SIZDEN GELENLER

Daşa ýazylan ýagşylyk

Iki sany dost çölüň içinde syýahat etmäge çykýarlar. Syýahatyň dowamynda dostlar özarasynda jedelleşýär we biri beýlekisiniň ýaňagyna şarpyk çalýar. Gyzma dostunyň bu hereketi ýüregini ynjytsa-da, şarpyk çalnan dosty hiç zat gürlemän, ýolda gumuň ýüzüne şeýle sözleri ýazýar: «Şu gün iň gowy dostum, maňa şarpyk çaldy».

Olar öňlerinden köl çykýança ýöreýärler. Uzak ýoluň argynlygy, bar güýçlerini alansoň, dostlar bu ýerde biraz düşläp, suwa düşmegi ýüreklerine düwýärler. Ýolboýy gürleşmän gelen, dostlaryň öýkelisi öň suwda ýüzüp görmedigine garamazdan, köle çümýär. Birden-kä onuň dostunyň kömek sorap, galgaýan ellere gözi düşüp, haýal etmän dostuny halas edýär. Dosty özüne gelensoň, daşyň ýüzüne şeýle diýip ýazýar: «Şu gün meniň dostum, ömrümi halas etdi».

Dostlar ýene syýahatyny dowam edýärler. Ýolda şarpyk çalan we halas eden öz dostundan:

  • Seniň ýüregiňi ynjydanymy, gumuň ýüzüne suwdan halas edenimi bolsa

daşa ýazdyň. Näme üçin?

Bu sowala dosty şeýle jogap berýär:

  • Haçan-da kimdir biri, ýüregmizi ynjytsa, bahym ýadymyzdan çykarmaly.

Şonuň üçin, gumuň ýüzüne ýazdym. Goý, ony şemal özi bilen alyp gitsin. Ýagşylyklary bolsa daşa ýazsak, oňa şemal hem kär etmez.

 

Inlis dilinden terjime eden Aýjemal GAÝLYÝEWA, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri