DÜNÝÄ

Donald Tramp ilkinji daşary ýurt sapary üçin Saud Arabystanyda

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Ýakyn Gündogar ýurtlaryna sapara çykan Donald Tramp ilkinji bolup, Saud Arabystanyna geldi.

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherindäki halkara howa menzilinde ABŞ-nyň Prezidentini Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud garşylady.

Bu saparyň çäklerinde ýokary derejedäki duşuşyklar geçiriler we Saud Arabystany-ABŞ maýa goýum forumy geçiriler. Maýa goýum forumyna ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şol sanda Prezidentiň geňeşçisi, “Tesla” kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask, ” Blackrock” kompaniýasynyň başlygy Larri Fink, “Blackstone” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stiwen Şwarsman gatnaşýar.

Tramp Ýakyn Gündogar saparynyň çäklerinde çarşenbe güni Katara barar we perşenbe güni bolsa, Birleşik Arap Emirliklerine saparda bolar.

Bu sapar ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletindäki ilkinji resmi daşary ýurt saparydyr. Mundan ozal, geçen hepde Tramp aradan çykan Rim Papasy Fransiskiň soňky ýoluna ugratmak dabarasyna gatnaşmak Italiýada bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň Baştutany bilen duşuşdy

Türkmenistan Eýrandaky Bahreýniň raýatlaryna ynsanperwer goldawy bermäge taýýar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy daşary ýurt raýatlarynyň Eýrandan dolanmagyna kömek bermäge taýýar

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda optiki-süýümli kabel çekiler

Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda adam hukuklary boýunça nobatdaky dialog geçirildi

Szinpin: Hytaý Merkezi Aziýa ýurtlaryna goldaw berer