SIZDEN GELENLER

Dil – uly baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu bolsa ýaş türkmenistanlylaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan höweslerini has-da artdyrýar. Ýurdumyzyň degişli ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlyk saklamagy bolsa, milli bilim ulgamyna dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Ösüşleriň belent ýollaryndan öňe barýan ata Watanymyzyň, edil ylym-bilim ulgamynda bolşy ýaly, halkara ykdysady we medeni gatnaşyklary hem yzygiderli pugtalandyrylýar. Dünýäniň ýüzlerçe döwleti bilen saklanylýan şeýle özara bähbitli hyzmatdaşlyklarda bolsa, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini bilmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär we onuň netijesinde dünýä dillerini suwara bilýän ýaş nesiller kemala gelýär.

Daşary ýurt dillerini bilmek, dünýä döwletleriniň ösüşini, halklaryň milli özboluşlylygyny, maddy ýagdaýlaryny, medeniýetini öwrenmek, şeýle hem islendik ugurda hyzmatdaşlyk saklap, tejribe alyşmak üçin hem gymmatly serişde bolup durýar. Bu bolsa häzirki günde möhüm meseleler babatynda köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmekde giň gözýetimli, kämil dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe çemeleşmelerdir ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlaryň kemala gelmegine itergi berýär.

“Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde daşary ýurt dilleriniň örän uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzda ýaş nesle üç dili — türkmen, rus, iňlis dillerini öwretmek bilen bagly öňde goýulýan wezipe örän derwaýyslygy bilen tapawutlanýar. Sebäbi, ösüp gelýän nesliň ene dilinden başga-da dilleri bilmegi ýaşlara uly baýlykdyr we geljekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän parasatly daşary syýasaty netijesinde dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlyk rowaçlanýar. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň ençeme ýurtlarda okap, bilim almaklaryna mümkinçilikleri döredýär.

Dil bilmegiň ýaş nesil üçin uly baýlykdygyndan we giň mümkinçiliginden ugur alyp, okuwçylara rus dilini öwretmekde yhlas-tagalla edilýär. Dil öwretmekde audio we wideo tehniki serişdelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanmagyň netijesi ýokary bolýar. Sapaklaryň täsirli guralyp, talyplaryň olara işjeň gatnaşygyny gazanmagam bähbitli bolýar. Sapagyň dowamynda mümkin boldugyça öwredilýän dilde düşünişilmegine çalşylmagam talyplaryň rus dilini bilmeklerine oňyn täsirini ýetirýändigine göz ýetirmek bolar.

Üstümizdäki ýylda döwletli Diýarymyzda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, sanly bilim ösdürildi, okuw kitaplary we gollanmalar neşir edildi, elektron žurnallar döredildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu sananlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bilim ulgamyndaky täzelikleriniň diňe käbiri. Sanawy has uzaldyp hem bolar. Şol alnyp barylýan işler Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kanunçylyk namalary bilen hem goldanylýar. Ýurdumyzda bu ulgam 2021-nji ýylyň iýun aýynda güýje giren «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Onuň talaplaryna laýyklykda häzirki wagtda bilim ulgamyna sanly iş we okuw usullary işjeň ornaşdyrylýar. Ylym we bilim üstünlikleriň hem-de ösüşiň esasydyr.

Şu günden geljege galdyryljak iň uly miras kämil ylym-bilimli, başarjaň we hünärli nesildir. Biz türkmen ýaşlarynyň şeýle kämil nesilleriň hataryndadygyny uly ynam bilen aýdyp bileris. Muny üstümizdäki ýylyň geçen 10 aýynyň dowamynda halkara derejeli bilim bäsleşiklerde gazanylan 800-den, sport ýaryşlarynda gazanylan 500-den gowrak medal hem tassyklaýar.

«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen doly üpjün edilýär. Elektron bilim çeşmelerinden peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär, gündelik durmuşymyza iň täze maglumat tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar, ýokary tizlikli internet arkaly dünýäniň maglumatlar gorundan, elektron kitaphanalardan peýdalanmaga amatly şertler döredilýär we köpugurly kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, görnüşlerini artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga uly üns berilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň kalbynda ata Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan beýik işlerine bolan çäksiz buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny döredýär. Munuň özi bagtyýar durmuşymyzyň eşretlerine buýsanyp ýaşamaga, ylym-bilim almaga, döretmäge, gurmaga, egsilmez güýç-kuwwat berýär.

Jahan Kerimowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri