Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir güni buýsançly wakalara, hoş habarlara beslenýär. 2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem bu ajaýyp hakykatyň nobatdaky subutnamasydyr. Göwünlerimizi galkyndyran taryhy waka şu ýylda belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.
Hemişelik Bitaraplyk syýasaty berkarar döwletimiziň abraý-mertebesini has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Hoşniýetli goňşuçylyga, birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan bu syýasat milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýär hem-de dünýäde giňden goldaw tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan başlangyçlaryň netijesinde bu gün Türkmenistanyň eýe bolan gülläp ösüşlerine we abraý-mertebesine dünýä şaýatdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlar üçin geljege nur saçýan, beýik işlere hyjuw döredýän ajaýyp zamanadyr. Ösüş-özgerişli döwrümizde bilimiň hili we mazmuny häzirki zaman jemgyýetiniň intellektual derejesini kesgitleýär. Şu jähetden, ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ojaklarynda hem öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Munuň özi ulgamy çalt depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berýär hem-de mugallymlaryň iş netijesini ýokarlandyryp, okuwçylaryň bilimleri çuň, giňişleýin we anyk maglumatlary öwrenmek arkaly özleşdirmegine ýardam edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň esasynda ýurdumyzda gurulýan bilim ojaklary kompýuterler, internet aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Tehnologiýalaryň mümkinçilikleri ýaş nesilleriň mowzuklary düýpli özleşdirmeginde, gözýetiminiň giňelmeginde, beýan ediş ukybynyň ösmeginde, döredijilikli, özbaşdak işlemek babatda başarnyklarynyň kämilleşmeginde örän uly orun eýeleýär. Şeýle hem olar bilim işgärleriniň döredijilik mümkinçiligini ýokarlandyrmagy üçin düýpli esasdyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynda okatmagyň ähli tapgyrynda daşary ýurt dillerini öwrenmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz birnäçe dil bilmegiň, diller boýunça taýýarlygyň ýaş hünärmenler üçin möhüm artykmaçlykdygyny nygtaýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaş nesle öwredilýän daşary ýurt dilleriniň biri bolan iňlis diliniň artykmaçlyklary uludyr. Iňlis dili uzak wagtyň dowamynda: mekdepde, ýokary okuw mekdebinde, dil merkezlerinde ýa-da halypa bilen öwrenilýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Garaşsyz Watanymyza, il-günümize wepaly, kämil bilimli, zähmetsöýer, ýokary ahlakly, hakyky watansöýüji nesli kemala getirmekde bu Konsepsiýada göz öňüne tutulan wezipeleriň möhüm orny bardyr. Onda çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, aň taýdan ösen, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulandyr. Bu bolsa bilim işgärleriniň has-da tutanýerli, döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge bolan jogapkärçiligini artdyrýar.
«Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyzyň durmuşunda uly ähmiýetli taryhy wakalaryň, ajaýyp toý-baýramlaryň birnäçesi uly tutum bilen belleniler. Olaryň mazmunynda ylymly bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda ýurdumyzda aňrybaş tagallalaryň edilýändigi we türkmen ýigitleriniň we gyzlarynyň ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryny ele alan mynasyp Watan eýeleri bolup ýetişýändikleri baradaky mowzugyň hem aýratyn ýer aljakdygyna ynanýarys. Munuň üçin ylym-bilim ulgamyndaky işleri dünýä ülňüleriniň derejesinde ösdürýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Gülşat Atamedowa,
Aşgabat şäheriniň Sagaldyş-tokaý mekdebiniň iňlis dili mugallymy.