SIZDEN GELENLER

Çölde ysmanak ýetişdirmek mümkinçiligi

Oba hojalyk pudagynda hem sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Tehnologiýanyň çalt depginler bilen ösmeginiň netijesinde, dürli önümçilikleriň ýola goýulmagyna giň mümkinçilikler döredilýär.

Şonuň netijesinde, alymlar howadan suw ýygnaýan ulgam bilen çölde ysmanak ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Bilşimiz ýaly, Saud Arabystany yssy we gurak ýurt. Ýöne muňa garamazdan, alymlar çöl şertlerinde boýy 18 santimetr töweregi bolan ysmanak ösümliklerini ösdürip ýetişdirmegi başardylar. Munuň özi howadan bug ýygnaýan we ony suwa geçirýän gün energiýasy bilen işleýän ulgamyň kömegi bilen amala aşyrmagy göz öňünde tutdular.

“Cell Reports Physical Science” žurnalynda çap edilen bu synag suw serişdeleri bolmadyk hem-de daşrakda ýerleşýän gurak sebitlerde hem ösümlik ýetişdirmegiň mümkindigini görkezdi.

Patyşa Abdalla adyndaky Ylmy-tehnologiýa uniwersitetiniň daşky gurşawy we inženerçilik bölüminiň professory Pen Wan bu ulgamyň derýa ýa-da köl ýaly suw çeşmeleriniň ýok ýerlerinde ösümlik ýetişdirmek üçin amatly mümkinçilik bolup durýandygyny belledi.

Wan bu usul bilen beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirip boljakdygyny aýdýar. Şeýle-de, zerur infrastrukturany göz öňünde tutup, suw köp talap etmeýän ekinler üçin amatly şertler döretmek mümkin.

Ogulbibi Ýedadowa,
TOHU-nyñ talyby.

 

HHR-iň Başlygy Türkmenistanyň saýlanan Prezidentini gutlady

 

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy