SIZDEN GELENLER

Dessanlarda türkmen-gürji gatnaşyklarynyň şöhlelendirilmegi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde geçmiş taryhymyzy çuňňur öwrenmekde ony halka ýaýmakda birnäçe işler edilýär. Milli Liderimiz dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli dostlukly gatnaşyklary alyp barmak syýasatyny öňe sürýär. Türkmen halky geçmişde birnäçe halklar bilen ýakyndan gatnaşyklary alyp barypdyr.

Öz taryhynyň dowamynda türkmen halky Zakawkaziýa halklary bilen hem ýakyndan gatnaşyklary alyp barypdyrlar. Muňa şaýatlyk edýän türkmen dessanlarynda türkmenleriň gürji halky bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny alyp barandygy açyk aýdyň görkezilýär. Türkmenler bilen gürjileriň garyndaşlyk gatnaşyklaryny alyp barmaklary bu halklaryň ýakynlaşmagyna biri-biriniň medeniýetine täsir etmegine getiripdir.

Belli bolşy ýaly orta asyrlarda dörän dessanlarda (‘’Görogly’’)  ýaş ýigitler gaýry ýurtda ýaşaýan ýa gürji, ýa ermeni, ýa peri gyzlaryna aşyk bolýarlar. “Görogly” şadessanynda Görogly Kap dagyndaky Agaýunus periniň yzyndan gitýär. Şeýle hem Görogly gürji ýigidi bezirgeniň uýasy Aýsoltany özüniň iň gaýratly edermen ýigidi Taýmaz bege nikalap berýär.

Görogly şadessanynyň Öwez öýlenen şahasynda Görogly öz ogly Öweze gürji şasynyň  gyzy Gülruhy gelin edip almaga gitýär. Şonda Görogly gruzin toýunyň üstünden barýar. Toýlarda Görogly şahyr, ozan bagşy, çapyksuwar we pälwan hökmünde çykyş edip birnäçe baýraklara we halkyň hormat-sylagyna mynasyp bolýar. Soňra Göroglynyň ýanyna bir goja gelip öz aýal-gyzlaryny we atlaryny wasp edip nama aýdyp bermegini haýyş edýär. Görogly gözel Gürjüstany wasp edip nama aýdýar.  Bu nama häzir hem türkmen bagşylarynyň dilinde ýaňlanýar.

Ýolum düşdi Gürjüstanyň ilinden,

Illeri bar, biziň ile meňzemez.

          Seýran etsem, bakjasyndan, gülünden,

Gülleri bar, biziň güle meňzemez.

***

      Gara gutna geýer, egni düwmeli,

Gözelleri bir-birinden öwmeli,

Begleri bar tarypyny diýmeli,

          Hanlary bar, Öwez hana meňzemez.

“Saýatly-Hemra” dessanynda türkmenler bilen gürjileriň alyp baran gatnaşyklary barada maglumatlar bar. “Saýatly-Hemra” yşky-liriki, gahrymançylykly dessandyr. Onda feodal-patriarhal jemgyýeti döwründe türkmen gyzlarynyň görkezen gaýduwsyzlygy, gahrymançylygy we söýgisi, şahsy durmuş meselesinde başdan geçiren agyr ýagdaýy suratlandyrylýar. “Saýatly – Hemra” dessanynda Hemra gözel gürji gyzy Kemal hany gören dessine ony öwüp öz meýlini aýdýar. Saýat; “Eý Hemra, sen namart eken sen. Gürji gyzyny görüp, menden geçdiň”[1] diýip aýdýar.

«Asly-Kerem» yşky-şahyrana dessan bolup, onda aýry-aýry dine uýýan iki ýaş ynsanyň biri-birine bolan söýgüsi surat­landyrylýar. Dürli dindäki (musulman we hristian) ýaşlaryň söýgüsini beýan edýän bu mowzuk irki döwürlerden bäri ençeme halklaryň halk döredijilik eserlerinde we edebiýatynda özüne mynasyp orun alypdyr.[2] Asly-Kerem dessanynda Asly iki halkyň wekili hökmünde häsiýetlendirilýär. Ol bir ýerde ermeni gyzy, ýene bir ýerde gürji gyzy bolup hereket edýär. Kerem Asly bilen ilkinji gezek bagda duşuşanda :

-Eý, hüýrlukga, aýtgyl, aslyň ne ýerlidir?- diýende Asly oňa:

-Eý , şazada, aslym ermeni, özüm Gara Melekniň gyzy bolar men-diýip jogap berýär.

Ýa-da:

-Atasy gürjidir, gyzy ermeni.

-Atasy gürjidir, gyzy melekdir.

***

                                            -Ermenidir meniň soýum,

-Şalara bermezler moýum.

***

                                            -Sen olup sen ermeniniň aşygy.

– Birisi ermeni, biri musulman.

Şu goşgy setirlerden çen tutulsa Aslynyň atasy gürji, enesi ermeni bolmagy ahmal. Mundan başgada Asly-Kerem dessanynda  şeýle setirler beýan edilýär:

Gürji gyzy ne bakar sen galýana,

Galýan elden düşüp, syndy neýläýin?!

Galýanyň gymmaty gözüm üstüne,

Galýan elden düşüp, syndy neýläýin?![3]

Şular ýaly dessanlarda beýan edilýän setirler türkmenleriň gürji halky bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny alyp barandygyna şaýatlyk edýär. Iki halkyň arasyndaky garyndaşlyk gatnaşyklary bolsa olaryň has hem ýakynlaşmagyna getiripdir.

                                                             

Oguldursun Ugurlyýewa,

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň

                                                                    taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Dinara Hudaýberdiýewa,

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň

                                                                    taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

 

[1] Saýatly-Hemra. Aşgabat,1960, 2 s

[2] Asly-Kerem. Aşgabat, Miras 2004. S 105.

[3] Asly-Kerem. Aşgabat, Miras 2004. S 66.

 

Dünýäniň iň ösen gumanid roboty

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty