SIZDEN GELENLER

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi.

Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly üstünliklere beslenýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ylym-bilim babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Okuw mekdepleriniň maksatnamalarynda daşary ýurt dillerini işjeň öwrenmek öz mynasyp ornuny tapýar. Elbetde, dilleri öwrenmek üçin döredilýän amatly şertler ýurdumyzyň dünýä bileleşiginde abraýyny artdyrýar, täze-täze ösüşlere badalga berýär. Daşary ýurt dillerini öwrenmek boýunça ençeme ylmy usullar işlenilip düzüldi we döwrüň ösen mümkinçilikleri esasynda işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Dilçi alymlaryň bellemeklerine görä, dil – aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, adamlaryň durmuşynda möhüm bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda dil öwrenmek, bilim almak esasy ugurlaryň biridir.

Ösüp gelýän ýaş nesillerimize ene dilimizi we daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy maksadymyz bolup durýar. Munuň özi ýaş nesillerimiziň has-da kämilleşmeginde möhüm orun tutýar. Halkara gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýan döwründe dünýä dillerini kämil bilýän, ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlaryň kemala gelmegi bu ugurdaky ilkinji zerurlyklaryň biridir. Sebäbi dil netijeli hyzmatdaşlygyň, adamzat aragatnaşygynyň esasy we zerur serişdesidir. Häzirki wagtda Diýarymyzda çagalar baglaryndan başlap, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere daşary ýurt dillerini öwretmek, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmekleri üçin giň gerimli işler ýokary depgin bilen amala aşyrylýar.

Orta hünär mekdepleriň rus dili sapaklarynda rus krilissa elipbiýi bilen bir hatarda, talyplaryň söz baýlyklarynyň artmagy, sözleýiş endikleriniň kemala gelmegi ugrunda sapaklar guralýar. Munuň üçin sapaklarda okuw gollanmalaryndan yzygiderli peýdalanylýar. Esasan, okuw kitabynda beýan edilýän tekstleri okamak we talyplar bilen bilelikde geçirilýän işler oňyn netijeleri berýär. Kitapdaky tekstleri okap, rus dilinde sowal-jogap guramak hem möhümdir. Munuň özi talyplaryň sözlemek endigini ösdürýär, pikirlenişini kämilleşdirýär. Netijede, olar rus dilinde okamagy we sözlemegi öwrenýärler. Bu bolsa olarda dil öwrenmek höwesini has-da artdyrýar.

Okuw kitaplaryndan başga-da, multimedia tagtasynda ýörite slaýdlary taýýarlamak, slaýdda rus dilindäki sözleriň we terjimesiniň ýerleşdirilmegi döwrebap usullaryň biridir. Bu usul sözleriň talyplaryň ýadynda galmagyna, okamak endigi bilen ýazuw endikleriniň hem ösmegine ýardam edýär. Munuň özi daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary we olary okuw işinde netijeli ulanmagyň esasy ugurlary bolup durýar.

Dil öwrenmek täze bir dünýäni öwrenmek hasaplanýar. Islendik dilde şol halkyň ruhy dünýäsi, medeniýeti aýdyň şöhlelenýär. Bu bolsa dünýä dillerini öwrenmek arkaly dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilik alýandygymyzy görkezýär. Şeýlelikde, ýaşlaryň dil öwrenmekleri olaryň dünýägaraýşyny has-da giňeldýär, olar täze mümkinçiliklere eýe bolýar.

Köp dil öwrenmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamyny ödemekdir. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dünýä dillerini öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanyň bilim ulgamyny okgunly ösüşlere gönükdirýän möhüm resminama, ýagny, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Bu resminama ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watanymyza, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri bilen bagly wajyp wezipeleri, şeýle hem ene dilimizi we daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmeklerini gazanmak ugrundaky özgertmeleri öz içine alýar. Şunuň bilen birlikde ol daşary ýurt dili mugallymlarynyň öňünde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny seljermekligi, umumylaşdyrmaklygy we kämilleşdirmegi, okatmagyň üznüksiz ulgamynyň nazary we usulyýet esaslaryny işläp taýýarlamaklygy talap edýär.

 Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen dünýä halklarynyň dillerini öwrenmekde uly netijeler gazanylýar. Bu işler Diýarymyzy özgerişli ösüşlere ýetirýär, mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän özgertmeler rowaçlygyň kepilidir. Çünki ösen ylym-bilim ähli pudaklarda işleri rowaçlandyrýan güýçdür. Şonuň üçin biziň her birimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin yhlasly zähmet çekmegimiz mukaddes borçdur.

Ýaşlaryň kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülälek Gurbanmyradowa, 

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty

Hakyda göwheri – şöhratly mirasyň beýany

Milli däp-dessurlarymyz – terbiýe ojagy

Milli lybaslarymyz – milli buýsanjymyz