SPORT

“Çelsi” Oblak bilen gyzyklanýar

Angliýanyñ “Çelsi” topary öz düzümine Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparynyň derwezebany Ýan Oblaky goşmak isleýär diýip, “Goal.com” habar berýär.

Maglumatlara görä, “Çelsi” topary 27 ýaşly serbiýaly derwezeban üçin 120 million ýewro sarp etmegi meýilleşdirýär. Emma “Atletiko Madrid” toparynyñ tälimçisi Diego Simeoneniň öz toparynyñ derwezebanyny ýitirmek islemeýändigi mälim edilýär.

Ispaniýada La Liga-nyñ 2019/2020-nji ýyl möwsüminde Oblak “Atletiko Madrid” toparynyñ düzüminde 48 duşuşykda çykyň edip, toparyñ derwezesini gorady we 36 gezek gol geçirtdi.

Related posts

Aziýanyň kubogy: Türkmenistan uly hasap bilen ýeňiş gazandy

Ata Watan Eserleri

Dzýuba özüne topar tapdy

Ertir Döwletjan Ýagşymyradow Simon Biýong bilen duşuşar