SIZDEN GELENLER

Bütindünýä welosiped güni

Iki asyr bäri ulanylýan ýönekeý, ygtybarly, ekologiýa taýdan arassa we amatly ulag görnüşi bolan welosipediň özboluşly taryhy bolup, onuň giňden ulanylyşy daşky gurşawa hormat goýmaga we saglygy goramaga goşant goşýar. Bulary nazara almak bilen, BMG-niň halkara günleriniň senenamasynda 3-nji iýun aýratyn orun aldy. Netijede, BMG-niň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek kararyna geldi.

Fiziki işjeňligi ýokarlandyrmak: pyýada we welosiped sürmek

BMG-nyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň hasabatynda ýaşaýjylaryň, ähli pyýadalaryň we welosiped sürýänleriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin maýa goýmagyň peýdalary kän, ol adamlary dürli kesellerden halas etmäge, daşky gurşawy goramaga ýardam berýär. Emma köp ýurtlarda olaryň zerurlyklary henizem hasaba alynmaýar diýilýär.

Bu zerurlyklary kanagatlandyrmak ilkinji nobatda daşky gurşawyň arassa bolmagy bilen baglanyşykly ekologiýa täsir edýän zyňyndylary azaltmak, howanyň arassalygyna we ýol howpsuzlygyna gözegçilik etmek ýaly hereket meselesini çözmegiň möhüm bölegi bolup durýar.

Welosiped “durnukly transportyň nyşany”, sagdynlygy gorap saklamak üçin sporty ösdürmek bilen bir hatarda  pyýada ýöremegi, welosiped sürmegi we beýleki  çäreleriň geçirilmegini üpjün etmek jemgyýetiň abadançylygyny we sagdyn ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrar. BSGG-nyň maglumatlaryna görä, fiziki işjeňlik saglyk we  ykdysady-durmuş ösüşiň köp peýdasyna eýe bolup, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem uly  goşýar.

 

Pirmämmet NURMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 

 

Ertir – köpçülikleýin welosiped ýöriÅŸi geçiriler

 

 

 

Ýene-de okaň

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat

Dil – giň dünýägaraýşyň açary

Ynsan saglygy – ýurdumyzyň baýlygy

Ýaşlaryň bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny