ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

 Çaryýar Seýidow : şahyrana şekiller

 Üç-dört ýyllykda «Edebiýat we sungat» gazetinden Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Aktýoryň ussatlygy we sahna dili» kafedrasynyň mugallymy, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyň eýesi, kinorežissýor, kinodramaturg Çaryýar Seýidow hakynda ýazylan makalany okapdym. Makalada «Çaryýar Seýidowy belli kinorežissýorlar, kino sungatyny öwrenijiler «Şahyrana režissýor» diýip atlandyrýarlar» diýen jümlä gabat geldim. Çaryýar mugallym hakynda irde-giçde makala ýazsam şol jümläni sözbaşy goýaryn — diýip ýördüm.

Arada «Aşgabat» kino teatryna täze bir filmiň ilkinji görkezilişine bardym. Çaryýar mugallymam barypdyr. Onuň bilen kino teatrlarda öňem telim gezek gabat gelipdik. Ýöne kän wagt bäri görmämsoň, bir bada ony şomy, dälmi güman etdim. Onsoň ýaşula salam berdimde: «Ýalňyşmasam, siz kinorežissýor Çaryýar Seýidow bolmaly?» diýip ýüzlendim.Ol: «Bäh, menem tanaýan bar eken-ä!» diýip ýylgyrdy. Onuň köpmanyly ýylgyrşy diýseň täsir etdi. Ömrüni sungata bagyşlan halypa: «Siz pylanymy?» diýip sowal berenime utandym. Ýogsa onuň surata düşüren dokumental hem çeper filmleriniň köpüsine tomaşa etdim. Döredijiligi hakynda metbugatda çap bolan makalalary, bile işleşen kärdeşleri hakynda öz ýazýan makalalaryny okaýan. Onuň uruş ýyllarynda dokalan äpet haly hakynda surata düşüren «Seniň halyň gölleri» atly dokumental filmine teleýaýlym arkaly kän gezek tomaşa etdim. Şol halyny dokan halyçylaryň arasynda ýüzbe-ýüz tanaýan ildeşlerimiziň bardygy üçin hasam gyzyklandyrýar. Her gezek filmi görenimizde maşgalamyz bolup: «Hanha, Käbe eje, Maýsa daýza… diýip ýekän-ýekän atlandyryp, mawy ekrana tarap süýşenimizi duýman galýas. Hut şu pursatda-da, halynyň çeper ýolbaşçysy Nurtäç Annamyradowanyň nurana keşbi göz öňümde janlandy. Üstünden segsen ýyldan gowrak wagt geçenem bolsa «Türkmen halysynyň milli muzeýinde» lowurdap duran şol halyny synlamak üçin barýan jahankeşdeleriň haýran galyp gyzyklanýan pursatlaryndaky gürrüňleri ýadyma düşdi. Nurtäç gelnejäniň  öýüne ýörite şol haly bilen bagly söhbetdeşlige baranymda aýdan ýatlamalary hakydamda aýlandy. Öz ýanymdan bu film Çaryýar aganyň bitiren uly işleriniň biri. Ýene näçe ýyldan görseňem, hiç wagt gymmaty egsilmejek film. Sebäbi türkmeniň beýik sungatynyň hemem gaýratly türkmen zenanlarynyň edermenliginiň taryhy sahypasynyň beýany — diýip oýlandym. Birdenem Çaryýar aga bilen söhbetdeş bolmak pikiri hyýalyma geldi. Telefon belgisini aldym. Iki-üç günden jaňlaşyp onuň bilen iş otagynda gürrüňdeş bolduk. Ilki bilen gysgajyk terjimehaly bilen tanyşdyk. Ol 1952-nji ýylyň 2-nji fewralynda Balkan welaýatynyň öňki Garrygala etrabynyň Gerkez geňeşliginiň Magtymgala obasynda doglandygyny, dogduk mekanyndaky 2-nji orta mekdepde orta bilim alandygyny, 1969-1973-nji ýyllar aralygynda Daşkentdäki teatral çeperçilik institutda okandygyny hemem «teatr we kino aktýory» bölümini tamamlandygyny aýtdy. Soňra bir ýyl Arhangelskide harby gullukda bolupdyr. 1974-nji ýyldan 1980-nji ýyla çenli öňki Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda režissýoryň assistenti we režissýor wezipelerinde işläpdir. Moskwa şäherinde ýerleşýän režissýorlaryň kämilleşdiriş institutynda dünýä belli kinorežissýor Artur Peleşýandan tälim alypdyr. Otuzdan gowrak dokumental hem çeper filmleri surata düşüren halypa kinorežissýor şol filmleriň üç-dört sanysyndan başgalarynyň edebi esasyny-da özüniň ýazandygyny aýtdy. Halypa kinorežissýor Çaryýar aganyň döredijilikde özboluşly ýolunyň bardygyny köplenç döredijilik duşuşyklarda bolanymyzda kärdeşleri aýratyn nygtaýarlar. Ýöne, onuň filmlerini özüň görüp pikiriňi beýan etmek has gyzykly. Şonuň üçin ondan filmleriniň birnäçesiniň wideoýazgysyny göçürip bermegini haýyş etdik. «Yşk perwanasy ýa-da hyýaldaky hakykat», «Gara gije, ber sähere salamy» atly çeper filmi, «Söýgi duralgasy», «Pynhan adalar», «Köňül penjiresi», «Seniň halyň gölleri» dokumental filmi, «Syrly ataşlar»…

Öýe gelemsoň, ilki bilen Çaryýar mugallymyň döredijiligi hakynda dürli ýyllardaky metbugat sahypalarynda çap bolan makalalary, onuň bile işleşen tanymal kärdeşleriniň döredijiligi barada ýazan makalalaryny gaýtadan okap çykdym. Soňra-da kompýuterden onuň surata düşüren filmlerini gördüm. Öz-özüm haýran galdym. Aslynda şunça filmi bir oturyşyma görmek maňa gelişjek zat däl. Diňe juda göwnüme ýarap özüne çekse, onda şol film tamamlanýança görmesem ynjalamok. Diýseň täsirli filmler eken. Her bir pursatdaky täsin keşpler biygtyýar oýlandyrýar. Kelläm  dürli oý-pikirlerden dolup birsalym doňan ýaly bolup oturdym. Sebäbi filmiň juda inçelik bilen pikir ýöredilişi, keşp yzarlanyşy, gahrymanlaryň aýdýan sözleriniň duýgy bilen hereket sazlaşygynda surata düşürilmegi juda özüne çekiji. Iň esasy-da gysga wagtyň dowamynda uly many bermek, onda-da sungatyň dürli ugurlaryny özünde  jemleýän kino sungatynda tomaşaça talabalaýyk şekillerde ýetirmek ilki bilen režissýora bagly. Çaryýar aga hakykatdanam öz käriniň ussady eken. Baş gahrymanlaryň çagalygy, ýetginjeklik döwri, garrylygy biri-birine gabat gelýän artistleri saýlamak, olaryň janlandyran obrazlary bilen tomaşaçyny ynandyrmaklary aňsat iş däl. «Köňül penjiresi» atly filmde saz yşkyndaky gyzjagazyň milli saz sungatymyzyň läheňleriniň biri Nury Halmämmedowyň heýkeliniň öňündäki içgepletmesini biparh diňlemek mümkin däl. Şol pursat heýkel diýlende, ýöne bir daşdan ýasalan keşp däldigi hakynda oýlandyrýar. Saz sungatymyzyň ýaşajyk wekiliniň dünýäsi, gözlerindäki duýgusy sesi bilen aýdym ýaly sazlaşýar. Ölmez-ýitmez eserleri bilen halkyň kalbyna giren şahsyýetleriň nusgalyk ömür bakylygynyň asyrlara uzap barýan ýollary hakynda oýlandyrýar. «Olar aramyzda ýaşap ýörler. Ömrüňe bakylyk bagyş etmek üçin ylahydan berlen zehiniňe ikilik etmän sungatyňa halal hyzmat etmeli»… Ynha, ýene bir film «Söýgi duralgasy» hakynda. Aslynda ol film dramaturg Aşyr Mämiliýewiň pýesasynyň äheňinde Çaryýar mugallymyň öz ýazan ssenariýasy esasynda surata düşürilen. Aşyr aganyň ol pýesasyna sahnalaşdyrylan oýna öň tomaşa edipdim, ýöne edil şu film ýaly täsir etmedi. Filmiň başynda halypa kinorežissýor Orazmyrat Gummadowyň garran wagtyndaky duran keşbi bilen başlanmagy, şeýle-de filmiň soňunda-da ýene Gummadowyň şol keşbiniň duranlygy bilen tamamlanmagy Orazmyrat aganyň ýaşlyk döwri hakynda ýazylan ýaly diýen pikir döretdi. Iň esasy zat şol film häzir ençeme keşpleri döredip adygyp barýan ýaş artisleriň entek talyp döwürlerinde oýnan keşpleri hasam duýguly beýan edilip, şägirt ýetişdirmekde Çaryýar mugallymyň juda uly hyzmatynyň bardygyny subut edýär. Kino aktýorlygy bilen, teatr aktýorlygynyň tapawudyny ýaşlaryň kino diliniň üsti bilen tomaşaça düşündirýär.

Çaryýar Seýidow ilki Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynda işlän wagtynda «Gulanjyk we ýyldyzjyk» atly çagalar üçin çeper filmi surata düşürmek üçin «Türkmentelefilme» komandirowka iberýärler. Şol filmi baş režissýor Haýyt Ýakubow bilen surata düşürýär. Soňra ol «Topraga dolanmak» atly dokumental filmi surata düşürýär. 1982-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň tanymal kolhoz başlyklarynyň biri hakynda düşüren bu filmi onuň kinorežissýor hökmünde ilkinji özbaşdak surata düşüren filmi. Bu filmleriň ikisem iň gowy film hökmünde Türkmen Sowet ensiklopediýasyna girendigi barada arhiw maglumatlarda bar eken. Endigime görä kinorežissýoryň arhiw suratlaryny synlamaga başladym. Ol: «Ýazyjy Anna Paýtygyň eseri esasynda kinorežissýor Kakow Orazsähedowyň surata düşüren «Ýurt eýesi» çeper filmini görüpmidiňiz?» diýip sowal berdi. Hawwa-la. «Ýat ýerlerde galdy, merdiň mazary. Bezedi güller ony hem gyşyň gary…» diýip filmdäki ajaýyp aýdymy ýatladym. «Şondaky  öýlenýän ýigit Wepalynyň keşbini men janlandyrdym» diýip, filmde düşen suratyny elime uzatdy-da, halypasy Kakow Orazsähedowy ýagşylykda ýatlap, özüniň şol filmiň dowamynda režissýoryň kömekçisi wezipesinden başlap, ikinji režissýor derejä çenli ýetendigini aýtdy. Filmde kino sungatynyň beýik-beýik ussatlary bilen işleşendigine, olaryň halypalyk mekdebinde kämilleşendigine göz ýetirdik.

Çaryýar aga: «Seniň halyň gölleri» atly dokumental filmi surata düşürenimden soň film maňa uly üstünlik getirdi. Her ýylda «Türkmentelefilmiň» tabşyrmaly plany bardy. Öňki SSSR döwri ýylyň dowamynda surata düşürilen filmlere ýörite Moskwada syn berlip iberilýärdi. Ýigrimi töweregi film üçin üç sahypalyk ýazylan synyň bir ýarym sahypasynyň diňe «Seniň halyň gölleri» atly filmim üçin öwgüli sözler bilen beýan edilmegi hemem kärdeşlerimiň arasynda geçirilen ýygnakda okalmagy ýadymdan çykmajak ýatlama boldy. Şol ýazgy arhiwde bardyr. Halypam kinorežissýor Hojaguly Narlyýew bolsa münberde çykyş edip: «Dogrusy şu filmde ullakan açyş görmedim, ýöne men bu filmi görenimde gözüme ýaş aýlandy» diýdi. Şondan soň meni SSSR kinobirleşiginiň agzalygyna kabul etdiler. Men Hojaguly Narlyýew bilen kino surata düşürmedim, ýöne onuň bilen Türkmenistanyň kinematografiýa birleşiginde on ýyla golaý işleşdik. Orunbasary bolup, guramaçylyk işlerini alyp bardym» diýip gürrüň berdi. Onuň arhiw ýazgylarynyň arasynda «Sungaty nädip gözegçiliksiz hususy eýeçilige berip bolar?» diýen sowalyň jogaby hökmünde 1989-njy ýylda ilkinji hususy kinostudiýa açanlygy barada resminamasy bar eken. Häzirki wagta çenli işläp gelýän «Mekanfilm» hususy kärhanasynyň salgysyny okap görsem öýümizden uzakda-da däl eken. Ol ýerde şu günler Şöhrat Mülkiýewiň «Ah, söýgi, söýgi» atly hekaýasynyň äheňinde ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan film surata düşürilýän eken. Çaryýar mugallymdan filmlerine halypalaryň beren bahasy hakynda soradym. Ol: «Bir gün hususy kärhanama halypa kinorežissýor Hojaguly Narlyýewi çagyrdym. Oňa Mäne baba hakynda surata düşüren filmimi görkezmek üçin kompýuteri açyp goýdum. Özüm bolsa gapynyň agzynda kiçijik yş goýdum-da daş çykdym. Gapynyň daşyndan bildirmän onuň kino görüp oturşyny synladym. Bir elini maňlaýyna diräp kompýutere seredip otyr welin, «Kino görüp otyrka uklan bolaýsa» diýip şeýlebir alada galdym. Sebäbi şeýle ýagdaý bolsa, kinorežissýoryň işiniň şowly bolmanlygy. Sagat tutup, 45 minut wagtyň geçerine howlukdym. Filmiň dowamlylygy 45 minutdy. Ahyry wagt boldy. Ýaýdanyp-ýadanyp gapyny açdym. Ol gös-göni gözlerime seredip: «Bäh, Arşyň owazyny eşitdim» diýdi. Maňa ondan uly baha ýok. Üstümden ýüküm aýrylan ýaly boldy». Çaryýar aganyň bile işleşýän döredijilik işgärleri hakynda gyzyklanyp, olar bilen surata düşüren filmlerini öwrendim. Ýazyjy Ahmet Halmyradow bilen bile işleşýän eken. Onsoň Ahmet aga jaň edip ondan Çaryýar Seýidowyň döredijiligi barada soradym. Ol: — Çaryýar Seýidow bilen 80-nji ýyllardan bäri dost. Ol şo wagtlar kinostudiýada işleýärdi. Şonda kinoçylaň döredijilik duşuşygy geçirilýärdi. Osman Öde, Kömek Kulyýew, Annagurban Aşyr, Guldurdy Sähetdurdyýew dagy hemmämiz deň-duş. Şol duşuşyklarda tanyşdyk. Bilelikde «Men seni söýýärin, Watan!» atly okuw gollanma taýýarladyk. Gollanma giren ssenariýalarymyz talyplar tarapyndan öwrenilýär. «Hata hasabaty»,  «Garaýag», «Yşk perwanasy», «Guş göçünden galmasyn!» atly filmlerimiz döwlet gözegçilik toparyndan geçip ygtyýar berildi. Käbir filmlerimiz indi surata düşürilmeli, käbirleri eýýäm surata düşürildi. Çaryýar Seýidowdan  kino sungatyndan kän zat öwrendim. Ol maňa kino dilini öwretdi. Bilelikde Mäne baba hakynda ýazan ssenariýamyza film surata düşürildi. Film surata düşürilýän wagty iş pursadynda köplenç onuň ýanynda boldum. Ol tebigat gözelliklerini inçelik bilen ýiti duýýar. Haýran galmaly. Bir gezek tüweleýi surata düşürmeli boldy. «Aý, öň bir kinolardaky tüweleýiň ýazgysyny ulanaýarlar» diýdim. «Ýok, türkmeniň öz tüweleýi bar» diýip ylgap ýörşüne şaýat boldum. Ulagda bile barýas welin, «Soň bir ýerlerde gerek bolar» diýip çägäniň akyp barýan pursadyny surata düşürýär. Filmde biz ýazyjy hökmünde pikir yzarlaýas, ol režissýor bolansoň şekil yzarlaýan eken. Özem diýseň okumyş adam. Türkmeniň gadymy, şöhratly geçmiş taryhyny düýpli bilýär. Ol ýurdumyzyň häzirki beýik ösüşleri, bu ugurda hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan işleri hakynda energetika, nebit-gaz bilen bagly kän dokumental filmleri surata düşürdi. Onuň ýaşlyk ykbaly gyzykly geçdi. Beýik-beýik sungat wekilleri bilen işleşdi. Olaryň zähmet hem durmuş tejribesinde terbiýelenip halypalyga ýetdi. Ýanynda otursaň Alty Garlyýew, Hojaguly Narlyýew, Artyk Jallyýew, Polat Mansurow, Osman Saparow, Taňryguly Seýitgulyýew, Oguljan Nyýazberdiýewa, Ata Döwletow, Hommat Müllük, Baba Annanow ýaly ençeme halypalar hakynda kän gyzykly gürrüňler berýär. Öň onuň režissýorlygyna gaty bir üns bermändirin. «Yşk perwanasy» filmi surata düşürýärkä şeýle bir waka boldy. Filmi surata düşürip dur welin, aňyrdan Mäne baba ýöräp gelýä. Birden «dur saklan!» diýdi. Näme üçinkä?diýsek aňyrda mermer daşyň ýüzüne Mäne babaň kölegesi düşýän eken. Ol: «Mäne babaň şol daşyň ýüzündäki keşbini surata aljak» diýdi. Biz asyl şony duýmandyrys. Daşyň ýüzündäki keşbem öçügräk. Emma ol mermer daşyň ýüzüne bir bedre suw sepdi welin ýalpyldap dur. Öňden dost bolsagam režissýorlygyňa kän bir pisint edemokdym, ýöne şu pursatdan soň saňa göwnüm ýetdi. Berekella! diýip sag bolsun aýtdym. Ol: «Döredijilikde ahyry bir ýerde dünýägaraýşyňy ykrar edýärler. Haçandan bäri dost bolsagam siziň režissýorluk başarnygyma ýiti ykrarnamaňyzy duýmadym. Duýgy bilen beren bahaň, sarpaň has artmagy begendirdi» diýdi. Hakykatdanam şol pursatdan soň Çaryýaryň režissýorlyk başarnygyna göwnüm ýetdi. Çaryýar gaty işeňňir hemem talap ediji. Ýüregi ýuka, hemmä kömek edesi gelýär. Onuň bu häsiýeti ejizlik dälde mertlik. Özem ýönekeý zatdanam täzelik tapmagy başarýar. Döredijiligiň aýratynlygam şonda. Ol «Sap altynyň özi sen» atly çeper publisistik filmi surata düşürdi. XVIII asyryň wakasyndan söhbet açýan film. Şol filmde türkmen nebitiniň taryhy yzarlanýar. «Nobel baýragy» diýib-ä eşidensiňiz. Ana, şol Nobeliň doganynyň Sankt-Peterburgda ýarag zawody bar eken. Ol tüpeňiň gundagy üçin agaç gözläp Kawkaza gelende nebit guýularynyň gazylýan iş pursadyna gabat gelýär. Nebit ýataklaryny gözlemekdäki iş pursady onda şol ugurdan işlemäge höwes döredýär. Onsoň ol özüniň ýarag almak üçin niýetlän puluna nebit guýusyny gazýan tehnika satyn alýar. Bu barada Çaryýaryň özünden sorasaňyz has gyzykly gürrüň berer» diýdi. Çaryýar mugallyma Ahmet aganyň aýdan şeýle öwgüli sözlerini aýdanymda ol: Ahmet Halmyrat «türkmeniň Çehowy» diýlip baha berilýän ýazyjy. Dünýä edebiýatynyň meselesi gysga wagtda köp manyny bermek. Ahmediň 3-4 setirlik hekaýalary bar. «Edebiýat we sungat» gazetinde çap bolýan «Kerwensaraý kyssalaryny» okadym. Diýseň gowy. Uly zadyň nazaryndan köp many açýar. Onuň bilen bilelikde ýazan ssenarialarymyz kän. Belki, okap görersiňiz? — Durna bilen  adamlaň gatnaşygy beýan edilýän «Guş göçünden galmasyn!» ssenariaňyz-a okanym ýadyma düşýä. Aslynda durnalar asmanda hatar bolup uçýarlar. Diňe hataryň öňündäki serkerde durna gözleri açyk uçýar, galan durnalaryň gözleri ýumuk. Olar diňe serkerde durnanyň ganat kakyşynyň sesinden ugur alyp uçýarlar. Eserde bir durna ýaralanyp ýere gaçýar. Garly aga diýen çopan durnany halas etjek bolýar ýöne, barybir halas edip bilmeýär. Şonda Garly çopan asmandaky hatar barýan durnalaryň arasyndaky boşlugy synlap: «Belki, şol boşluk meň ýerimdir…» diýýär. Özüni tebigat bilen baglan çopanyň aýdýan sözleri gaty täsirli. — Bu film indi surata düşürilmeli. Ahmediň gürrüň beren filmi hakynda bolsa ynha, şulary aýdasym gelýä. Taryhçy Öwez Gündogdyýew bilen kärdeşim Saparmuhammet Jallyýewiň ssenariasy esasynda filmi surata düşürmek ynanyldy. Filmiň mazmunyny baýlaşdyrmak, ösdürmek üçin gözlegde gezip ýörkäm Orsýetde bir tanşymdan dünýäň nebitçiliginiň taryhyndan ýazylan kitap aldym. Kitaby okap onsoň filmi surata düşürmäge girişdim. Kitaba-da salgylandym, ýöne kän ýerlerde bolup, bu ugurdan ýazylan makalalary okap, telegepleşikleri görüp toplan maglumatlarymy-da filmde ulandym. Filmiň wakasynyň simwoliki manysy bar.  Ol hem Nobeliň pikiriniň üýtgemegi hemem onuň ýarag öndürýän kärhanasyny togtadyp, girdejili hem adam üçin peýdaly işe gönükdirmegi. Kawkazda bu ugry öwrenip soň ol Türkmenistana gelýär. Kaspiniň gündogaryna geçip şol döwrüň ýönekeýje tehnikasy bilen guýy gazýar. Şo ýerden çykan nebiti 12 kilometre çenli agaçdan ýasalan turba arkaly akdyrylyp parahodyň üsti bilen amatly ýerlere ugradylypdyr. Ine, şol iş hereketleriniň yzy häzirem bar. Şol guýynyň gazylanyna bir ýarym asyra golaý wagt geçen, emma entegem ýeri öz-özünden bulkuldap dur. Öz ýanymdan: «Şu ýerde Nobeliň ady bilen açyk asmanyň astynda muzeý döredilse, jahankeşdeleriň kän geljek ýeri bolar» diýip pikir edýän. Sebäbi näçe ylma, edebiýata ýardam berip ýören Nobeliň fondy häzirem işläp dur» diýip pikirini aýtdy welin, Ahmet Halmyradowyň: «Çaryýar döredijiliginde täzelik tapýar» diýen sözüniň mamladygyna onuň diňe şu pikirindenem göz ýetirip bolýar. Hakykatdanam onuň ýurdumyzyň syýahatçylyk ugruny ösdürmek baradaky bu pikiri täzelik, täze açyş. Dünýä belli Nobeliň ady bilen şeýle muzeý döredilse jahankeşdeleriň ol ýeri görmäge höwes etjekleriniň kän boljagyna men-ä ynanýan.  Çaryýar aga: «Gahryman Arkadagymyzyň Prezidentlik wezipesindekä täze nebit-gaz ýataklarynyň açylyş dabarasyna ak pata berip duran pursady bilen filmi bezedim hemem bu pudagyň geljekki ösüşlerine Döwletimiz tarapyndan berilýän giň mümkinçilikleriň täsiriniň uludygyny film arkaly açyp görkezmäge çalyşdym» diýip gürrüň berdi. Onuň arhiw ýazgylarynyň arasynda «Arzyman» atly doly göwrümli çeper filminiň ssenarisine ýazylan synlar bar eken. «Ilkinji nobatda aýdylmaly zat dünýä edebiýatynda beýik söz ussady hökmünde ykrar edilen, türkmeniň göz guwanjy Magtymguly Pyragynyň kino sungatynda çeper keşbini döretmeklige täzeden synanyşmak, täzeçe çemeleşmek örän jogapkärli, hut şonuň üçinem köptaraplaýyn taýýarlykly bolmagy talap edýän döredijilik zähmetidir. Awtoryň bu işi özüne wezipe edinmegi uly batyrgaýlykdyr. Şeýle-de bolsa, bu töwekgelçilikli işiň başyna barmaga awtoryň aýgyt etmeginiň, elbetde, ýeterlik sebäpleri bar. Türkmen kino sungatynyň gözbaşynda duran meşhur halypalaryň elinde işläp baý tejribe toplan, bu ugurdan köp hyzmatlary bitiren kinorežissýor, ssenariçi Çaryýar Seýidowyň bu täze işi beýik şahyryň çagalyk ýyllaryny şöhlelendirmäge bagyşlanypdyr. Bu ilkinji täzelik, ilkinji synanşyk gyzykly hem gutlamaly ýagdaýdyr. Uly alym, ulama hem şahyr Döwletmämmet Azadynyň maşgala durmuşy, bu maşgalada geniý şahyryň dünýä inmegi… Magtymgulynyň çagalyk ýyllarynyň adatylygy we geň-taňlyklary göz öňüne geler derejede çeper beýan edilýär. Ylym ussady Azadynyň rowaýat kysmy keşbi, onuň körpe zürýady ýakyn dost mysalynda gatnaşyk saklaýşy, tebigatyň gözellikleri, ynsanyň hem tebigatyň birek-birekden ybrat alyş derejedäki sazlaşygy arasy üzülmeýän tertipde täsin epizodlaryň düzümini emele getirýär. Bu eseriň ynandyryjylykly hem gyzykly bolmagyna awtoryň hut Gerkez obasynda doglup, çagalyk ýyllarynyň hut şu obada geçenliginiňem oňa hemaýatkär bolandygyny inkär edip bolmaz. Arzuwy edilýän ynsanyň — Arzymanyň dünýä gelmegi hakynda gyzykly hem many-mazmunly söhbet açylýan bu ssenari boýunça film surata düşürilse biziň ýaş neslimiziň Magtymguly Pyragy baradaky düşünjeleriniň artmagyna, olarda Watana we onuň beýik ogluna egsilmez söýgi duýgusynyň joşmagyna sebäpkär boljakdygyna ynanýaryn».

Ahmet HALMYRAT, ýazyjy, Türkmenistanyň at gazanan  medeniýet işgäri.

Magtymgulynyň edebi mirasyny öwreniji, Atamyrat ŞAGULYÝEW bolsa, bu film barada şeýle ýazypdyr.

«Filmde esasy wakalar Döwletmämmet Azadynyň öýünde hem-de tabigatda bolup geçýär. Magtymgulynyň dünýä inişi, onuň şygryýet dünýäsine gadam urşy inçelik bilen yzarlanýar. Türkmen durmuşyna mahsus bolan inçe häsiýetler beýan edilýän her bir wakada açyp görkezilýär. Filmiň ahyrynda Magtymgulynyň daglara siňip, bakylyga öwrülişi bilen tamamlanýar. Bu ýagdaý häzirki döwür bilen baglanyşdyrylyp, beýik akyldara tagzym etmäge çagyryş bolup ýaňlanýar. Filmiň edebi esasy täsirli ýazylan. Bu filmiň şowly çykmagyna ynam döredýär». Şahyr, ýazyjy Öre Daşgynow  filmiň edebi esasynyň Annotasiýasy bilen  şeýle tanyşdyrýar.

«Çaryýar Seýidowyň «Arzyman» atly doly göwrümli çeper film üçin ýazan edebi esasy şüweleňli okalýar, okyjynyň ünsüni turuwbaşdan özüne çekýär.

Eseri ünsli okanyňda, awtoryň kino dramaturgiýa sungatyndan kämil baş çykar-ýandygyna göz ýetirmek bolýar. Eseriň esasy aýratynlyklarynyň biri, hem ssenariniň, hem-de režissurasynyň talaplaryny ödeýänligidir, ýagny ssenariý birbada ssenariçi ýazyjynyň we kino režissýoruň nukdaýnazary bilen çäklenenok, her setiriň, her sözlemiň aňyrsynda kino dramaturgiýanyň esasy talaplarynyň biri bolan janly hereket ýatyr, indiki sözlemde ol hereketler täze-täze şekillere sepleşip gidýär.

Awtor her bir epizodynyň näçe minut dowam etjekdigini we şol bölümde tomaşaçynyň göz öňünde täsin niçeme şekilleri janlandyrjakdygyny eýýäm görüp otyr.

Wakalaryň we şekilleriň Gerkez, Sumbar derýasy, Marawa depe, Soňydag, Hajygowşan, Dagdanly depe, Magtymgala, Zerzaw düzlügi, Şibli baba, Şeker çeşme, Mezitli çeşme, Şarlawuk, Dehistan ýaly anyk taryhy geografik ýerler bilen baglanyşykly teswirlenmegi awtoryň Magtymgulynyň ýaşan sebitlerini ilik-düwme bilýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi eseriň gadyr-gymmatyny hasam artdyrýar. Ýokarda atlary agzalan geografik ýerlerde görkezilýän «dag gämileriniň», «doňan dag bedewleriniň», güle beslenen dürli dermanlyk ösümlikleriniň, belentden inýän şaglawugyň şekilleriniň ssenariniň özeni bilen bitewleşip, tomaşaçyny biparh goýmajakdygyna ynanýarsyň.

Diýarymyzyň şular ýaly ajaýyp künjekleriniň beýik atamyz Magtymgulynyň ýaşlyk döwri bilen baglanyşykly görkezilmegi tomaşaçynyň estetik duýgularyny terbiýelemäge, şanly geçmişimize, Berkarar Watanymyza we onuň gözel tebigatyna söýgi döretmäge ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. Iň esasy-da, dünýä meşhur akyldarymyzyň çagalyk döwrüni, kemala gelşini seljermäge kömek eder. Göräýmäge, ýaşajyk Magtymgulynyň çagalygy adaty çagalaryň durmuşyndan kän bir tapawutlanyberenok. Olam edil beýleki çagalar ýaly oýun oýnaýar, ylgaýar, göreş tutýar, suwda ýüzýär. Ýapdan bökjek bolup, suwa ýykylyp ýatyr. Endamyňy awuşadýan ösümligiň üstünden böküp geçjek bolup, bedenini persala etdirip ýör, dowarlary enar bagyna girensoň, eýesinden tas gamçy iýipdi. Ýöne şonuň bilen birlikde-de onuň adatdan daşary ukyplary, ylahy zehini-de açylyp görkezilýär. Entek türkmen kino sungatynda Magtymgulynyň çagalyk döwri şular ýaly janly we işjeň görnüşinde surat-landyrylmady. Ssenariniň soňunda Magtymgulynyň keşbiniň dag gaýalaryndaky şekili bilen utgaşdyrylmagy esere özboluşly simwolik jemleme berýär we muny ajaýyp sungat tapyndysy hökmünde kabul edip bolar. Şonuň üçinem bu edebi esas ekranlaşdyrylsa, ussat pederimiziň şanly toýuna özboluşly sowgat bolar diýip tama edýäris».Ýazgylaryň arasynda ynha, şu bildirişem bar eken.

MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA                

                                                                       Aşgabat ş.                             

627751, 463773 kino «MEKANFILM» studiýasy

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň çagalyk döwrüne bagyşlanan «ARZYMAN» atly çeper filmi döretmäge girişdi. Awtor-režissýor Çaryýar Seýidiň kino topary Sizi filmiň önümçiligine gatnaşmaga            ÇAGYRÝAR!

 Akgül Saparowa

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri