Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada ilkinji gezek sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyň konstruktiw we köpýyllyk tejribesini nygtadylar.
Ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan ýylda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garaldy.
Taraplar dünýä möçberindäki bu çäräniň ähmiýetini nygtadylar we maslahatyň gün tertibi, protokol-guramaçylyk meseleleri, şol sanda Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalaryny taýýarlamak bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.
Söhbetdeşler bu çäräniň ulag we sanly arabaglanyşygy gowulandyrmak we dünýä ýurtlarynyň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini açmak arkaly durnukly ösüş, ekologiýa we azyk howpsuzlygy ugurlarynda anyk hereketler üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdiler. Munuň özi Türkmenistanyň milli bähbitlerine we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär.
500 milliondan gowrak ilaty bolan 32 sany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geografiki ýerleşişleri bilen baglanyşykly umumy wehimlere eýediklerini, munuň bolsa olaryň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsir edýändigini bellemek zerurdyr.