SIZDEN GELENLER

Dokma senagatynda giň mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň depginli ösdürilmegine ýardam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna itergi berýär. Bu aýdýanlarymyza Garaşsyz döwletimiziň dürli künjeginde gurlup, ulanmaga berilýän kämil tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary dolulygyna şaýatlyk edýär.

Berkarar Watanymyz “ak altyna” deňelýän pagta çig malyna örän baý döwletdir. Pagta çig malyny rejeli we netijeli ulanmak dokma pudagynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu bolsa bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta hasylyny dolulygyna gaýtadan işläp, dürli görnüşli önümleri öndürmäge hem-de müňlerçe täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde dokma senagaty pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän, kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär.

Bu gün türkmen brendlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Ýurdumyzyň dünýä standartlaryna laýyk gurlan dokma toplumlarynda we täzeden dikeldilip, döwrebaplaşdyrylan fabriklerde öndürilýän matalar, olardan tikilýän taýýar egin-eşikler özüniň milli nyşanlary bilen biri-birinden tapawutlanýar. Meşhurlygy gün-günden artýan «Bedew» haryt nyşanly jins önümleri, «Bürgüt» haryt nyşanly sport egin-eşikleri, «Gala» haryt nyşanly tikin-örme we trikotaž önümleri, «Ýeňiş» haryt nyşanly erkek köýnekleri, «Goza», «Wada», «Nusaý» haryt nyşanly hojalyk harytlary we ýene-de ençeme milli nusgalara beslenip öndürilýän önümler türkmen dokmasynyň abraýyny belende göterýän, dünýä bazarlaryndaky ornuny barha giňeldýän brendlerdir. Türkmen dizaýnerleriniň çeper döredijiligi bilen milli ruhda we döwrebap bezeglere beslenip taýýarlanýan gymmatly, halkyň gowy gören şol harytlarynyň hatarynda ýaňy dünýä inen bäbejiklerden başlap, dürli ýaşdaky zenanlara we erkeklere niýetlenip tikilen köp görnüşli döwrebap egin-eşikler bar. Dünýäniň ençeme satyn alyjy iri kompaniýalarynyň uly gyzyklanmasyny gazanýan önümler ykjamlygy, göze gelüwliligi, endamyňa ýakymlylygy bilen müşderiniň ösen talaplaryny ödeýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, pudakda bar bolan mümkinçilikleri doly derejede amala aşyrmak boýunça anyk işleriň durmuşa geçirilmegi türkmen dokmasynyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen Babadaýhan, Kaka dokma toplumlarynyň mysallarynda-da görmek bolýar. Olar dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalary bolup, olaryň önümleri halkara derejede ykrar edildi.

Gahryman Arkadagymyz daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň öndürilişini artdyrmak babatda düýpli işleriň başyny başlady. Munuň üçin ýurdumyzyň kanunçylyk binýady berkidildi. Dokma senagaty pudagyna hususyýetçileriň-de işjeň aralaşmagy, olara döwlet tarapyndan dürli goldawlaryň we ýeňillikleriň berilmegi, ýeterlik mukdarda karz serişdeleri bilen üpjün edilmegi, ýerli önümçiligi artdyrmak bilen baglanyşykly ýörite maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi pudagyň ähli ugurlarynyň — pagta egriji, dokma, tikin-trikotaž, ýüpekçilik ugurlarynyň sazlaşykly ösüşini emele getirdi.

Halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşyjy hem-de dokma önümlerini öndüriji hökmünde ýurdumyz özüniň toplan tejribesini, köp pudakly milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň berýän hemmetaraplaýyn goldawy esasynda dokma pudagy ýurdumyzyň ileri tutulýan pudaklarynyň birine öwrüldi.

Türkmenistanyň Dokma toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri onlaýn satmak üçin yzygiderli mümkinçlikler döredilýär. Dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzda sanly ulgama tapgyrlaýyn geçilýän şertlerde topluma degişli bolan kärhanalaryň resmi web saýtlary arkaly onlaýn söwdalar ýola goýlup başlady.

Onlaýn söwdanyň amatlyklary we usullary kärhanalar tarapyndan doly öwrenilip, şu aşakdaky web saýtlaryň üsti bilen müşderilere ýokary hilli hyzmat edilýär.

Ogultäç Rejepowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

 

Almanyň we bananyň saglyga peýdasy

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika