SIZDEN GELENLER

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny, bilimi, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga aýratyn üns berilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalanýar. Bu ugurda ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýär.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň çar künjünde döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, sanly bilimiň ornaşdyrylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň girizilmegi, bu ugurda uzak we ýakyn geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ulgamyň ösmegi üçin döwrebap şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini subut edýär. Bilim özgertmeleri bolsa türkmen ylmyny täze belentliklere götermek baradaky maksady özünde jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar» diýen sözleri munuň  kepilidir.

Ýaş nesliň täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Bu Konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi bolsa, şeýle zehinli, ylym-bilimli nesle baglydyr.

Ýurdumyzda bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny hem üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, bu ugurdaky maglumatlar ruhy baýlygymyzy, başarnygymyzy artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagymyza, jemgyýetimiziň ösüşine hem uly ýardam edýär.

Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini suwara bilmegini gazanmak bilim ulgamynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar.  «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» ýaşlaryň dil bilimini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde, biz, mugallymlar, talyplaryň dil taýýarlygy, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegi, erkin gürläp bilmegi ugrunda çalyşýarys. Sözleýiş dilini ösdürmekde sanly ulgamyň, döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanýarys.

Garaşsyz Watanymyzda ýaş nesliň mekdep partasyndan başlap daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin ähli mümkinçiliklerdir şertler bar. Sapaklaryň sorag-jogap arkaly guralmagy, görkezme esbaplaryndan, wideoşekilli görnüşlerden peýdalanylmagy, terjime etmek sözleýiş diliniň ösdürilmeginde örän ähmiýetli bolup, çagalykdan dil taýýarlygy bolan ýaşlar daşary ýurt dillerini basym özleşdirýär, suwara gürleşmegi başarýar. Dünýä dillerinde erkin gürläp bilýän ýaşlaryň halkara çärelere, sergilere, olimpiadalara işjeň gatnaşmaklary, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli institutymyzda geçirilýän dabaralarda, edebiýat agşamlarynda akyldaryň şygyrlaryny daşary ýurt dillerinde okamaklary bu ugurdan kämil hünärmenleriň kemala gelýändigini görkezýär.

Dünýä dillerini kämil öwrenmek dürli dillerde halkymyzy, Watanymyzy wasp etmek, milli medeniýetimizi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, edebiýatda, medeniýetde, oba hojalygynda gazanylýan belent sepgitleri dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir. Eziz Watanymyzda yzygiderli geçirilýän halkara derejeli çärelerde talyp ýaşlaryň meýletinçi hökmünde gatnaşmaklary guwandyryjy görkezijidir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda dünýä dilleri boýunça çäreleriň geçirilmegi halkara çärelerine taýýarlykly barmagy, talyp ýaşlary suhangöýlük we terjimeçilik sungatynda, daşary ýurt dillerini oňat öwrenmekde, döredijilikde başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýaş nesliň kämil ylymly-bilimli, döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan, daşary ýurt dillerini gowy bilýän, ukyply hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda edilýän aladalar örän buýsandyryjydyr. Ajaýyp zamanamyzda okamaga, döretmäge, bilim almaga, daşary ýurt dillerini öwrenmäge zerur şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Şemşat Allamyradowa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri