ýewraziýa» halkara film festiwalynda görkeziler

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy