DÜNÝÄ

Bu tortuň uzynlygy 6,5 kilometr

Hindistanda dünýä rekordyny täzelemek maksady bilen, uzynlygy 6,5 kilometre ýetýän wanil tort bişirildi. Ini bary-ýogy 10 santimetr bolan tort müňlerçe stoluň üstünde ýerleşdirildi.

Hindi metbugatynda aýdylyşy ýaly, bu ägirt uly süýjüligi taýýarlamak üçin 4 sagadyň dowamynda 1500 aşpez işledi. Torty taýýarlamaga 12 tonna un bilen şonça şeker gerek boldy.

Indi Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekillerine garaşylýar. Eger olar toruň uzynlygyny ykrar etseler, onda hytaýly aşpezlere degişli bolan ozalky rekord täzelener. Hytaýlylar 2018-nji ýylda 3,2 kilometrlik tort bilen dünýä rekordyny goýupdylar.

Related posts

Eýranyň Prezidentiniň ilkinji daşary ýurt sapary

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Kanada: syýasy geňeşmeler geçiriler

Taryhda şu gün – 12-nji sentýabr

Ata Watan Eserleri