Bäş-alty ýyl geçendir. Bir gün iş telefonuma halypa ýazyjy Hudaýberdi Bäşimow jaň etdi. Saglyk-amanlyk soraşdy-da: «Agaň Aşyrberdi Kürtüň terjimesi esasynda teatryň baş ýolbaşçysy Handurdy Berdiýew Alp Arslan teatrda Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eserini sahnalaşdyrýar. Eseriň elektron ýazgysy bar. Şahsy arhiwiň üçin göçürip al. Okap gör» diýdi.
Okadym. Täsirli, oýlandyrýan eser. Soň oýnuň ilkinji görkezilişine bardym. Oýnuň gysgajyk böleginde oglumyňam janlandyrýan keşbi bar. Sürüjiniň keşbi. Oglumyň işe başlap ilkinji gezek tomaşaçynyň öňünde çykyş edişidi. Başlangyç ädiminde şeýle beýik ýazyjynyň eserine sahnalaşdyrylan oýunda oňa keşp ynanylmagyna şeýlebir begendim. Bu teatrda öňem Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» eserine Handurdy Berdiýewiň sahnalaşdyran oýnuny görüpdim. Biri-birinden şowly çykan oýunlar. Şonda halypa Hudaýberdi Bäşimowdan siz, Çingiz Aýtmatowy görüpmidiňiz? — diýip soradym. Ol: «Hawa, ýekeje gezek gördüm. Onuň Annaly Berdiýewiň terjimesi boýunça «Elwan ýaglykly serwim» atly şu eserini öň Türkmenistanyň halk artisti Oraz Hajymyradow sahnalaşdyrdy. Oýny görmek üçin Çingiz aga Aşgabada geldi. Şol wagt Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde işleýärdim. Myhmany hormatlap şonda ony paýtagtymyzdaky Lenin bagyna gezelenje äkitdik. Ýolda barýarkak onuň: «Türkmenleňki ýaly baý taryh bizde bolan bolsady, onda men nähili eserler dörederdim» diýipdi. Çingiz aga ýogalanda ýurdumyzdan Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow onuň soňky ýoluna ugradylyş hoşlaşyk çäresine gatnaşdy. Şonda Russiýanyň Medeniýet ministri bilen deň derejede ýurdumyzyň teatr artistine çykyş etmek üçin söz berilmegi halkymyza goýulýan uly mertebe bolup buýsandyrdy.
2007-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Abdul Mamonow adyndaky akademiki drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Gyrgyzbaý Osmanowyň çagyrmagy bilen Gyrgyzystana gidip, Kakajan şol ýerde Çingiz Aýtmatowyň uly ynam bildirenligi üçin onuň ýubileý senesi mynasybetli ýazyjynyň öz powesti esasynda pýessa ýazyp, «Çingiz hanyň ak buludy» eserini sahnalaşdyrdy. Şol sahna eseri üçin doganlyk Gyrgyz döwleti Kakajan Aşyry 2008-nji ýylda Çingiz Aýtmatow adyndaky halkara baýragy bilen sylaglady.
Soň türk halkynyň belli režissýory Tomruz Hanym hem Çingiz Aýtmatowyň bu eserine goýlan sahna oýny bilen ýurdumyza döredijilik sapara geldi. Gyrgyz Respublikasynda sahnalaşdyran oýny bilen Kakajan Türkiýe döwletine sapara gitdi. «Şonda halypa režissýor, Türkiýäniň Konýa şäher teatrynyň direktory, «Müň nepes, bir ses» festiwalyň başlygy Tomruz Hanym gelip: «Kakajan, gyrgyz halkynyň bu oýnuny siz sahnalaşdyrdyňyzmy?» diýip sorady hem oýnuň şowly çykanlygy bilen gutlady» diýip Kakajan gürrüň berdi. Ol barada makala ýazamda Kakajanyň arhiw ýazgylarynyň arasynda Çingiz Aýtmatowyň: «Biz syýasy nadstroýkany ýitirdik. Munuň özi gowulyk. Biz ideologik fantazimden azat bolduk. Biziň indi her bir zat barada öz pikirimizi ozalka görä has açyk, has köp aýtmaga mümkinçiligimiz bar. «Jan» spektakly hut, ine, şeýle açyk ýürekdeş gürrüňe çagyrýar» diýip ýazan ýazgysyna-da gabat geldim. Umuman, Çingiz Aýtmatow bilen bagly şeýleräk ýatlamalar ýadyma düşýär» diýdi.
Iki-üç hepdelikde teleýaýlymda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky daşary ýurtly söz ussatlarynyň heýkelleri görkezilip durdy. Ekrana ýakyn gelen heýkeliň aşagyndaky ýazgy bada-bat ünsümi çekdi. Çingiz Aýtmatow (1928-2008). Gyrgyz halkynyň dünýä belli ýazyjysy. Şu ýazyjy hakynda-da ýazmaly diýen pikir kelläme geldi. Sebäbi Çingiz Aýtmatowy türkmen ýazyjy-şahyrlarymyz ýaly ýakyn kabul edýän. Birdenem: «Ýazyjynyň ömri-döredijiligi, durmuşy, döwlet sylaglary, maşgala ýagdaýy, umuman, ähli maglumatlary elýeterli ýagdaýda internetde bar. Ol barada okyjylara näme ýazyp ýetirerin öýdýäň?» diýip oýlandym. Soňra-da halypalar nähili maslahat bererlerkä? — diýip, uly şahyrymyz Baýram Jütdiýewe jaň aýladym. Baýram aga, näme üçindir Çingiz Aýtmatowy milli söz sungatymyzyň ussatlary ýaly ýakyn kabul edýän — diýip söz açanymdan: «Wah, jigim, aňrymyzda beýik Oguz bar ahyry. Kökümiz bir-ä. Men Çingiz Aýtmatowyň ähli eserlerini okap, içinden geçen adam. Onuň bilen ýüzbe-ýüz duşuşdyk. Bir gezek kärdeşim Kerim aga bilen ýazyjylaryň duşuşygyna gatnaşmaga Moskwa gitdik. Dünýä ýurtlaryndan köp ýazyjy-şahyrlar geldi. Şonda uly myhmanhanada otyrkak Çingiz Aýtmatow gelip gapdalyragymyzdaky oturgyçlaň birinde oturdy. Ýuwaşlyk bilen Kerim aga: «Çingiz aga bilen salamlaşyp geläýeli» diýdim. Ol: «Garaş biraz» diýdi. Sähel wagt geçdi. Çingiz aga oturan ýerinden töweregine göz aýlady-da, Kerim aga gözi düşenden özi ýanymyza gelip elleşip hal-ahwal soraşdy. Çingiz Aýtmatow beýik ýazyjy, belent adamkärçilikli halypa, ýatlanmaga mynasyp şahsyýetdir» diýdi. Şol pursat Çingiz aganyň adamkärçiligi bilen bagly eşiden gürrüňlerim hakydama geldi. Bir gezek şahyr Täşli Gurbanow hakynda makala ýazmak üçin öýlerine baramda onuň maşgalasy Amanşeker gelneje: «Täşli ýogalan günem Moskwadan gelipdi. Moskwa baranda çagyrandyr-da, daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaň köpüsi aýatyna geldi. Şonda Gyrgyz halkynyň belli ýazyjysy Çingiz Aýtmatow ýanyma gelip: «Gelneje, biz Täşliniň 50 ýaş ýubileý toýuny toýlamaga gelipdig-ä» diýip aglady. Şo ýazyjynyň duýgudaşlyk bildirip gözüni ýaşlap durşy hiç ýadymdan çykanok» diýip gürrüň berdi.
Bir gezegem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowlara söhbetdeşlige baranymda gyzy: «Kakam janyň 90 ýaş ýubileý toýuny «Aýna» toý mekanynda belledik. Kakamy gutlamak üçin Çingiz aga işi çykyp gelip bilmän, ýerine ýegeni gelip gutlapdy. Kakam ýazyjy Çingiz Aýtmatow bilen dostlukly gatnaşdy» diýip ýatlady.
Başga-da öten-geçen halypalaryň durmuşyny, döredijiligini öwrenýärkäm gürrüňdeşlikde köplenç Çingiz Aýtmatow bilen bagly pursatlary ýatlaýarlar. Onuň türkmen kärdeşlerine bolan hormaty juda uly. Olaryň döredijiligine goýýan çäksiz hormatyna arhiw ýazgylaryň üsti bilenem göz ýetirip bolýar. Dana şahyrymyz beýik Pyragy hakynda: «Magtymguly — bütindünýä poeziýasynyň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar» diýip aýdan pähimli sözleri häli-şindi teleýaýlymda ýaňlanyp dur. Meşhur şahyrymyz Kerim Gurbannepesow hakynda: «Öz halkynyň şahyry diýen ada mynasyp bolup, häzirki zaman edebiýatçylarynyň hakyky dostuna öwrülen Kerime men hemişe uly hormat goýýardym…» ýa-da beýleki söz ussatlarymyz hakynda aýdan ajaýyp sözleri arhiw ýazgylarda juda kän. Ol milli edebiýatymyzyň, sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşan ýazyjy.
Arada halypa kinorežissýor Hojaguly Narlyýewiň döredijiligini öwrenýärkäm «Edebiýat we sungat» gazetiniň 1964-nji ýyldaky sanlarynyň birinde Çingiz Aýtmatowyň «Şükür bagşy» filmimiz hakynda: «Gylyjy azala öwren saz» atly uly göwrümli makalasyna gabat geldim. Filmiň şowly çykanlygy barada öz pikirini şeýle bir arassa ýürek bilen beýan edipdir, haýran galdym. Makalada «…Hojaguly Narlyýewem ýaş, onuňam ilkinji kartinasyny surata düşürişi. Filmiň üstünlik gazanmagyna onuň siňdiren hyzmaty, meniň pikirimçe režissýoryň siňdiren hyzmatyna deňme-deňdir. Şükür bagşynyň roluny oýnan Aman Handurdyýewi bolsa, özgelerden öňde tutmak bolar. Sebäbi ol professional artistem däl, ýöne bir aşgabatly fizik… Ine, size gerek bolsa fizik bilen lirik. Biz bolsa, jedelleşen bolup ýörüs…» diýen jümleleri ýadymda. Halypalaryň: — «Şükür bagşy» filminiň ekrana çykmagy üçin Çingiz Aýtmatowyň uly hyzmaty bar — diýmekleriniň hakykatdygyna onuň şol makalasynyň özi aýdyň subutnama.
Hojaguly Narlyýewiň şahsy arhiwindäki ýazgylaryň arasynda 1987-nji ýylda 50 ýaş ýubileý toýuna Çingiz Aýtmatowyň «Hormatly Hojaguly! Maşgala bolup gatnaşýan az sanly dostlarymyzdan Maýa hem size mydama aýratyn söýgi, hormat bilen garaýas. Siz görmegeý adamlar, ýöne şu gün siziň 50 ýaş toýuňyz umumy işimiz bolan kino sungatynyň tutuş orta Aziýanyň medeniýeti üçin örän wajyp pursat. Men elmydama siziň üýtgeşik zehiniňize, öz halkyňyzyň inçe duýguly ussat ogly bolanlygyňyz üçin baş egýän. Täze ýeňişleriňize, üstünlikleriňize guwanýan. Türkmen kino sungatyny mundan beýlägem baýlaşdyryň!» diýip iberen gutlagy bar eken. Şonda olaryň maşgala bolup dostlukly gatnaşykda bolandyklaryna göz ýetirdim. Söhbetdeşligimizde Hojaguly aga: «Men kän bir kino surata düşüp ýören däl. Sanlyja filmlerde surata düşdüm. Çingiz Aýtmatowyň «Mankurt» eserinde-de rol oýnadym, ýöne meni esasy begendirýän tarapy ýazyjynyň şol eserini Moskwanyň üsti bilen meniň surata düşürmegimi teklip etmegi iň uly ynam» diýip aýratyn nygtady. Şunuň ýaly ýatlamalary bolsa halypalardan kän eşitdim.
Şu makalany taýýarlaýan wagtymda tanymal sungat wekillerimiz bilen gürrüňdeş bolup, olaryň Çingiz aga bilen bagly aýdan ýatlamalaryny topladym.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş režissýory, «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» Bilbil Mämmedow: «Çingiz Aýtmatow bilen kän gezek gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Moskwada okaýarkam umumy ýaşaýyş jaýynda talyp ýoldaşym Marat Sary ogly bilen bir otagda ýaşadyk. Bir gün ol: «Şu gün daýymyň ýanyna gidip gelelile» diýdi. Daýyň kim? — diýip soradym. «Çingiz Aýtmatow» diýdi. SSSR Kinematografiýasynyň Moskwada ýerleşýän edarasynda her respublikadan wekili bardy. Çingiz agada şo ýerde işleýän eken. Şonda iş ýerine baranymyzda ol ýegeni bilen gürrüňdeş bolmak üçin daş çykdy. Mendenem «Sen nireden?» diýip sorady. Türkmenistandan diýsem ýüzi ýagtylyp gitdi. Bir salym gürrüňdeş boldy. Türkmeniň geçmiş taryhyndan, durmuşyndan kän bilýändigini hemem halkymyza bolan uly hormatyny duýdum. Soň birnäçe gezek duşuşdyk. Paýhasly, akylly adam, gürlände howlukman düşnükli, rus dilinde-de arassa gürleýär eken. «Sizi näme gyzyklandyrýar? Nähili temadan kino surata düşüresiňiz gelýär?» diýip gyzyklandy. Diplom işim üçin «Garly» atly eseri surata düşürjek bolýandygymy aýtdym. Diňledi. «Örän gyzykly. Özüň göz öňüňe getirýäňmi?» diýip gaýtadan sowal berdi. Hawa — diýdim. Şonda onuň gowy aýdan maslahaty bar: «Iş edeňizde, soň utanyp, ökünmez ýaly iş ediň!» diýdi.Ýene bir aýdan zady: «Pikir kändir, maslahat berýänem kändir, ýöne öz kalbyňyza diň salyň, kalbyňyza ikilik etmäň!» diýdi. Onuň şol sözlerini soň «Arçaly adam» filmimiň gahrymany Esen aganyň sözlerinde ulandym. Şol rolda Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow surata düşdi.
Bir mahal A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak» eserini sahnalaşdyrdym. Öň mekdep okuwçysy wagtymdan Çingiz aganyň kän kitaplaryny okapdym. Şol eserdäki sözlerem aňymda galan. Eseri höwes bilen işledim. Maňzy, düýbi gowy bolansoň, sahna eserimizem şowly çykdy. Oýnuň ilkinji görkezilişi tamamlandy welin, teatryň gapysynda bir ýaşyly ofiser gözüni ýaşlap garaşyp dur eken. «Ynha, şu ýaňky oýnuň režissýory» diýlenden ol maňa: «Köp sag boluň! Men urşy gören, kynçylykly döwrüň içinden geçen adam. Öňem topragy goramalydygyny bilýän, ýöne şu oýundan soň Watanyň mukaddesligine hasam göz ýetirdim» diýdi. Haýran galdym. Agşam teleýaýlymda täzelikleri görüp otyrdym. Çingiz aganyň doglan gününe gutlag okaldy. Sahnalaşdyran şol oýnumyz oňa tötänden sowgat edilen ýaly boldy» diýip gürrüň berdi.
«Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» Batyr Bekmuradowyň ýurdumyzyň teatrlarynda Çingiz Aýtmatowyň eserlerine sahnalaşdyrylan oýunlaryň hudožnigi bolandygyny bilýän. Özem ýaşuly suratkeş. Belki ol, Çingiz aga bilen duşuşandyr — diýip, onuň bilenem gürrüňdeş bolduk. Ol:
«Çingiz Aýtmatow bilen ilkinji tanyşlygymyz şeýle başlandy.1968-nji ýylda öňki Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrda daýym Oraz Hajymyradow baş režissýor bolup işleýärdi. Çingiz Aýtmatowyň «Elwan ýaglykly serwim» atly eserine oýun goýjak bolup ýördi. Şol wagtlar Çingiz Aýtmatowyň hekaýalar ýygyndysy çap bolupdy. Şol kitaby okap öwrenýärdi hem hekaýalaryny pýessa geçirýärdi. Menem altynjy klasda okaýardym hem Pionerler köşgüne gatnaýardym. Bir gün ol goşgy okap çykyş edip durkam şo ýere bardy. Şonda meni synlap, soňam sahnalaşdyrýan oýnundaky Samat atly oglanjygyň keşbini maňa ynandy. Ejemiň rolunda Türkmenistanyň halk artisti Ýelizaweta Garaýewa, kakamyň rolunda Türkmenistanyň halk artisti Aman Gurbandurdyýew oýnady. Sahna oýnunyň ilkinji görkezilişine Çingiz Aýtmatowyň özem geldi. Oýna tomaşa etdi. Göwni ýetip režissýory doganlarça gujaklap «berekella» diýip minnetdarlyk bildirdi. Şol eseriniň Germaniýanyň Rostok şäherinde sahnalaşdyrylmagynam Oraz Hajymyradowa ynanýandygyny aýtdy. Şeýlelik bilen Oraz Hajymyradow onuň şol eserini Germaniýada-da sahnalaşdyryp «Zolotaýa maska» baýragy bilen sylaglandy. Şol pursatlar mende ýazyjynyň eserlerine bolan gyzyklanma döretdi. Onuň eserlerine ýurdumyzyň teatr sahnalarynda goýlan oýunlarda, surata düşürilen filmlerde işleşmek miýesser etdi. Türkmenistanyň halk artisti Kerim Annanowyň surata düşüren «Ene möjek», «Undulan rowaýat» we başga-da birnäçe filmleriniň goýujy hudožnigi boldum. 1986-njy ýylda halypa kinorežissýor Hojaguly Narlyýew awtoryň ynam bildirmegi bilen Çingiz Aýtmatowyň dünýä derejeli «Mankurt» eseri boýunça kino surata düşürmäge girişdi. Şonda Hojaguly aga filmiň hudožniklik işlerini ýerine ýetirmegi maňa ynandy. Şol film Türkmenistanda, Türkiýede hemem Liwiýada surata düşürildi. Şonda-da Aýtmatow bilen ikinji gezek duşuşmak miýesser etdi.
2023-nji ýylda Çingiz Aýtmatowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli Bişkek şäherinde guralan dabara gatnaşmak üçin meni Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan iş sapara iberdiler. Şol ýerde guralan sergä «Mankurt» filmiň eskizi hemem «Hydyr ata» atly işlerim bilen gatnaşdym. Çingiz aganyň dört sany çagasy bar. Körpe ogly Eldar kakasynyň öý muzeýine ýolbaşçylyk edýär. Sergä hödürlän işlerimi muzeýe sowgat berdim. Eldar bolsa kakasynyň kitabyna ýadygärlik ýazgy ýazyp sowgat berdi» diýip gürrüň berdi.
Ýazyjynyň doglan gününiň 95 ýyllyk dabarasy Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçen ýyl ýurdumyzyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda-da geçirildi. Şonda Mary welaýatyndan halypa suratkeş Gurbangeldi Gurbanow Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden täsirlenip döreden eserleri bilen şol ýerde guralan sergä gatnaşdy. Ýakynda Gurbangeldi aga jaň edip Çingiz Aýtmatow bilen bagly gürrüň bermegini haýyş etdim.
Ol: «Çingiz Aýtmatowyň eserleri 1973-1979-njy ýyllardan bäri döredijiligimiň içinde. Doganoglan agam Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Gummadowlaň öýünde bolup paýtagtymyzdaky 29-njy orta mekdepde okadym. Orta mekdebi tamamlap Şota Rustaweli adyndaky çeperçilik uçilişä okuwa girdim. Talyp wagtymam agamlaň öýünde ýaşadym. Bir gün ol maňa Çingiz Aýtmatowyň «Ak gämi» eserini getirip: «Şu eseri oka, seniň biografiýaň» diýdi. Okadym, ýöne rus dilini gowy bilmämsoň doly düşünmedim. Düşünmedik ýerlerimi bellik edip goýdum. Onsoň agam maňa eseriň mazmunyny pugta düşündirdi. Şonda hakykatdanam şol eserdäki gahryman oglanjygyň ykbaly meniň biografiýam göz öňünde tutulyp ýazylan ýaly täsir etdi. Şondan soň Çingiz Aýtmatowyň eserlerini okamaga ýykgyn etdim, döredijiligimde onuň eserleri esasy temam boldy, ýöne ýazyjynyň özüni ýüzbe-ýüz görmedim.
Moskwanyň eteginde ýörite hudožnikleň döredijilik öýi bardy. 1975-nji ýylda şol ýerde Gazagystanyň halk suratkeşi Ýewgeniý Sidorkin döredijiligim bilen gyzyklanyp Çingiz Aýtmatowyň «Ilkinji mugallym», «Jemile», «Irki uçan durnalar» atly birnäçe eserleri bilen bagly döreden taslamalarymy synlady-da: Üýtgeşik ugruň bar, şu işiňi toplumlaýyn yzygider dowam et!» diýip maslahat berdi. Şeýlelik bilen şol ugry dowam edip gelýän. Çingiz Aýtmatowyň ähli eserlerine degişli diýen ýaly birnäçe eserler döretdim. Her ýylda döredýän eserlerimiň iň bolmanda bäş-altysy Aýtmatowyň eserleri bilen bagly. Onuň «Asyrdan uzaga çeken gün», «Çapgy ýassygy», «Kenaryň gyrasyndan ylgaýan köpek» we başga-da kän eserlerine döreden işlerim bilen sergä gatnaşdym. Ýazyjynyň eserlerine syn bermek pikirim ýok, diňe eserleriniň dünýäme ýakynlygy üçin öz ykbalym bilen baglaýan. Onuň «Ene toprak» eserindäki enäniň keşbinde, «Ýyldyzlaryň şöhlesi» atly eseriniň filosofik çözgüdinde, «Ilkinji mugallym» eseriniň gahrymanynda umuman, her bir eserinde ykbalymyň bir parçasyny görýän. Onsoň men onuň eserleriniň dünýäsinden çykyp bilemok. Esasy maksadym eserlerim bilen ýazyjynyň döredijiligini dünýä ýaýmaga azajygam bolsa goşant goşmak, ýöne soňky wagtlarda galamda, ýagly reňkde, suwly reňkde uly ölçegde nakgaş eserlerem döredýän. Dünýäniň kän ýurtlarynda sergi guradym. 1975-nji ýylda Türkiýäniň Ankara şäherinde Aýtmatowyň eserleri bilen bagly döreden işlerimiň sergisini guradym, ýöne ýazyjy başga bir işi çykyp sergä baryp bilmändi. Oňa derek doganlyk ýurtlardan tomaşaçy köp gatnaşdy. Olar şol sergini ýazyjynyň görüp bilmändigine gynandylar. Moskwada guran sergime-de gatnaşmak oňa miýesser etmedi. Ýöne sergi barada hemem eserlerim hakynda daşary ýurt metbugatynyň sahypalarynda ýazyldy. «FORUM» žurnalynyň 2021-nji ýylyň 5-nji sanynda Mihail Pereplesnin makala ýazdy. «Diýar» žurnalynda ýazdylar» diýip gürrüň berdi.
Makalamyň gyzykly hem täsirli bolmagy üçin maglumat kän gözledim. Internetden gaýta-gaýta Çingiz aganyň suratyny synladym. Birdenem ýaşuly ýazyjy Hemra Şirowyň: «1979-njy ýylda Moskwada ýaş ýazyjylaň Bütinsoýuz maslahaty geçirildi. Şonda Çingiz Aýtmatowyň egnindäki eşiklerinem saçyna meňzeş çal reňkde geýnip gelen görmegeý keşbi häzirem göz öňümde» diýen sözleri ýadyma düşdi. Onuň Çingiz aga bilen bagly aýdan gürrüňleri hakydama geldi. «Çingiz Aýtmatow türkmen halkymyza juda hormat goýýan ýazyjydy. Serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň Moskwada geçirilen 200 ýyllyk dabarasynam Çingiz Aýtmatow alyp bardy. Kärdeşimiz Atajan Tagan bir mahal «Gyzylgül ak altynyň ýurdundan» atly oçerk ýazypdy. Şol oçerki neşir edilende kitabyň girişini Çingiz Aýtmatow ýazdy. Ol Agageldi Allanazarowyň kitabyna-da giriş ýazypdy. Çingiz Aýtmatowyň döredijiligine-de, türkmen halkymyza bolan uly hormaty üçinem hemişe hormatym uly. «Dünýä edebiýatynyň ägirtleri» atly rubrika bilen taýýarlan makalalarymyň arasynda «Çingiz Aýtmatowyň türkmen yzlary» atly makalam bar. Onuň köp eserini Ata Yklymow terjime etdi.Ýazyjy beýik bolanda halkyny beýgeldýär. Çingiz Aýtmatow halkyny beýgelden ýazyjy» diýdi. Dogrudanam şeýle. Özüm-ä Çingiz Aýtmatow diýilse Gyrgyz halky ýadyma düşýär, Gyrgyz halky babatda söz açylsa-da hökman Çingiz Aýtmatow ýadyma düşýär. Bu babatda bir gezek halypa kinorežissýor Çaryýar Seýidow bilen gürrüňdeş bolamyzda olam Çingiz aga bilen bagly gürrüň berdi: «Magtymguly Pyragynyň 250 ýyllygy bellenýän günlerinde Eduard Meželaýtis, Çingiz Aýtmatow başga-da daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaň birnäçesi ýurdumyza geldi. Türkmenistanyň Kinematografiýaçylar birleşiginiň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdim. Kinostudiýaň direktory Hojaguly Narlyýewdi. Şonda maňa myhmanlara ýolbelet bolmak tabşyryldy. Olar bilen şähere aýlandyk. Garrygalanyň Gerkez obasyna gezelenje gitdik. Ýazyjylaň Garrygalada geçirilen duşuşygyna balkanly ýazyjy-şahyrlaram gatnaşdy. Degişmeçi şahyr Pyhy Tahan bilenem şonda tanyşdyk. Baýramçylyk günleriniň çäklerinde Kino birleşigiň jaýynda-da duşuşyk guraldy. Direktor Hojaguly Narlyýewiň iş otagynda myhmanlar bilen ýurdumyzyň tanymal sungat wekilleriniň arasynda gysgajyk gürrüňdeşlik boldy. Olaryň arasynda iň ýaş kiçisi mendim. Gürrüňdeşlikde Çingiz Aýtmatow: «Umuman, adamzadyň durmuşy pajygaly. Biz hemmämiz şu dünýä gelemizde gitmek üçin gelýäs» diýdi-de ýuwaş-ýuwaş gürrüňini Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagly gürrüňe syrykdyrdy. Ol: «Men size bir zat aýdaýyn. XVIII asyrda bütin dünýä Orta Aziýada bir genial şahsyýete garaşýardy. Ol hem Magtymguly türkmen bolmaly» diýdi. Ol sözi aýtmak üçin mertlik gerek. Ýogsa onuň özem Orta Aziýaly.
Talyp wagtym «Çapgy» atly eserini okadym. «Kassandranyň tagmasy» eseri çuňňur filosofiýa. Umuman, onuň eserleriniň hemmesi adaty durmuş ýaly, ýöne düýbünde filosofik pikir bar. Meniň pikirimçe onuň Magtymgulyny söýmegi özüniň filosof bolanlygy üçin. Şeýle bir aýdylan jümle bar. «Bir Çingiz geldi dünýäniň ýarsyny aldy, bir Çingiz geldi dünýäniň barsyny aldy». Birinjisi Çingiz han barada, ikinjisi Çingiz Aýtmatowyň dünýä edebiýatyny ösdürmekde, edebiýatda filosofiýany çuňlaşdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin aýdylan pikir. Halypam Hojaguly Narlyýewiň: «Magtymgulydan soňky filosof Aýtmatow» diýen pikirini menem goldaýan. Dünýä ýüzi ýöne ýere ykrar etmeýär. Ýene bir gürrüň ýadyma düşdi. Ýazyjy Oraz Ýagmyr neresse Dagystanda gezip ýörkä şol ýurduň meşhur ýazyjysy Resul Gamzatow bilen duşuşýar. Onuň ýanynda Çingiz Aýtmatowam bar eken. Şonda Çingiz Törekulowiç: «Näm boldy, türkmen gardaşlarymyza, soňky döwür edebiýat meýdanynda görneňizokla?» diýdi. Çingiz aga, siz bir filosow adam, bu sowalyňyza özüňiz çözgüt taparsyňyz — diýip jogap berdim — diýip Oraz Ýagmyryň özi gürrüň beripdi» diýdi.
Çingiz Aýtmatowly ýatlamalary diňlemegem, okamagam gyzykly. «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň geçen ýylyň bäşinji sanynda halypa ýazyjy Aman Goşaýewiň ýazan makalasyny okapdym.
Çingiz Aýtmatow: «… Okamak, onda-da, düşünip okamak gerek!»
…Men bu jümläni mundan tegelek kyrk ýyl öň meşhur ýazyjynyň öz dilinden eşidipdim — diýip başlaýan makaladan onuň Çingiz Aýtmatow bilen ýüzbe-ýüz görşendigini bilip, uly göwrümli makalany bada-bat okap çykdym. Makala diýseň göwnüme ýarady, şonuň üçin Aman aganyňam şol ýatlamasyny makalama goşmagy göwnelaýyk gördüm.
«…1983-nji ýylda Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň 250 ýyllygy bellenip geçilýärdi. Bu toý dabarasy iň soňunda şol wagtky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň jaýynda geçirilen resmi ýygnak hem aýdym-saz ussatlarynyň konserti bilen jemlendi. Türkmen radiosynyň edebi gepleşikler redaksiýasynyň uly redaktory Taisiýa Kurdiskaýa (belli terjimeçi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Wýaçeslaw Pawlowiç Kurdiskiniň aýaly), redaksiýanyň režissýory Gurban Amangeldiýew üçümizi şol ýygnagyň göni ýaýlymda alnyp eşitdirilişine jogapkär belläpdiler. Tehniki-guramaçylyk işlerini tamamladyk. Güýzüň ortalarydygyna garamazdan howa yssydy. Dabaraly ýygnak başlanansoň dynç alaýyn diýip, teatryň foýesindäki oturgyçlaryň birine geçip oturdym. Bir görsem meşhur gyrgyz ýazyjysy bilen türkmen kinorežissýory Hojaguly Narlyýew ikisi içki gapylaryň birinden çykdylarda, özara mesawy gürleşip Azatlyk (häzirki «Magtymguly») köçesine çykýan işige tarap ýöräp ugradylar. Ses ýazýan «Reportýorymy» ýanymdan goýmaýanlygymyň peýdasy ýetdi. Beýle tötänligi elden sypdyrsam ömürboýy ökünjekdigim ýadyma düşse-de, dabarasy dag aşan ýazyja ýüzbe-ýüz gabat gelmekden ýaňa birhili howum basyldy. Her-nä, «Göz gorkak, el bilen aýak batyr… » diýleni, ýerimden turdum-da olara baka birki ädim ätdim. Olar meni görüp, sägindiler. Men ýazyjynyň özüne ýüz tutmakdan çekinip Hojaguly Narlyýewden Çingiz Aýtmatowyň Magtumguly Pyragy baradaky pikirlerini soramagyny haýyş etdim. (Men öňem tanymal kinorežissor bilen birnäçe radiogepleşikleri taýýarlapdym). Geň galaýmaly, ýazyjy ýüzugra razylaşdy-da: «Haýsy dilde gürlemeli?» — diýdi. Näme diýjegimi bilmän ýaýdanamda, Hojaguly Naplyýew, türkmen diňleýjileri üçin onuň gyrgyz dilinde jogap bereniniň kem däldigini aýtdy. Ýazyjynyň aýdanlarynyň magnit ýazgysyndan bir parçany mysal getirmek isleýärin:
─ …Magtymguly ýaly şahyrlar we şahsyýetler döwrüň talaby bilen ýüz ýylda bir gezek döreýär. XVIII ─ türkmenler, gyrgyzlar, gazaklar ýaly çarwa, dagynak, tire-taýpa bolup ýaşaýan halklaryň öňünde, olar millet hökmünde saklanmalymy ýada dagap gitmelimi diýen soragy goýdy. Döwür Magtymgulyny saýlap öňe çykardy, o-da öz zamanasynyň çakylygyna seslendi… Ol dagynak tire-taýpalary özara bölünişikden dynmaga, daşky basybalyjylara gaýtawul bermäge wagtyň ýetendigini düşündirdi. Ýene-de bir aýratyn bellemeli zät, ol türkmenleriň göz açyp başlaly bäri gürleýän ene dilinde döwrebap poeziýa žanryny döretdi, şeýdibem ylahy üşükli şahyr köne, öňden köp gaýtalanan sözleriň ruhuny täzeledi. Onuň sadaja sözlerini asyrlarboýy agzalalykdan, sowatsyzlykdan halys jany ýanan ildeşleri ikelläp kabul edýär. Eýsem, öz eli bilen ýazan ýekeje golýazmasy-da saklanyp galmadyk şahyryň goşgularynyň ählisiniň halkyň içinde edil şu günlerem ýatdan ýa-da aýdym edilip aýdylmagyny başgaça nädip düşündirjek? Şular ýaly başga bir şahyr aňsat-aňsat tapylmazmyka diýýän… Halkyň sada diliniň nusgawy şygryýet we edebi dil hökmünde ykrar edilmeginde, kowumlarda, tire-taýpalarda milli aňyň oýanmagynda bitiren hyzmaty ony Dante, Nowaýy we Fizuly dagynyň hatarynda goýýar. Özüm-ä, Magtymgulynyň ildeşleriniň görýän görgülerinden jebrinip, olara adamkärçiligi, birek-birege mähribanlygy iň soňky pursata çenli saklamagy ündeýän şygyrlary tutuş Gündogar edebiýatyna Ýewropalylaryň düşünjesindäki realizmi getirdi diýip hasaplaýan. Şonuň üçin hem Magtymgulyny köp okamak, onda-da, düşünip okamak gerek…
… Arakesmeden soňra Çingiz Aýtmatowa söz berdiler. Ol Magtymgulynyň şahyrlygyndan başga zergärlik kesbini hem ýatlady-da, sözüniň üstüne diýseň jaýdar meňzetmäni goşdy. Şahyryň Orta Asyrlarda Gündogar poeziýasyna mahsus panegerik žanryndan waspnamanyň gabygyny gyrçap aýrandygyny, mifiki gahrymanlaryň batyrlygyny, hyýaly yşk-muhabbeti, rowaýaty şalaryň adyllygyny mahabatlandyrmagyň ýerine sada adamlaryň ruhy hem-de psihologiki isleglerini, talaplaryny öňe sürenligini, şeýlelikde sebitimiziň edebiýatynda Ýaňadan döreýşiň ─ Renessansyň başyny başlandygyny ynamly nygtady. Muňa ýygnakda oturanlar esli salym el çarpdylar. Täjik şahyry Mumin Kanaot bolsa öz çykyşynda Magtymgulynyň durmuşy realizmine eýeren beýleki XVIII-XIX asyr nusgawy şahyrlarymyzyň toparyny Gündogar poeziýasynyň Uly Ýedigen ýyldyzyna meňzetdi.
Şonda ýurdumyza gelen atly-abraýly ýazyjy-şahyrlaryň köpüsiniň seslerini ýazyp alypdym. Olaryň gürrüňlerinde şahsy duýgulary agdyklyk edýärdi, joşup hem-de begenip joşgunly gürleýärdiler. Çingiz Aýtmatowyň sowukganlylygy, pikirini düýpli seljermegi beýlekilerden göz-görtele tapawutlanýardy. Haýal hemem pessaý gürleýän sesinde argynlyk, ýadawlyk duýulýardy. Hemişe oýlanmalaryň içinden çykmaýanlygyndanmy ýa-da öz häsiýetiniň bolşumy nämmi, birhili aladaly görünýärdi. Indi, kyrk ýyl geçensoň tanymal söz ussadynyň göýä diýersiň şo wagtlar häzirki Internet eýýamynyň edebiýatyň esasy bäsdeşine öwrüljekdigini öňünden görüp, ýaş nesilleriň nusgawy eserleri okamaga kembaha garajakdyklaryna nebsi agyrandyr diýip pikir edýän. «Dünýä edebiýatynyň» okyjylaryna hödürlenýän aşakdaky söhbetdeşligi terjime edemde, «Kassandranyň tagmasy» kitabyny doly ýazyp gutarmanka ony okyjylara öňünden wada berenligine ökünýändigini, şeýle-de mankurtlygyň — ynsanyň hakydasyz aňsyz gurala öwrülmeginiň näme üçin uzak dowam edýänligini düşündirýän setirleriniň üstünden baramda ýazyjynyň: «… okamak, onda-da düşünip okamak gerek» diýen sözlerini ýatladym.
Bu sorag-jogap 2006-njy ýylda ýazyjynyň «Daglar ýykylanda» atly soňky romanynyň rus dilindäki neşiriniň Moskwadaky tanyşdyrylyş çäresinde rus şahyry, ýazyjysy we žurnalisti Dmitriý Bykow tarapyndan ýazga geçirilipdir» diýip halypa ýazyjy Aman Goşaýew makalasyny jemläpdir. Makalanyň yzyndanam şol terjimesi çap edilipdir. Ol terjimede gaty täsirli, ýöne ony okyjylar žurnaldan okap bilerler. Esasy meni begendiren zat Çingiz Aýtmatow bilen bagly türkmen kärdeşleriniň ýatlamalaryny azajygam bolsa jemläp bilenligim, ýöne olar entegem kän. Sebäbi Çingiz Aýtmatow türkmen halkymyza ýakyn şahsyýet.
Akgül Saparowa.