TESWIRLER

Çaga diýeniňi däl, edeniňi gaýtalar

«Çagam mähirli bolsun, ýalan sözlemesin, işeňňir bolsun, kitap okasyn» diýseňiz, oňa görelde boluň. Sebäbi çaga diýeniňizi däl, edeniňizi gaýtalar…

Görelde bolmak

Her ene-ata çagasy üçin dünýäniň ähli gowulyklaryny islär. Hat-da perzendiniň durmuşynyň özüniňkiden hem gowy bolmagyny isleýär. Öz durmuşyndaky «bärden gaýtmalaryň» çagasynda gaýtalanmagyny islemez. Her bir ene-ata terbiýeli, işeňňir, köpçüligiň sylagyna mynasyp bolan, ilhalar we buýsanyp biljek perzent ýetişdirmek isleýär.  Howa, her bir ene-atanyň öz çagasy üçin niýetlenen arzuwlaryny bir makalada beýan edip bolmaz. Ýöne iň bolmanda «oňat gylykly» perzent ýetişdirmek üçin, çagaňyzda nähili gylyklaryň kemala gelmegini isleseňiz, ilki bilen özüňiz görelde boluň.

Size seredip öwrener…

Howa, psihologlaryň hem aýdyşyna görä, çaga dünýä inen gününden başlap, önüp-ösýän şertlerine, eşidýän sözlerine, görýän hereketlerine görä kemala gelýär. Soňra ulaldygy saýy çagalar bagynyň we mekdebiň täsiri hem ýüze çykyp başlaýar.  Emma käbir ene-atalar özüniň halamaýan hereketini çagasynda göreninde, oňa käýemekden öňürti öz-özüne «haýsymyzdan gördükä bu hereketi» diýen soragy özüne bermeli. Az salym pikirlense, jogabyny hökman tapar…

Kitap—terbiýäniň naýbaşysy

Özüňiz kitap okaman, çagaňyzdan kitap okamagyny talap etmäň. «Perzendime haçan kitap okap berip başlamaly». Köp ene-ata bu sorag bilen yzygiderli ýüzleşýärler. Çagaňyz bilen näçe ir kitap okap başlasaňyz, netijesini hem şonça-da ir görersiňiz. Kiçi çagalara kitap okap bermek, gyzykly ertekileri gürrüň bermek olar bilen ýakynlaşmagyň iň netijeli ýoludur. Olaryň ertekiler bilen gurşalan dünýäsine aralaşmak körpelerimiz üçin zerurdyr. Olary ruhy taýdan terbiýelemek üçin çaganyň enäniň göwresinde galan ilkinji günlerinden başlap, onuň gulagyna ýakymly gürrüňler aýdyp bermelidir, gürleşmelidir. Entek çagaka, olara aýdylýan we endik edilýän her bir zat, olaryň kişiliginiň emele gelmeginde täsiri uludyr.

Söýgiňizi we mähriňizi görkeziň…

Perzendiňize mähriňizi elmydama berip duruň. Olar söýgini, mähri, agzybirligi, gerekliligini duýup ýaşamaly. Diňe göreldeli hereket edeninde olara mähriňizi görkezmäň, sebäpsiz olary söýüň. Ýogsam çagalarda «Eger-de üstünlik gazanmasak, bäşlik bahany almasak, bizi ene-atamyz söýmez» diýen ýaly gereksiz duýgulary başdan geçirmegine sebäp bolmaň. Perzendiňizi bolşy ýaly söýüň we olar muny duýsunlar.

Perzentleriňize ynanyň

Çagalara ynanmak we olary goldamak örän möhümdir. Perzendiňiziň her bir hereketinden şüphe duýmak, ynanmazçylyk etmek olary ruhdan düşürer. «Saňa ynanýaryn, sen başararsyň» diýen sözler çagany ruhlandyrýar, özüne bolan ynamyny artdyrýar.

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri