DÜNÝÄ

Dünýäde ýaşaýşyň ýok ýeri

Gürrüňi ediljek ýer biziň öz planetamyza degişli. Howa-da, suwam bar, ýöne ýaşaýyş ýok. Siz şeýle ýer barada eşidipmidiňiz. Eşitmedik bolsaňyz, şu habarymyzy okaň!

Fransiýanyň PariŽ-Sýud uniwersitetiniň alymlary Efiopiýadaky Dallol adasynda barlag geçirip, bu ýerde iň bir ownujak bakterialaryň hem ýaşap bilmejekdigini ýüze çykardylar ― diýip, «Nature Ecology & Evolution» neşiri habar berýär.

― Suw ― biziň planetamyzyň iň bol zady. Şonuň üçin hem häzirki wagtda älem giňişliginde diňe biziň planetamyzda ýaşaýyş bardyr öýdülýär. Emma ähli mümkinçilikleri bolan Ýer togalagynda-da ýaşamaga ukypsyz ýer bar eken. Bu ýerde hiç bir janly organizmiň ýaşamagy mümkin däl ― diýip, hünärmenler bu ýagdaýa düşündiriş berýärler.

Adadaky suwuň gyzgynlygy 109 gradus, üstesine, ol şor hem-de gaty ýogyn.

Ýöne Dallol adasy barada iki dürli garaýyşlaryň bardygyny hem aýtmak gerek. Ispan alymlary bu ýerde nähilidir bir bakteriýalaryň ýaşaýandygyny aýdýarlar. Fransuzlar bolsa olara kes-kellem garşy.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy