SIZDEN GELENLER

Bütindünýä sergisi tamamlandy

Ýakyn Gündogar sebitinde geçirilen dünýäniň iň iri tanyşdyrylyş çäresi – “EKSPO-2020” bütindünýä sergisi öz işini tamamlady. “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylyşy 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda öz işine başlapdy. Ol 6 aý dowam edip, 2022-nji ýylyň 31-nji martynda, ýagny 2 gün mundan öň dabaraly ýagdaýda ýapyldy.

4,3 inedördül kilometr meýdanda ýörite gurlan ägirt uly “EKSPO — 2020-niň» çäginde özboluşly binagärlik desgalaryndan — Bütindünýä sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň bölümlerinden ybarat bolan tutuş şäherçe emele gelip, onuň esasy konsepsiýasy serginiň «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygarynda öz beýanyny tapdy. Bütindünýä sergisine dünýäniň 190-dan gowrak ýurdy, dürli guramalar, gaznalar hem-de bilim düzümleri gatnaşmak bilen, ylym, tehnika, binagärlik we sungat ulgamlarynda gazananlaryny görkezdiler. Sergi “Mümkinçilik”, “Ykjamlyk” we “Durnukly ösüş” diýlip atlandyrylan ägirt uly bölümlere bölündi.

6 aýyň dowamynda bütindünýä sergisine tomaşa etmek üçin 23 million adam geldi. Birleşen Arap Emirlikleri bu sergini gurnamak üçin 8 ýyl taýýarlyk gördi. 2013-nji ýylda Dubaý şäheri “EKSPO-2020” sergisini geçirmek hukugyna eýe bolupdy. Bir ýyl yza süýşürilen sergi üçin emele getirilen iri şäherçä 7 milliard dollar gönükdirildi. Onuň taýýarlygy üçin 240 million sagat sarp edildi.

182 günüň dowamynda bütindünýä sergisiniň çäklerinde köp sanly çäreler we tanyşdyrylyş dabaralary guraldy. Dünýäniň ençeme ýurdundan myhmanlar kabul edildi.

Bütindünýä sergisi köp sanly oňyn netijeleri hem berdi. Ýüzlerçe şertnama we özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi. Şolaryň netijesi boýunça, köp sanly iri kompaniýalar Dubaýda öz wekilliklerini açmak baradaky meýilnamalaryny yglan etdi.

Bu ähli gazanylan netijeler döwlet-hususyýetçilik ulgamynyň halkara derejesinde ösdürilmegine öz saldamly goşandyny goşdy.

Biziň ýurdumyz hem köp ýyldan bäri şeýle iri ähmiýetli foruma ençeme gezek gatnaşdy. Türkmenistan öz sergisini ilkinji gezek Şanhaýda geçirilen «EKSPO — 2010» köpugurly forumynda görkezdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň Bütindünýä sergisine gatnaşmaga tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hoşniýetli başlangyç hökmünde garaýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň “EKSPO — 2020” sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady özygtyýarly ösüşiň 30 ýylynda dürli ugurlarda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

«Ykjamlylyk» atly tematiki zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň milli pawilýony hem köpleriň ünsüni çekdi. Ýurdumyzyň käbir neşirlerinde berlen maglumatlara görä, biziň pawilýonymyza gelen myhmanlaryň sany 625 798 bolup, günde gelip-gidýän adamlaryň sany 3500-e golaý boldy. Myhmanlaryň arasynda ýokary derejeli wekiller, ýolbaşçylar we diplomatlar bar.

Umuman, uly üstünlige beslenen bu sergi tamamlanyp, bütindünýä sergisiniň indiki geçiriljek ýeri bolan Ýaponiýanyň Osaka şäherine üstünlikler arzuw edildi. Ýaponiýanyň Osaka şäherinde 2025-nji ýylda bütindünýä sergisi geçiriler.

Guwanç Garajaýew,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHUnyñ talyby.

 

 

Oraza üçin amatly miweli desert

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty