Gaharjaňlyk — bu özüni alyp barşyň fiziki we dilden kimdir birine zyýan ýetirmeklige aýdylýar.
Gahar-gazaply, lapykeç agy, çaganyň isleýän zadyny alyp berilmändigini aňladýar. Gaharly hereketler bolsa onuň şol zada ýetmek isleýändigini aňladýar. Ýaşytdaşlarynda oýunjagyň barlygy sebäpli topulmak, dawa-jenjel çagada gahar 1 — 5 ýaş aralygynda döreýär.
Ir wagtdan çaga üns berip, oňaýsyz, ýaramaz häsiýetiniň öňüni almasaň, netijede gaharyň düýpli simwoliki görnüşleri bolan — diýen etmezlik, iňirdi, kejirlik ýaly häsiýetleriň döremegine getirmegi mümkin.
Agy, kesirlik, dişlemek, aýaklaryny tarpyldatmak 3 ýaşly çaganyň «işjeň gözlegine» bolan bilesigelijiligini gandyrmagyna ene-atanyň «bolanok» sözi bilen çäklendirilýär.
Oglanjyklarda — gyzmalyk, gaharjaňlyk, gyzjagazlarda bolsa agy, çirkin ses bilen gygyrmaklyk mekdebe çenli ýaşly çagalarda köp duşýar. Bu ýaşda oglanjyklar gyzjagazlara garanda has köp gaharjaň bolýarlar.
Ýetginjek oglanlarda ol fiziki güýç (topulmak, uruşmak, ýakalaşmak) bilen ýüze çyksa, gyzlarda dil bilen nägile bolmak (biriniň gybatyny etmek, tankytlamak, haýbat atmak, sögünmek) ýaly ýagdaýlarda döreýär.
Bu hemişe erbetmi?
Hemişe beýle däl. Gaharjaňlygyň hem özüne ýetik durmuş üçin gowy, sagdyn taraplary-da bar. Olar talapedijilik, maksada ýetmek üçin kesirlik, ýeňişe bolan ymtylyş, maksada okgunlylyk, kynçylygy ýeňip geçmek üçin peýdalydyr, ýöne çenden aşa bolmaly däldir. Şonuň üçin geçirilýän terbiýeçilik çäreleri çaganyň häsiýetinden gaharjaňlygy doly terk edýän, ýok edýän äheňde bolmaly däldir.
Gaharjaňlygyň ýüze çykmagyna biologiki faktorlar (nerw ulgamynyň aýratynlygy, nesilden-nesle geçijilik, biohimiki faktorlar) sebäp bolup biler.
Haçan lukmanyň kömegi zerur?
Şeýle ýagdaýlarda gaharjaň çaga ýöriteleşdirilen kömege mätäç:
- 5 ýaşdan uly çaga beýleki çagalary, haýwanlary gynamakdan, ejir çekdirmekden lezzet alanda, keýpi çaglananda (bu görnüş seýrek bolup, hökmany psihonewropotologyň ýöriteleşdirilen bejergisine mätäçdir);
- Has işjeň, çeýe çaganyň gaharjaňlygy bolan halatynda;
Şeýle çagalar biynjalyk, gaharjaň, her bir zat gaharyny getirýär. Bu bolsa göwne degmek, gaty görmek ýaly ýagdaýlara getirýär. Onuň özüni alyp barşy hyjuwlylygy, pikirlenmän edilen hereketi, gadagan edilenleri bozmagy bilen tapawutlanýar. Çaga aslynda ýürekden söýmegi gowy görýän, sypaýy, sahy bolup biler. Ýöne biohimiki deňagramsyzlyk, kelle-beýniniň bardasy onuň özüni alyp barşyny çendenaşa ýokary işjeň edýär. Ony sazlamak bolsa lukmanyň aladasyna öwrülýär. Çagadaky gaharjaň häsiýet psihofiziki ösüşindäki aýratynlyklar bilen hem bagly bolup bilýär.
Ene-atalara maslahat
- Çaganyň gaharjaň bolmagynyň öňüni almagyň esasy sebäbi oňa söýgi bilen garamakdyr.
- Ene-atalar çaganyň gaharjaň bolmagynyň sebäbine düşünmäge çalyşmalydyrlar hem-de wagtynda öňüni almalydyrlar.
- Çaga özüniň energiýasyny çykarmaga mümkinçilik döretmeli. Çendenaşa işjeň çaga işsiz, hereketsiz oturmagyna ýol bermäň, goý, ol deň-duşlary bilen oýnasyn, energiýasyny gowy, imi-sala (sport, ylmy gurnaklar we ş.m) güýmenjelere sarp etsin.
- Görýän filmlerinden, multfilmlerinden uruş, sögüş, gahar-gazap ýaly sahnalar bolsa olary çäklendiriň.
- Çaga deň-duşlary bilen dost tutunmagy öwrediň. Bilelikdäki sapaklarda çagalar köpçülige niýetlenen derejäni öwrenýärler.
- Fiziki temmi bermelerden saklanyň;
- Çaga dogry, netijeli, hoşniýetli şahsy özüni alyp baryşyň mysalyny görkeziň. Olaryň ýanynda gaharlanmak, gazaba münmek, masgaralanmak, ar almak ýaly gürrüňleri etmekden saklanmaly;
«Gaharjaňlygyň» bejergisi
Çaganyň gaharjaň häsiýetiniň bejergisi edil ene-atalara berilýän maslahatlar ýaly sebäpler bilen bejerilýär. Şeýle häsiýetli çagalara ýekeje ýakymly söz onuň gaharyny ýatyryp biler. Gaharjaňlykdan köp babatda çaganyň diňe özi kösenýär. Sebäbi ol ene-atasyndan, ýakynlaryndan öýkeleýär, dostlaryny ýitirýär, hemişe jany ýangyn ýagdaýda we köplenç gorkuda gezýär. Bularyň ählisi çagany betbagt edýär. Üns we alada, ýyly mähir şeýle çagalaryň iň peýdaly emi, dermanydyr. Şeýle yhlaslar gowy netije bermese, onda öz ugrundan ýöriteleşen lukmanlara — psihoterapewt, psihonewrolog, psihologa ýüz tutmagy unutmaň!
Goý, çagalar her pursatda ene-atasynyň özüni söýýändigini, oňa guwanylýandygyny duýup, özüniň gereklidigini bilip gezsin!
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!